Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasy 12-nji fewralda Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna resmi derejede gözegçilik etjek ýeke-täk halkara guramasydyr. Guramanyň gözegçiler missiýasy 25-nji ýanwarda Aşgabatda öz ştabyny döredip, işe başlady.
7-nji fewralda GDA-nyň missiýasy öz gözegçileriniň düzümini gutarnykly kesgitlänligini habar berip, Türkmenistanda saýlawlara görülýän taýýarlyklar barada özüniň ilkinji bahalaryny aýan etdi.
GDA tarapyndan Türkmenistandaky saýlawlara jemi 63 synçy gözegçilik eder. GDA-nyň gözegçiler missiýasynyň Aşgabatdaky ştabynyň resmi maglumatyna görä, GDA-nyň gözegçileri Türkmenstanyň saýlaw komissiýalaryna erkin baryp görýärler, saýlaw kampaniýasynyň gidişi barada zerur maglumatlary alýarlar, prezidentlige dalaşgärleriň ynanylan wekilleri, ses berijiler we ýerli häkimiýet wekilleri bilen duşuşýarlar.
Kemçilikler
Missiýanyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Slobodanyň sözlerine görä, GDA-nyň gözegçileri Türkmenistanda saýlawlara görülýän taýýarlyklarda goýberilýän kemçilikleri düzetmek boýunça maslahat hem berýär. Sloboda bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi:
—Tehniki taýdan kemçilikler boldy. Meselem, biz ses berişlik kabinalarynyň gözegçileriň göz öňünde bolmagy üçin nädip ýerleşdirilmelidiginiň usullaryny we şuňa meňzeş zatlary maslahat berdik. Bu kemçilikler ýüz ugruna düzedildi.
Türkmenistanda prezident wezipesine dalaşgär hökmünde ýurduň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde ýene 7 adam resmi hasaba alyndy.
GDA-nyň missiýasy olaryň öz saýlaw programmalaryny hödürlemekde deň hukuklardan peýdalanýandyklaryny aýdýar. Missiýanyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Sloboda dalaşgärleriň arasyndaky bäsdeşlige degişli kemçilikleriň bolup-bolmanlygyny aýtmady, emma ol dalaşgärleriň özleriniň hiç hili şikaýat etmänligini belledi:
—Biz prezidentlige dalaşgärleriň biri we beýleki dalaşgärleriň ynanylan wekilleri bilen duşuşdyk, olaryň hiç birisi saýlawlardan öňki agitasiýanyň guramaçylygyndan we alnyp barlyşyndan şikaýat etmedi.
Taýýarlyklara berlen baha
GDA-nyň missiýasy öz ýaýradan resmi maglumatynda saýlaw agitasiýasynyň “etiki kadalarynyň çäginde”, “sypaýy görnüşde” we “milli mentalitetiň hem däp-dessurlaryň hasaba alnyp” geçirilýänligini belledi.
GDA-nyň Türkmenistandaky saýlawlara gözegçilik missiýasynyň Aşgabatdaky ştabynyň Azatlyk Radiosyna habar berişine görä, guramanyň saýlawlaryň geçirilişine berjek jemleýji bahasy 13-nji fewralda yglan ediler. Şol bir wagtda-da gurama saýlawlaryň adalatly we demokratiýa laýyk geçirilmegi üçin görülýän taýýarlyklara häzir pozitiw baha berýär.
Dünýäniň köp ýurtlarynda saýlawlaryň geçirilişine gözegçilik edýän Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistandaky saýlawlara syn etmeýär.
“Dost gözi”
GDA guramasy özüniň türkmen saýlawalaryna syn etjek ýeke-täk halkara guramasy boljakdygyna kanagatlanma bildiripdi. Guramanyň ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew ýanwaryň başynda eden çykyşynda: “Biz GDA giňişliginde birek-biregi gowy tanaýarys. Biz birek biregi günbatarly synçylardan has gowy bilýänligimiz üçin, gözegçilik edenimizde has köp zady görýäris. Biz “öz öýümizde” bolansoň, bar zada dost gözi bilen garaýarys” diýipdi.
GDA-nyň 63 adamdan ybarat gözegçiler missiýasyna guramanyň Moldowadan başga ähli agza döwletleriniň wekilleri, şeýle-de GDA-nyň Parlamentara assambleýasy, Orsýet-Belarus birleşiginiň parlament bileleşigi we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti ýaly edaralarynyň resmileri girýärler.