Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jose Manuel Barroso, Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuý we ÝB-niň daşary syýasat boýunça baş wekili Katerin Aşton Waşingtona sapar edip, meseleleriň giň gerimini, şol sanda, Eýrana garşy täze sanksiýalary hem maslahat etdiler.
Bu duşuşykda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Waşingtona sapar edýän Ýewropa Bileleşiginiň resmilerini ýewrozonanyň barha möwç alýan bergi krizisi boýunça has aýgytly ädimleri ätmeklige çagyrdy.
Obama bu barada Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jose Manuel Barroso we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuý bilen birlikde Birleşen Ştatlar-Ýewropa Bileleşigi sammitiniň soňunda çykyş etdi.
Ol bu babatda: “Men Barroso we Wan Rompuý bilen gürleşip, ýewrozonanyň krizisini çözmek boýunça Birleşen Ştatlaryň öz paýyna düşýän işleri etmäge taýýardygyny aýtdym. Bu biziň öz ykdysadyýetimiz üçin-de juda wajyp bir mesele. Eger-de Ýewropa kynçylyk çekýän bolsa, bu biz üçin hem öz ýurdumyzda iş ýerlerini döretmäge päsgelçilik berýär” diýdi.
Çynlakaý ädimlere garaşylýar
Amerikanyň Ýewropa Bileleşindäki ilçisi Willýam Kennard habar agentliklerine beren interwýusynda şeýle diýdi: “Prezident açyk görnüşde ozalam, şu günem, Ýewropanyň liderlerinden has berk, has çalt we aýgytly ädimlere garaşýandygyny mälim etdi”.
Barroso öz çykyşynda Ýewropanyň özüniň bergi krizisi boýunça iş alyp barýandygyny, ýöne beýle meselelerde howlukmaçlyga ýol berilmeli däldigini belledi: “Biz bar bolan kynçylyklara juda çynlakaý çemeleşýäris. Biz bu kynçylyklaryň bardygyny bilýäris. Emma, käwagt käbir netijeleri kabul etmek üçin wagt gerek bolýar. Ýöne biz bu ugurda hereket edýäris, şeýle-de biz öň bolmadyk ýagdaýlaryň öňüni almak üçin hem berk çäreleri görýäris”.
Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Wan Rompuý hem çykyş edip, geljek aý Ýewropa Bileleşiginiň sammitinde maliýe reformalary boýunça has düýpli tekliplere serediljekdigini aýtdy.
Häzir Brýussel Gresiýanyň ykdysadyýeti ýaly bergi krizisine uçran maliýe sistemalaryny aýak üstünde saklamak we munuň Italiýa we Ispaniýa ýaly has uly ýurtalara ýaýramagynyň öňüni almak üçin tagalla edýär.
Eýran hem üns merkezinde boldy
Waşingtonda geçirilen gepeleşikleriň dowamynda, esasan, Ýewropanyň ykdysady ýagdaýy üns merkezinde bolsa-da, maslahatyň barşynda başga-da giň gerimli meselelere seredildi. ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň we Ýewropanyň daşary syýasat boýunça baş wekili Katerin Aştonyň gatnaşmagynda geçirilen gepleşiklerde Ýewropa Bileleşiginiň Eýrana garşy girizmegi mümkin täze sanksiýalary-da maslahatlaşyldy.
Prezident Obama Eýranyň dawaly ýadro programmasy babatynda Tährana basyşy artdyrmak boýunça ylalaşygyň bardygyny, ýöne diplomatiýa üçin ýeriň hem goýulýandygyny belläp geçdi. Wan Rompuý Ýewropa Bileleşiginiň Eýrana garşy ýene täze sanksiýalary girizmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
Gepleşiklerde Belarusdaky we Ukrainadaky syýasy ýagdaýlar hem maslahat edildi. Prezident Obama we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Wan Rompuý bu ýurtlardaky syýasy azatlygyň we kanunçylygyň durmuşa ornaşdyrylyşynyň barha ýaramazlaşýandygy bilen bagly öz aladalaryny bildirdiler.