Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa: howa zarbalarynyň ikinji tapgyry amala aşyryldy


Muammar Kaddafiniň ýaragly güýçlerine degişli ulaglar Bengaziden Ajdabiýah şäherine barýan ýolda ýanyp dur, 20-nji mart.
Muammar Kaddafiniň ýaragly güýçlerine degişli ulaglar Bengaziden Ajdabiýah şäherine barýan ýolda ýanyp dur, 20-nji mart.
21-nji martda Günbatar döwletleri Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň ýaragly güýçlerine we howa goranyş sistemasyna garşy howadan urýan zarbalarynyň ikinji tapgyryna başladylar.

Muammar Kaddafiniň tarapdarlarynyň oppozisiýa garşy görýän çäreleriniň öňüni almak boýunça howa zarbalaryny amala aşyrýan ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Italiýa, Kanada we beýleki ýurtlar Liwiýanyň howa giňişligindäki uçuşa gadagançylygyň netijeli üpjün edilýänligini aýdýarlar.

Netijede Kaddafiniň Tripolidäki rezidensiýasy we 40 ýyldan gowrak wagt bäri häkimiýet başynda oturan Kaddafä garşy çykyş edilip, bir aýa golaý wagt bäri dowam edýän rewolýusiýanyň daýanjy bolan Bengazi şäherine tarap barýan tanklar ýok edildi.

Kaddafiniň ýerleşýän ýeri häzir nämälimligine galýar.

Halkara çäreleri

Halkara goşunlarynyň amala aşyran bu zarbalary 2003-nji ýylda Yraga daşary ýurt goşunlary girizileli bäri arap döwletinde amala aşyrylýan iň uly halkara operasiýadyr.

Häzirki çäreler Liwiýada howa uçuşlaryndan azat zonany döretmek we parahat ilata garşy hüjümleriň öňüni almak üçin halkara harby hereketlerine başlamak baradaky BMG-niň rezolýusiýasy kabul edilenden soň başlandy.

Emma howa zarbalary Arap döwletleriniň ligasynyň ýolbaşçysy Amr Musa tarapyndan tankyt edildi. Amr Musa parahat ilatyň arasyndaky adam pidalaryna gynanç bildirdi.

Birleşen Ştatlar howa zarbalarynyň netijeli bolanlygyny we uçuşsyz howa zonasyny üpjün etmek çäresiniň üstünlikli ýerine ýetirilýänligini belledi.

ABŞ-nyň harby güýçleriniň ýolbaşçysy, wise-admiral Bill Kortni geçen hepdäniň şenbe güni žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Kaddafiniň režimi tarapyndan hiç bir täze howa hereketiniň bolmanlygyny belledi.

ABŞ-nyň harbylary öz döwründe Yraga goşun girizmek we Saddam Huseýni agdarmak bilen bagly bolan wakalar bilen islendik deňeşdirmelerden gaça durmak üçin häzir örän seresaply hereket edýärler.

Liwiýadaky reaksiýa

Halkara goşunlarynyň howa zarbalary ýurduň gündogaryny dolandyrýan we soňky 10 günüň dowamynda Kaddafiniň goşunlaryndan uly ýitgi çeken gozgalaňçy söweşijiler tarapyndan makullanmak bilen kabul edildi.

Amerikan harbylary Bengaziniň we gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki beýleki şäherleriň heniz hem howp astyndadygyny aýdýarlar.

Kaddafiniň tarapdarlary bolsa, howa zarbalaryna garamazdan, garşylyk görkezmeklerini dowam etdirýärler. Olar geçen ýekşenbe güni Tripoliniň merkezi meýdançasynda jemlenip, howa ok atdylar we halkara harbylarynyň adyna haýbat atyjy şygarlary öňe sürdüler.

Muammar Kaddafi soňuna çenli durjagyny yglan etdi. Ol hökümetiniň we tarapdarlarynyň uzak urşa taýýardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG