Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan – Günorta Koreýa: ekologiýa hyzmatdaşlygy gün tertibinde


Hazaryň türkmen kenarynda
Hazaryň türkmen kenarynda
Şu hepde paýtagt Aşgabatda “Howanyň ýagdaýynyň üýtgemegine garşy durmak arkaly yzygiderli ösüş gazanmak üçin ekologik ösüşiň tehnologiýalary” atly seminar geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy we Günorta Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan bilelikde gurnalyp, onuň maksady tebigy serişdeleriň netijeli ulanylmagyna gönükdirilen ekologik önümçiligi we kämil ekologik tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ulanmak boýunça milli derejede toplanan tejribäni alyşmak işinden ybaratdyrdygyny türkmen mediasy habar berdi.

Günorta Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ykdysady meseleler boýunça maslahatçysy Joo-ik Park
Günorta Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ykdysady meseleler boýunça maslahatçysy Joo-ik Park Aşgabatda geçen seminar barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Şu ýylyň 20-21-nji iýunynda Seulda “Howanyň üýtgemegine garşy durmak-2011” atly sammit geçirildi. Günorta Koreýanyň hökümeti halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni howanyň üýtgemegine çekmäge synanyşdy. Şonuň çäginde, Günorta Koreýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy hem Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy bilen birlikde seminar gurnady”.

Ilçihananyň resmisi Joo-ik Park seminaryň dowamynda iki ýurduň ekspertleriniň ekologiýanyň goragyny ösdürmek barada pikir alşandyklaryny hem sözüne goşdy.

Halkara görkeziji

Resmi Aşgabadyň habar bermegine görä, Türkmenistanda ekologiýa degişli meseleler döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. Ýöne Türkmenistanyň ekologiýa ýagdaýyna halkara derejesinde gowy baha berlenok. Yakynda ABŞ-nyň meşhur Ýel uniwersitetiniň ýaýradan 163 ýurdy öz içine alýan hasabatynda Türkmenistan ekologiýanyň goragy boýunça 157-nji orunda ýerleşdirilip, iň erbet görkezijili ýurtlaryň hatarynda agzaldy.

Kolumbiýa Uniwersitetiniň ýanyndaky Ýer institutynyň alymy Mark Lewi
Şol hasabatyň awtorlarynyň biri Amerikanyň Kolumbiýa Uniwersitetiniň ýanyndaky Ýer institutynyň alymy Mark Lewi munuň sebäbini düşündirip, Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň beripdi: “Türkmenistan öz ygtyýaryndaky akar suwlardan gereginden has artyk suw harçlaýar. Beýleki bir mesele: ýurtdaky ähli senagat pudagynda alnyp barylýan işlerde howa goýberilýän kömürturşy gazyň umumy derejesiniň ýokarydygyny aýdyp bolar. Regiondaky beýleki döwletler we girdejisi Türkmenistan bilen deň derejedäki dünýäniň beýleki ýurtlaryna garanyňda kömürturşy gazynyň howa goýberilişi juda ýokary. Ilatyň arassa agyz suwuny erkin ulanyş derejesi hem kabul edilen halkara normalardan has pes”.

Bar bolan meseleler

Düýbi Wenada ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy, ekologiýa boýunça bilermen Farid Tuhbatullin Türkmenistanda hökümetiň dymýan ekologiki meseleleriniň bardygyny belleýär: “Türkmenistanyň demirgazygyndaky Aral regionynda, Hazaryň kenarýaka sebitlerinde, Çeleken adasynda şeýle-de nebit we gaz çykarylýan ýerlerde ekologik meseleler bar. Umaman aýdylanda, regiondaky ýaşaýjylary goramak, şeýle-de ol ýerdäki daşky gurşawa ýetýän ýaramaz täsirleriň netijelerini peseltmek üçin hökümetiň üns bermeli sebitleri bar”.

Resmi medianyň maglumatyna görä, Aşgabatda geçirilen seminarda çykyş edenler Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň ägirt uly serişdelere, ylmy mümkinçiliklere eýedigini belläp, ekologiýa taýdan arassa energiýany öndürmek boýunça öňde baryjy tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmagyň iki ýurduň ykdysady ösüşine kömek etjekdigine ynam bildiripdirler.

Tuhbatullin Türkmenistanda geçirilen şeyle seminarlaryň geljekde netije berjekdigine şübhe bildirýär: “Tejribäniň görkezişi ýaly, Nyýazowyň we häzirki prezidentiň döwründe-de şular ýaly seminarlar hem türgenleşikler hyzmatdaşlyk hökmünde köpçülige ýetirilýär. Ýöne, umuman, bular hiç hili netije bermeýär. Sebäbi bu ugurda köplenç diňe türgenleşikler we seminarlar bilen çäklenilýär”.

Muňa garamazdan, Tuhbatullin Günorta Koreýanyň ekologiya boýunça ösen tehnologiýalarynyň we baý tejribeleriniň bardygyna ynam bildirip, onuň Türkmenistana uly kömek edip biljekdigini hem aýdýar.
XS
SM
MD
LG