Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslam Karimowyň gyzy Nýu-Ýorka “meşhur” boldy


Nýu-Ýorkuň “Kipriani” merkeziniň öňünde protestçiler Gülnara Karimowanyň moda sergisiniň geçirilmegine protest bildirýärler. Nýu-Ýork. 15-nji sentýabr, 2011.
Nýu-Ýorkuň “Kipriani” merkeziniň öňünde protestçiler Gülnara Karimowanyň moda sergisiniň geçirilmegine protest bildirýärler. Nýu-Ýork. 15-nji sentýabr, 2011.

Penşenbe güni Nýu-Ýork şäherindäki medeni çäreleriň geçirilýän ýeri bolan kaşaň “Kipriani” merkeziniň daşynda 25 töweregi protestçi ýygnanyp, Özbegistanda pagta meýdanlarynda çaga zähmetiniň ulanylmagyna garşy protest geçirdiler.


Nýu-Ýorkuň “Kipriani” merkeziniň öňüne ýygnanan protestçiler “Eý, Gülnara, bize bir ýagşylyk et: mejbury çaga zähmetini ulanmagy bes et!” diýip gygyryşdylar. Şeýle-de protestçiler Özbegistany uzak wagtdan bäri dolandyrýan diktator Yslam Karimowyň gyzy dizaýnçy Gülnara Karimowanyň moda sergisini geçirmek boýunça “Kipriani” merkeziniň gelen kararyna-da nägilelik bildirdiler.

Awtoritar prezident Yslam Karimow Özbegistany 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy darganyndan bäri dolandyryp gelýär. Ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Weronika Goldston protestçileriň bu cäresine prezident Karimowyň hökümetiniň adam hukuklary babatda alyp barýan syýasatynyň sebäp bolandygyny belledi.

Weronika Goldston “Özbek hökümeti özge pikirlilere çydamlylyk görkezenok” diýip nygtaýar. Ol sözüni dowam edip, “Prezident Karimow dünýäniň iň gazaply hökümetleriniň biriniň başynda otyr, şol sebäpli hem ol hökümetiň adam hukuklaryny bozmagyna jogapkär” diýdi.

Weronika Goldstonyň pikiriçe, Gülnara Karimowanyň ýurduň Ispaniýadaky ilçisi we BMG-niň Ženewadaky edarasynyň hemişelik wekil edilip bellenmegi-de adam hukuklaryny bozýar.

Çaga zähmeti uly alada döredýär

Zähmet hukuklary boýunça halkara guramasynyň başlygy Timoty Nýumaniň maglumatyna görä, Özbegistanda iki milliona golaý çaga ýurduň pagta meýdanlarynda gulçulyk derejesinde tölenýän hak üçin işlemäge mejbur edilýärler.

Nýuman düýnki protestleri gurnamaga hem kömek beripdir. Şol protestlere gatnaşmak üçin amerikanyň Arizona ştatyndan 40 sagat ýol geçip gelen özbegistanly Ýusuf Sabyrowyň aýtmagyna görä, ol pagta meýdanlarynda sekiz ýaşynda işlemäge başlapdyr. Ol häzir Özbegistanda ýaşaýan çagalaryň hem hut şu ýaşda işledilip başlanýandygyny aýdýär.

Sabyrow Özbegistanda adamlaryň režimden özlerini gorap bilmeýändikleri üçin, Karimowa garşy proteste gelendigini aýtdy. “Meniň gyzym öýläne çenli mekdepde okaýar. Mundan soň, ol gidip meýdanda pagta ýygmaly. Eger-de ol boýun gaçyrsa, olar ony mekdepden çykararlar” diýip, Sabyrow gürrüň berýär.

Sabyrow çagalara ekin meýdanlarynda isleýändikleri üçin juda az puluň tölenýändigini aýdýar: “Çaga uzakly gün işlese, ol 100 funt (45.35 kg) töweregi pagta ýygyp bilýär. Hökümet hem her bir funt (0.45 kg) üçin 5 sent pul töleýär. Netijede bir günde 5 dollar bolýar. Olar bu pul üçin daň atandan tä gün batýança işleýärler. Olar diňe günortanlyk naharyny edinmek üçin ýarym sagat dynç alýarlar”.

Karimowanyň sergisi göçürildi

Nýu-Ýork şäherinde modalar hepdeligini gurnaýan IMG kompaniýasy başda Mersedes-Benziň moda hepdeliginde Gülnara Karimowanyň hem moda sergisini gurnamagy planlaşdyrypdy. Emma birneme soňra ol muny ýatyrdy. Karimowanyň moda sergisiniň ýatyrylmagy Human Rights Watch guramasy kompaniýanyň wekillerine Özbegistanda adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly öz aladasyny bildirenden soň boldy.

IMG özüniň jemgyýetçilik üçin ýaýradan beýanatynda “Özbegistandaky adam hukuklarynyň bozulmalary baradaky faktlar bilen tanşyp, hopugandygyny” belledi.

Şondan soň Karimowanyň moda sergisi “Kipriani” merkezinde gurnaldy. Onuň “Guli” atly brendi öz ýaýradan beýanatynda serginiň göçürilmegini “howpsuzlyk howatyrlanmalary” sebäpli IMG kompaniýasy bilen “Guli” brendiniň bilelikde gelen karary hökmünde düşündiripdir. Karimowanyň “Kipriani” merkezinde gurnalan moda sergisine 200 töweregi myhman gatnaşdy.

Käbir günbatar kompaniýalary, şol sanda “Tesco”, “Gap”, “Marks & Spencer” we “Wal-Mart” ýaly kompaniýalar Özbegistanyň pagtasyndan öndürilen önümleri satyn almakdan boýun gaçyrypdylar. 2008-nji ýylda özbek hökümeti pagta meýdanlarynda çaga zähmetini ulanmagy gadagan edýän karar çykarylsa-da, aktiwistler häzire çenli bu praktikadan hiç el çekilmeýändigini habar berýärler.
XS
SM
MD
LG