Swetlana Alliluýewa 1967-nji ýylda, sowuk uruş dowam edýärkä, Sowet Soýuzyny terk edip, Amerika barypdy. Ol şonda öz merhum kakasy Iosif Stalini we Sowet Soýuzyny ýazgarypdy.
Swetlana bilen gatnaşykda bolanlaryň aýtmagyna görä, ol kakasyna bolan ýowuz gatnaşyklary sebäpli oňa bolan ysnyşykdan daşlaşyp, göze ilmän, özüniň şahsy durmuşy bilen ýaşamaga höwes edipdir.
Ýerli amerikan resmileriniň aýtmagyna görä, ABŞ-da Lana Peters ady bilen tanalýan Swetlana Alliluýewa 22-nji noýabrda 85 ýaşynda jan beripdir.
Amerikada içini dökdi
Swetlana Alliluýewa Birleşen Ştatlara baranda, 1967-nji ýylda Nýu-Ýorkda gurnalan metbugat-konferensiýasynda eden çykyşynda şeýle diýipdi: “Elbetde, men köp zatlardan näräzy. Meniň pikirimçe, heniz SSKP-niň Merkezi Komitetinde we Syýasy Býuroda oturan adamlaryň aglabasy edil meniň kakama ýöňkelýän günäler boýunça jogapkärçilik çekmeli adamlar. Meniň pikirimçe, bolup geçen elhenç wakalara, adam öldürmelere, bikanunlyga partiýa, režim we tutuş ideologiýa sebäp boldy”.
Ol özüniň durmuşy barada iki sany ýatlama kitabyny-da ýazypdy. Öz döwründe bu kitaplar Birleşen Ştatlarda iň köp satylan kitaplaryň hataryna girdi. Käbir maglumatlara görä, Swetlananyň ýazan kitaplary oňa uly möçberde girdeji getiripdir. Ol 1970-nji ýylda arhitektor Willýam Peterse durmuşa çykýpdy.
1953-nji ýylda, Stalin ýogalandan soň, Swetlana millionlarça adamyň ölümine sebäp bolan, şeýle-de syýasy terrory gurnan adamdan özüni çetleşdirmek niýeti bilen ejesiniň familýasyny, ýagny “Alliluýewa” familiýasyny alýar. Ol 1967-nji ýylda Birleşen Ştatlara gaçyp barýar. Bu Günbataryň, hususan-da Amerikanyň uly ideologiýa ýeňşi hökmünde häsiýetlendirilipdi.
Amerika baransoň, ol özüniň “Dostuma ýigrimi hat” atly ýatlama kitabyny ýazýar. Onda ol öz kakasy Stalin döwründe ýaşan günlerini beýän edýär.
Onuň “aralyk” pozisiýasy
Swetlana Alliluýewa kommunistik režimi tankytlap ençeme beýanat bilen çykyş etse-de, onuň bu ugurdaky garaýyşlary belli bir dejerede gapma-garşylyklydy. Ol 1984-nji ýylda Sowet Soýuzyna dolanyp bardy. Şonda onuň sowet graždanlygy – raýatlygy hem dikeldildi. Ýöne bir ýyl töweregi wagt geçensoň, ol yzyna – Amerika dolandy.
2008-nji ýylda surata düşürilen “Swetlana Swetlana hakynda” atly dokumental kinofilmde ol özüniň kakasynyň saýasynda ýaşamaklygyň näderejede kyn bolandygyny düşündiripdi.
Ol şonda, hususan-da, şeýle diýipdi: “Adamlar maňa ‘Staliniň gyzy, Staliniň gyzy’ diýip, barmak çommaldýarlar. Bu, meniň, duşman hökmünde, elime ýarag alyp, ähli amerikalylary oka tutmalydygymy aňladýan ýaly bir zatdy. Ýa-da, başgalar ‘Ýok, ol Amerika geldi, indi ol Amerikanyň raýaty’ diýýärler. Bu bolsa meniň elime atom bombasyny alyp, Orsýete garşy çykmalydygymy aňladýardy. Emma, aslynda, bu garaýyşlaryň hiç birem maňa degişli däl, men aram-ortalyk bir orunda. Meniň ‘ortalyk orundadygym’ bolsa, adamlaryň hiç aklyna syganok”.
Swetlana Alliluýewa öz ömrüniň dowamynda üç gezek durmuşa çykýar. 1945-nji ýylda ol Grigoriý Morozow bilen durmuş gurýar, bu nikadan onuň Iosif atly ogly bolýar. 1949-njy ýylda ol Ýuriý Ždanowa durmuşa çykýar we olaryň bir gyzy bolýar, onuň ady Ýekaterina. 1970-nji ýylda bolsa ol amerikan arhitektory Willýam Wesleý Peters bilen durmuş gurýar we bu nikadan Swetlananyň ýene bir gyzy bar, onuň ady Olga.