Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen maldarçylygy we “Türkmenmallary”


Ýazgulyýew: "'Türkmenmallary' assosiasiýasy bilen daýhan birleşikleriniň, esasanam, çopanlaryň arasynda hiç bir baglanyşyk ýok".
Ýazgulyýew: "'Türkmenmallary' assosiasiýasy bilen daýhan birleşikleriniň, esasanam, çopanlaryň arasynda hiç bir baglanyşyk ýok".
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygynda maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny köpeltmek hakynda yzygiderli gürrüň edýär, tabşyryklar berýär, emma muňa garamazdan, ýurdumyzda maldarçylyk pudagynda ösüşiň bardygyny duýmak kyn.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň karary esasynda, öňki kolhoz-sowhozlara degişli bolan mallar “Türkmenmallary” assosiasiýasyna degişli edilipdi. Şeýlelikde, 1990-njy ýyllaryň başynda kolhozlaryň 6 million töweregi bolan ownuk mallary köpelmekden geçen, gaýtam şu ýyllarda iki ýarym esse azalypdyr. “Türkmenmallarynyň” ýokary hünärmeni özlerine degişli öňki kolhozlarda 2 million 300 müňdenem az ownuk malyň bardygyny aýtdy.

“Türkmenmallary” assosiasiýasyna kolhoz mallarynyň geçmegi bilen, oba hojalygynyň gylýalçylyk, guşçulyk, doňuzdarçylyk pudagy doly weýran edildi. Ýurdumyzdaky gara mallaryň, düýeleriň baş sany 1990-njy ýyllaryň başy bilen deňeşdireniňde 7-8 esse azalypdyr. Öňki kolhozlara degişli, döwlet eýeçiligindäki mallarymyzyň ähli görnüşiniň sany ýyl-ýyldan kemelýär. Eger-de maldarçylyk pudagyny ösdürmek hakynda anyk kararlar kabul edilip, kolhozlara degişli bolan mallar daýhan birleşiklerine gaýdyp berilmese, ýakyn 5-6 ýylyň içinde gara mallaryň, düýedarçylyk pudagynyň hem doly weýran boljakdygyny hut şu pudagyň ýokary hünärmenleri özara söhbetdeşlikde tassyklaýarlar.

“Türkmenmallary” assosiasiýasy bilen daýhan birleşikleriniň, esasanam, çopanlaryň arasynda hiç bir baglanyşyk ýok. Maly bakýan çopanyň ýolbaşçysy ferma müdiri, daýhan birleşiginiň ýolbaşçysy, oba arçyny, şeýle-de “Türkmenmallary” assosiasiýasynyň bellän emeldary bolup durýar, has dogrusy, bir çopanyň azyndan 5-6 sany ýolbaşçysy bar. Iň esasy hem, mallaryň ölüm-ýitimi üçin “Türkmenmallarynyň” hiç bir wekili jogapkärçilik çekmeýär. Owalbaşda çopanlardan, ondan soň ferma müdirinden, galyberse hem daýhan birleşiginiň ýolbaşçysyndan hasabat soralýar.

Ösmegine däl, tesmegine...

Daýhan birleşikleriniň döwlet eýeçiligine geçirilen mallarynyň hasabyna “Türkmenmallarynyň” müňe ýakyn işgäri, olaryň önümçilik pudagy saklanýan eken. Has dogrusy, maldarçylyk pudagynyň ösmegine däl-de, tesmegine, mallaryň baş sanynyň kemelmegine sebäp bolýan “Türkmenmallaryny” saklamak üçin bir ýylda ýedi-sekiz million amerikan dollaryna barabar pul sarp edilýän eken, özem bu pudagyň hojalyk hasaplaşygyndadygyny hem aýtmak gerek.

“Türkmenmallaryny” saklamak üçin daýhan birleşikleri her ýylda 200-250 müň dowar satmaga mejbur bolýarlar” diýip, meniň bilen söhbetdeş bolan ykdysadyýetçiler aýtdylar. Munuňam üstesine, “Türkmenmallarynyň” mallaryň önümçilik prosesi bilen baglanyşygy bolmansoň, olarda maldarçylyk pudagyny ösdürmegiň anyk maksatnamasy ýok, şol sebäplem bu assosiasiýanyň işgärleri çopanlardan hasabat soraýan ýerli emeldara öwrüldiler. Umuman, maldarçylyk pudagyny ösdürmäge “Türkmenmallarynyň” hiç hili goşandynyň ýokdugyny çekinmän aýdyp bolar.

Şol sebäpli maldarçylyk pudagyny ösdürjek bolsak, daýhan birleşikleriniň, çopanlaryň elinden alnan hukuklar, mallar olaryň özlerine doly gaýtarylyp berilmelidir. Ýurdumyz boýunça maldarçylyk pudagyny ösdürmegiň anyk reformasyny hünärmenleriň gatnaşmagynda işläp düzmeli, tebigy ýagdaýlarymyz doly göz öňüne tutulyp, çopanlaryň mal bakmagy üçin oňyn şertler döredilmeli. Ine, şonda ýurdumyzda mallaryň baş sany artyp, et-süýt, mahlasy maldarçylyk önümleriniň yzygiderli gymmatlamagynyň öňi alnar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG