Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harby ammardaky partlama näme sebäp boldy?


Ýerli ýaşaýjylar wagtal-wagtal gaýtalanan partlamalaryň zarbasynyň uly bolandygyny, töwereklere snarýad bölekleriniň zyňylandygyny aýdýarlar.
Ýerli ýaşaýjylar wagtal-wagtal gaýtalanan partlamalaryň zarbasynyň uly bolandygyny, töwereklere snarýad bölekleriniň zyňylandygyny aýdýarlar.
Türkmen resmilerini nygtamagyna görä, Abadan şäheriniň golaýyndaky harby ammarda ýüze çykan partlama howanyň aşa gyzmagy sebäp bolupdyr. Bu näderejede hakykata laýyk gelýär?

Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Maýsa Baba gyzy Gyrgyzystanyň Goranmak ministrliginiň synçylar toparynyň agzasy podpolkownik Togtagul Kakçekeýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen resmileri Türkmenistanda bolan partlamanyň sebäbini howanyň gyzmagy bilen düşündirdiler. Eýse, bu näderejede hakykata laýyk gelýär?

T. Kakçekeýew: Dünýäniň ähli harby ammarlarynda temperatura mydama ýokary derejeli howpsuzlyk standartlarynda saklanýar. Harby ammarlaryň temperaturasyny we sowadyş sistemasyny kadaly ýöretmegiň aýratyn režimi bar. Oňa daşardaky howanyň täsiri ýetmeli däl. Yssy howanyň täsiri diýmekleri, ýönekeý söz bilen aýdaňda, jogapkärçilikden gaçmak diýmekdir.

Azatlyk Radiosy: Eýse, partlamanyň sebäpleri nämeden bolup biler?

T. Kakçekeýew: Türkmenistanda kadrlary saýlamak syýasatynyň agsaýandygy muňa sebäp bolup biler. Ýurtdaky korrupsiýanyň netijesinde harby ammardaky wezipelere tanyş-bilişlik, garyndaşparazlyk arkaly, umuman, harby bilimi bolmadyk, harby ammarlardaky serişdeleriň saklanyş kadalaryndan habarsyz kadrlar işe çekilýär. Şonuň üçin hem şeýle betbagtçylykly ýagdaý ýüze çykýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda hakykatdan hem tomus gaty yssy bolýar. Belki, bu ýyl öňkülerden hem yssy bolandyr. Yssy howanyň hem täsiriniň bolmagy mümkinmi?

T. Kakçekeýew: Türkmenistanda asyrlar boýy, mydam yssy. Men 1995-nji ýylda Bawariýada Garnişde harby okuwda boldum. Şonda meniň bilen bile Türkmenistandan ofiserler okadylar. Şonda biz olaryň bilim derejesiniň örän pesdigini bildik. Olar nädip türkmen harby güýçlerinde işleýärkäler diýip, geň galypdyk. Partlama bolan harby ammarda hem edil şonuň ýaly bilimsiz, zähmeti, öz Watanyny söýmeýän, jogapkärçiligi duýmaýan harbylar işleýän bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Şeýle partlamanyň öňüni alyp bolarmydy?

T. Kakçekeýew: Elbetde, bolardy, eger-de sistema gowy ýola goýlan bolsa. Meselem, awtomatika, gözegçilik, howpsuzlygy üpjün edýän degişli sistemalar, sowadyjy sistema. Bular kadaly işläp duranlygynda, beýle betbagtçylyk bolmazdy.

Azatlyk Radiosy: Bu partalamanyň ýurduň ekologiýasyna we regionyň ilatyna nähili täsir etmegi mümkin?

T. Kakçekeýew: Uly täsiri bolmaz. Sebäbi Türkmenistan Hazar sebitinde ýerleşýär. Şeýle-de ýurduň uly bölegi sähra we çöllükden ybarat. Deňziň çygly howasy, partlamanyň netijesinde dörän zäherli maddalary ýel bilen alyp gidýär. Şonuň üçin partlamanyň täsiri köp bir duýulmaz. Elbetde, ýurduň ekologiýasyna täsiri bolar, emma gaty uly täsir eder diýip aýdyp biljek däl.

Azatlyk Radiosy: Beýle betbagtçylygyň öňüni almak üçin, hökümetiň öňünde nähili wezipeler durýar?

T. Kakçekeýew: Beýle betbagtçylygyň öňüni almak üçin hökümet şeýle jogapkärli wezipelere iş tejribesi ýetik bolan ofiserleri goýmaly. Olar ýöne general we polkownik ýyldyzlaryny asyp ýörmän, ok-därileri we harby tehnikany saklamagyň kadalaryny gowy bilmeli. Beýle ofiserler Türkmenistanda köp.

Onsoňam Türkmenistanda güýçli harby tehnika köp. Olar harby tehnikany we ok-därileri Ukrainadan gazyň we nebitiň öwezine alýarlar. Şonuň üçin bu harby tehnika we ok-därilere gowy seretmeli. Harby ammarlarda dikeldiş we remont işleri gowy ýola goýulmaly. Harby ok-däriler we tehnika örän gymmat pula durýar. Olar halkyň puluna gelen serişdeler. Şoňa ýeterlik düşünmän partlamalara ýol beren harby kadrlar türkmen kanunçylygynyň iň ýowuz maddalaryna görä, jeza çekmelidirler. Bu ýagdaý ilki Türkmenistanyň harby güýçleriniň baş serkerdesi Berdimuhamedowyň abraýyna zyýan ýetirýär. Onuň Ýaragly güýçlere we özüniň golastyndakylara ýeterlik buýruk berip bilmeýändigini görkezýär.
XS
SM
MD
LG