Ýurduň tas ähli ýerlerinde soňky aýlarda dörän benzin we dizel gytçylygy Balkan welaýatyna hem ýetdi. Azatlygyň habarçylary günbatar welaýatynyň ýangyç beketlerinde birnäçe sagada çekýän uly nobatlaryň dörändigini habar berýärler.
"Balkanyň tas ähli etraplaryndaky ýangyç guýujy beketleri aýlanyp gördüm benziniň "A-92" we "A-95" benzinlerini satyn almak üçin nobatlar uzap, häzir adamlar birnäçe sagatlap benzine garaşýarlar. Dizel ýangyjy häzir tapdyrmaýar" diýip, habarçymyz 29-njy oktýabrda habar berdi.
Habarçy ähli welaýatlarda soňky aýlarda ýiti benzin we dizel gytçylygynyň dowam eden döwründe Balkan welaýatynyň hem şäherlerinde, hem-de etraplarynda benzin we dizel ýangyçlarynyň ýeterlik derejede satylandygyny belledi.
Welaýatda ýangyjyň häzirki gytçylygy 27-nji oktýabrda döräpdir.
Bu aralykda Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmelere görä, ýerli häkimiýetler çäre hökmünde ilata benzini çäkli mukdarda satmak düzgünini girizipdir.
"Gyzylarbat, Magtymguly, Bereket etraplarynda 26-njy we 27-nji oktýabrda beketlerde benziniň ýekeje gramy hem galmandyr. Şu sebäpli 28-nji oktýabrda etraplaryň häkimlikleri býujet edaralarynda işleýän we awtoulagy bar bolan adamlara iş ýeriniň we öýüniň arasyndaky daşlygy subut edýän kepilnama esasynda benzin bermegi ýola goýdular. Bir hepde üçin bir sapar 25 litr benzini satyn almak üçin etrap häkimligine baryp, talon almaly" diýip, çeşme bu düzgüniň 29-njy oktýabrdan ýola goýlandygyny habar berdi.
Bu ýagdaýdan habarly çeşmeler bu çäklendirmeleriň etraplardaky kanun goraýjy, MHM, prokuratura, sud ýaly edaralarynyň işgärlerine degişli däldigini belleýärler.
Benzin gytçylygy transport hyzmatlarynyň gymmatlamagyna getirdi. Iki günde taksileriň bahasy üç esse gymmatlatdy.
"Balkanabat-Bereket aralygynda bir adamyň ýol kireýi 50 manada düşýärdi, indi 135-150 manada ýetdi. Türkmenbaşa çenli ozal adam başyna 60 manatdan alynýardy, indi 180 manat baha kesýärler" diýip, ýerli çeşmeleriň ýene biri aýdar.
Balkanly ýaşaýjylar şäherleriň arasynda gatnamak üçin hususy taksilere alternatiwanyň ýokdugyny. Awtobuslaryň seýrek gatnaýandygyny, döwlet tarapyndan dolandyrylýan minibuslaryň pagta ýygym möwsümi başlaly bäri günüň dowamynda bir gezek gatnaýandygyny aýdýarlar.
Ýurtda jemgyýetçilik transporty mejbury iş güýji hökmünde býujet işgärlerini pagta meýdanlaryna gatnatmak üçin ulanylýar. Emma häzirki benzin gytçylygynyň muňa hem täsir edendigini çeşme adýar: "27-nji oktýabrda Balkanabatdan býujetçileri Berekete pagta meýdanlaryna äkitmek üçin awtobuslar benzin tapmady. Şu sebäpden ýekşenbe güni býujetçiler pagta ýygymyna alynyp gidilmedi".
Balkandaky habarçy "A-80" markaly benziniň bir ýyl bäri doly satuwdan aýrylandygyny, "Eko-93" benziniň bolsa Balkanabat şäherinde diňe baýramçylyk günlerinde satylandygyny belledi.
Balkanabatda nebit önümlerini işleýji iň uly senagat kärhanalarynyň biri ýerleşýär.
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýji zawodundaky çeşme häzirki benzin we dizel gytçylygynyň sebäbini düşündirip, kärhanada çykarylýan önümiň esasy böleginiň daşary ýurtlara eksport üçin niýetlenýändigini, ýurduň içerki bazaryna ýangyjyň ýyllarboýy welaýatlar üçin kesgitlenen paý esasynda berilýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, welaýatlar üçin bölünip berilýän paýyň mukdary 15 ýyl bäri üýtgewsiz galýar, emma benzine we dizele ýurtdaky talap esli artýar.
Türkmenistanda soňky aýlarda ýitileşen benzin gytçylygynda ýangyç käwagt doly satuwdan ýok boldy, satylan wagtynda örän çäkli mukdarda goýberildi we iňňän uly nobatlaryň döremegine sebäp boldy.
Benzin gytçylygy jemgyýetçilik transportunyň işine we taksileriň elýeterlilige ýaramaz täsir ýetirdi. Ýangyç gytçylygynyň fonunda iýmit önümleri gymmatlady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum