Gürjüstanda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň, Russiýa tarapdar “Gürjüstan arzuwynyň”, dolandyryjy partiýanyň ýeňiş gazanandygyny öňe sürmegi, ses berişligiň Moskwa tarapyndan galplaşdyrylandygyny, manipulýasiýa edilendigini aýdýan oppozisiýa goldawçylarynyň köpçülikleýin protest bildirmegi netijesinde, Birleşen Ştatlar, Kanada we Şwesiýa tankydy pikirleri aýtdy.
Kanada we Şwesiýa Gürjüstanyň iş başyndaky hökümetini nyşana alýan anyk çäreleri yglan etdi.
Şwesiýa Gürjüstanyň hökümeti bilen gönümel hyzmatdaşlygy bes edýändigini yglan etdi, Kanada bolsa Tbilisidäki häkimiýetler bilen gatnaşyklaryny täzeden gözden geçirýändigini aýtdy.
Şwesiýanyň ösüş hyzmatdaşlygy we daşary söwda ministri Benýamin Dousa Stokgolmyň Gürjüstanda bolup geçýän syýasy wakalardan "köpden bäri aladalanýandygyny" we Günbatar synçylary tarapyndan habar berlen bidüzgünçilikleriň bu aladalary tassyklaýandygyny aýtdy.
"Şu sebäpden hökümet häzir dowam edýän hyzmatdaşlygy, şol sanda Gürjüstanyň salgyt gullugy bilen dowam etdirilýän gönümel Şwesiýa-Gürjüstan hyzmatdaşlygyny togtadýar" diýip, Dousa aýtdy.
Şol bir wagtda, Şwesiýa Gürjüstanyň raýat jemgyýeti üçin takmynan 2,3 million dollar möçberinde serişde bölüp berer diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Kanadanyň Daşary işler ministrligi bolsa, ses berişlige gözegçilik eden halkara synçylarynyň habar beren ýagdaýlaryndan, "saýlawçylaryň gorkuzylmagyndan, sesleriň satyn alynmagyndan we saýlaw günlerinde bellige alnan beýleki bidüzgünçiliklerden" alada bildirdi.
“G7 we ýewropaly hyzmatdaşlarymyz bilen utgaşdyrmak arkaly, bu saýlawyň geçirilişini we netijelerini göz öňünde tutup, Kanada Gürjüstanyň ýolbaşçylary bilen gatnaşyklaryna täzeden baha berer. Gürjüstanyň ýolbaşçylary demokratiýa, adam hukuklaryna, kanunyň hökmürowanlygyna hormat goýsa we soňky demokratiýadan yza çekilmek meselesini çözse, Kanada Gürjüstan bilen hyzmatdaşlyga açyk bolar" diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.
ABŞ senatory, Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Ben Kardin (Demokrat-Meriländ) habar berlen bidüzgünçiliklerden "närahat we lapykeç" bolandygyny, bu habarlaryň Ýewropa bilen Birleşen Ştatlaryň Gürjüstanyň demokratýadan yza çekilýändigini "birnäçe gezek duýdurmagyndan soň" gelendigini aýtdy.
"Men saýlawdan soňky ýagdaýlara ýakyndan gözegçilik etmegimi we Baýden-Harris administrasiýasy bilen ABŞ-Gürjüstan gatnaşyklaryna berilmeli degişli jogaby kesgitlemek üçin işlemegimi dowam etdirerin" diýip, Kardin aýtdy.
Günbatar duýduryşlary “Gürjüstan arzuwy" bilen ylalaşmaýan prezident Salome Zurabişwiliniň ýurduň dolandyryjy partiýasyny rus ýasawyndaky taktikalary ulanmakda aýyplap, saýlaw netijelerini ykrar etmekden ýüz öwürmegi, on müňlerçe gürjüstanlynyň 28-nji oktýabrda köçe protestlerine çykmagy bilen utgaşdy.
26-njy oktýabrda geçirilen saýlawlaryň resmi netijeleri dolandyryjy “Gürjüstan arzuwy” partiýasyna hökümete gözegçiligini saklamak üçin 54% -den gowrak ses berdi.
"Siz saýlawda ýeňilmediňiz" diýip, Zurabişwili 28-nji oktýabr agşamy protest bildirmäge çykan müňlerçe demonstranta ýüzlenip aýtdy. "Olar siziň sesleriňizi ogurladylar we siziň geljegiňizi ogurlamaga synanyşdylar, ýöne hiç kimiň beýle zat etmäge hukugy ýok we siz hiç kime beýle zat etmäge ýol bermersiňiz!” diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi.
Zurabişwili protest bildirmäge çagyryş edip, resmi netijäniň "Russiýanyň ýörite operasiýasynyň”, öz sözleri bilen aýdylanda, onuň “halkyna, ýurduna garşy alyp barýan gibrid urşunyň täze görnüşleriniň biriniň" subutnamasydygyny aýtdy.
Günbatar NATO agza bolmak isleýän, Ýewropa Bileleşiginiň dalaşgäri bolan, ýöne ýakynda Russiýanyň “daşary ýurt agenti kanunyna” meňzeş gapma-garşylykly “daşary ýurt täsiri” kanunyny kabul eden Gürjüstanyň hökümetiniň demokratiýadan yza çekilmeginden alada bildirip gelýär.
Bu kanunyň Kabul edilmegi Waşington we Brýussel tarapyndan berk tankyt edildi we şu ýylyň başynda birnäçe hepde dowam eden köpçülikleýin protestlere sebäp boldy.
Forum