Bu gezekki hatyra çäresine Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Döwlet baştutany ir bilen Gypjak obasyndaky Saparmyrat Nyýazowyň we onuň ýakyn hossarlarynyň mawzoleýine baryp, gül desselerini goýdy.
Bu çärä Berdimuhamedow bilen birlikde hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň wekilleri, daşary ýurtlarda işleýän türkmen diplomatlary, häkimler, din wekilleri, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleri hem gatnaşdylar.
Mawzoleýde Saparmyrat Nyýazowyň ruhuna Türkmenistanyň müftüsi aýat okady we aýatdan soň ol Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, görner-görünmez belalardan Allatagalanyň ony hemişe aman saklamagyny dileg etdi.
Hatyra çäresi tamamlanandan soň, Saparmyrat Nyýazowyň dogduk obasy bolan Gypjakda sadaka berildi. Şeýle sadakalar Türkmenistandaky ähli metjitlerde hem berildi.
Bary ýogy ýekeje gün
Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ady ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde diňe 21-nji dekabrda agzalýar. Galan günlerde onuň ady asla tutulmaýar.
Şu gezekki ýatlama çäresinde ýurduň edaradyr kärhanalaryna, bilim ojaklaryna 21-nji dekabryň ýas güni däl-de, adaty gündügi, döwlet baýdaklaryna gara lentanyň dakylmaly däldigi baradaky habar berildi.
Nyýazowyň ýatlama güni Türkmenistanda gaty asuda hem parahat bellenildi. Ilat köpçüligi Türkmenistanda ýurduň ilkinji prezidentiniň hatyrasynyň tutulandygyny, esasan, telewideniýe arkaly bilip galdy.
Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.