Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewrokomissýa “Nabukko” proýekti boýunça gepleşik geçirmäge mandat aldy


"Nabukko" turbalary, deslapky hasaplamalara görä, ýyllyk 31 milliard kubometrlik tebigy gazy Ýewropa akdyrmaly.
"Nabukko" turbalary, deslapky hasaplamalara görä, ýyllyk 31 milliard kubometrlik tebigy gazy Ýewropa akdyrmaly.
Ýewropa Komissiýasyna Türkmenistan we Azerbaýjan bilen “Nabukko” proýekti boýunça gepleşikler geçirmäge mandat berildi. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk edýän Polşa ÝB-niň agza döwletlerinden bu ugurdaky başlangyç rugsady aldy. Bu barada “FoxBusiness” neşiri habar berýär.

Çarşenbe güni eden çykyşynda ÝB-niň Polşa prezidentliginiň metbugat wekili Konrad Niklewisz bu kararyň Hazaryň baý tebigy gaz gorlaryny Ýewropa akdyrmak boýunça edilýän tagallalaryň bir bölegidigini aýtdy. Ol bu mesele boýunça soňky ses berişligiň sentýabr aýynda geçiriljekdigini hem belledi.

Ýewropa Komissiýasy Orsýetiň territoriýasyndan sowa geçýän ençeme milliard dollarlyk “Nabukko” gazgeçirijisinden Hazar regionynyň tebigy gazynyň Günbatara akdyrylmagy, esasan hem akdyryljak gazyň möçberine Türkmenistanyň öz goşandyny goşmagy ugrunda tagalla edýär.

Soňky wagtda Günbatarda türkmen gazy barada edilýän gürrüňler täzeden ýygjamlaşdy. Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem maý aýynda Rumyniýa eden saparynyň dowamynda Türkmenistanyň “Nabukko” proýektine gatnaşmagyna gyzyklanma bildirýändigi gaýtalady.

Ýakynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Ýewraziýa sebitiniň energetika meseleleri boýunça ýörite wekili, ilçi Riçard Morningstar hem Türkmenistana baryp, prezident Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirdi. ABŞ köpden bäri “Nabukko” proýektine uly goldaw bildirip gelýär.

Şeýle-de “Nakukko” konsorsiumynyň agzalary ýakynda Türkiýäniň Kaýseri şäherinde ýygnanyp, maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň ägirt uly möçberdäki tebigy gaz gorlaryna hem salgylanyp, proýektiň gaz üpjünçiliginde hiç hili kynçylygyň bolmajakdygyny öňe sürdüler.

“Transhazar”

“Nabukko” gaz proýektiniň ýeterlik derejede gaz bilen üpjün edilmegi üçin, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda “Transhazar” gazgeçirijiniň gurulmagy möhüm hasaplanýar. Bu gazgeçiriji arkaly “Nabukko” turbalaryna ýylda 10 milliard kubometrlik türkmen gazy akdyrylmaly.


Resmi Aşgabat hem türkmen tebigy gazyny Ýewropa bazarlaryna çykarmak boýunça birnäçe wariantlaryň bardygyny aýdýar, emma kommersiýa, maliýe we infrastruktura nukdaýnazaryndan iň bir özüne çekiji wariantlardan biriniň Hazar deňziniň düýbünden turba çekmekdigini öňe sürýär.

Türkmenistanyň gazy we onuň Ýewropa akdyrylmagy hakda gepleşikleriň ýygjamlaşmagy Orsýeti hem herekete getirdi. Orsýet “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurulmagy baradaky taslamanyň Hazaryň kanuny statusy baradaky maddany hem öz içine almalydygyny gaýtalamaga başlady.

Käbir ekspertler bu tutumyň kanuny däl-de, syýasy matlaplara has köpräk baglydygyny öňe sürýärler. Energiýa meseleleri boýunça maglumatlary çap edýän dünýä belli “Platts” žurnalynyň energiýa we howpsuzlyk boýunça eksperti Jon Roberts hem şu pikirdäki ekspertleriň biri.

“Şeýle ädim ätmäge olaryň [Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň] hukugynyň bardygy görkezýän dokument ýok. Şeýle proýekt amala aşyrylmaly däl diýen ylalaşyk hem ýok. Şonuň üçin Hazar meselesi kanuny däl-de, belki, syýasy problemadyr diýip oýlanýaryn” diýip, Roberts aýdýar.

Britaniýanyň “Gaffney, Cline and Assosiates” kompaniýasynyň dolandyryjysy Piter Holding maý aýynda “Awazada” geçirilen maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň öz tebigy gaz gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde ikinji orunda durýan döwlet bolmagynyň mümkindigini yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG