Şenbe güni kellesinden ýaralanan Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň agzasy Gabriel Giffords özüne edilýän bejergä oňyn reaksiýa bildirýär. Ol operasiýadan soň ýönekeý komandalary ýerine ýetirýär.
Kongresiň agzasy bolan zenan Gabriel Giffordsa seredýän lukmanlaryň sözlerine görä, onuň saglyk ýagdaýy bilen bagly olar optimistik umytda.
Şenbe güni Giffordsa Tuson şäherinde saýlawçylary bilen duşuşýan wagty hüjüm edildi. Netijede, 6 adam, şol sanda 9 ýaşly gyzjagaz we federal sudýa öldürildi. Giffordsy goşmak bilen ýaralanan 13 adamdan 10-synyň ýagdaýy agyr diýlip, habar berilýär.
Oka tutan 22 ýaşly Jered Li Lafner saklandy, ol öň hem sud edilen. Oňa bäş madda boýunça günä bildirildi. Ýöne nähili günäleriň bildirilendigi barasynda häzirlikçe maglumat ýok. Li Lafner duşenbe güni ABŞ-nyň federal sudunyň öňünde jogap bermeli bolar.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bu wakany milli betbagtçylyk diýip atlandyrdy: "Bu Arizona uçin betbagtçylykdyr. Bu tutuş ýurdumyz üçin tragediýadyr. Betbagtçylyk ýüze çykanda, amerikanlar birleşip, birek-birege goldaw berýärler”.
Daşary ýurtly belli syýasatçylar hem Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň agzasy Gabriel Giffordsa edilen hüjümi ýazgardylar.
Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle özüniň bu waka gaty gynanýandygy aýtdy. Kubada Fidel Kastro, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň administrasiýasy bilen oňşuksyzlygynyň bardygyna garamazdan, adamlaryň akyla sygmajak ýagdaýda bigünä ölmegi bilen ylalaşyp bilmeýändigini aýtdy.
Birleşen Ştatlarda ýaragly hüjümler ýygy-ýygydan yüz beryän hem bolsa, syýasy äheň bilen amala aşyrylýan hüjümler juda seýrek bolýar.