Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski ýesir koreýalylary ukrain ýesirleri bilen çalyşmaga taýýardygyny aýdýar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ýekemen lider Kim Çen Un Russiýada saklanylýan ukrainalylar bilen tussag çalşygyny gurnap bilse, ýesir alnan koreý esgerlerini Phenýana tabşyrmaga taýýardygyny aýtdy.

"Russiýada ýesir düşen esgerlerimiz bilen alyş-çalyşlaryny gurap bilse, Ukraina olaryň adamlaryny Kim Çen Una tabşyrmaga taýyn" diýip, Zelenski 12-nji ýanwarda sosial ulgamda ýazdy.

Şeýle-de, ol özleriniň awtoritar dolandyryşly watanyna dolanmak islemeýän islendik demirgazyk koreýa esgeri üçin "käbir başga ýollary" teklip etdi.

"Hususan-da, bu uruş baradaky hakykaty Koreýada ýaýratmak arkaly parahatçylygy ýakynlaşdyrmak isleýändigini aýdýan koreýalylar üçin şeýle mümkinçilik dörediler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrain prezidentiniň bu sözleri Günorta Koreýanyň Kiýewiň Demirgazyk Koreýanyň iki esgerini ýesir alandygyny aýdyp, Zelenskiniň we beýleki ukrain resmileriniň bir gün öň aýdan sözlerini tassyklan wagtyna gabat geldi.

"Ukrainanyň aňtaw gullugy bilen hakyky-wagt hyzmatdaşlygy arkaly ... [Günorta Koreýanyň Milli aňtaw gullugy] ukrain goşunynyň 9-njy ýanwarda Russiýanyň Kursk söweş meýdanynda söweşýän iki demirgazyk koreýa esgerini ýesir alandygyny tassyklady" diýip, Seulyň beýanatynda aýdylýar.

Bu habarlara ne Demirgazyk Koreýa, ne-de Moskwa düşündiriş berdi.

Ukrainanyň SBU aňtaw gullugy 11-nji ýanwarda hassahana düşeginde biri eli saralan, beýlekisi eňegi sargyly ýatan iki erkegiň wideosyony görkezdi.

Ukrain resmileri tussaglaryň Günorta Koreýanyň Milli aňtaw gullugy (NIS) bilen işleýän terjimeçiler arkaly gürleşýändiklerini aýtdy.

SBU 2005-nji ýylda doglandygyny aýdýan bir tussagyň sözlerine salgylanyp, onuň "Ukraina garşy uruşmaga däl-de, türgenleşige gelýändigine ynanandygyny" aýtdy.

SBU-nyň habaryna görä, beýleki erkek, eňeginiň ýaralanandygy sebäpli, jogaplaryny ýazmaga mejbur bolupdyr. Bu esger 1999-njy ýylda doglandygyny we Demirgazyk Koreýanyň goşunynda mergen bolandygyny aýtdy.

Zelenski telewideniýede berlen başga bir beýanatynda ýesir alnan iki esgeriň biriniň "Ukrainada galmak isleýändigini, beýlekisiniň [Demirgazyk] Koreýa" gitmekçidigini aýdandygyny aýtdy.

Ýesir alnan esgerleriň biri noýabr aýynda ýurda geleninden soň, rus goşunyndan tälim alandygyny aýtdy diýip, Günorta Koreýanyň aňtaw gullugy aýtdy.

"Ol başda tälim almak üçin iberilýändigine ynanypdyr, ýöne Russiýa geleninden soň näme üçin gelendigine düşünipdir” diýip, Günorta Koreýanyň aňtaw gullugy aýtdy.

Şeýle-de, aňtaw gullugy tussaglaryň biriniň “ukrain güýçleri tarapyndan tutulmazyndan öň dört-bäş günläp aç-suwsuz galandygyny” aýtdy.

Ukraina Russiýanyň elden gideren territoriýasyny yzyna almazlygy üçin Kurskda täze hüjümleri amala aşyrdy. Ukraina 2024-nji ýylyň awgust aýynda eden ýyldyrym çaltlygyndaky hüjüminde Kursk sebitiniň uly bölegini ele geçirdi. Bu Russiýanyň topragyna Ikinji jahan urşundan bäri edilen iň uly hüjüm boldy.

Demirgazyk Koreýa geçen güýz, rus güýçlerine goldaw bermek üçin, Kursk sebitine takmynan 11,000 esgerini iberdi. Moskwa elden gideren territoriýasynyň 40 göterimine golaýyny yzyna aldy, emma ukrain goşunlary Kurskda şindem 500 inedördül kilometrden gowrak meýdany elde saklaýar we, Phenýanyň esgerleriniň uly ýitgi çekendigi aýdylýar.

Zelenski 23-nji dekabrda 3000-den gowrak esgeriň ýa-da Demirgazyk Koreýanyň Russiýa iberilen ýörite güýçleriniň dörtden bir böleginiň öldürilendigini ýa-da ýaralanandygyny aýtdy, ýöne subutnama görkezmedi.

Ak tamyň metbugat sekretary Jon Kirbi 27-nji dekabrda žurnalistlere Demirgazyk Koreýanyň front liniýasynda agyr ýitgi çekýändigini aýtdy we, bir hepdäniň içinde olaryň Kursk sebitinde 1000 töweregi esgeriniň öldürilendigini ýa-da ýaralanandygyny öňe sürdi.

Forum

XS
SM
MD
LG