Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenko galplykda aýyplanýar


Timoşenko prokuratura barmazyndan öň, 20-nji dekabr.
Timoşenko prokuratura barmazyndan öň, 20-nji dekabr.
Ukrainada oppozisiýanyň ýolbaşçysy Ýulia Timoşenko 2007-den 2010-njy ýyla çenli bolan premýer-ministrlik döwründe öz wezipesinden galp peýdalananlykda günä bildirildi. Ol düýn sorag üçin prokuratura çagyryldy.

Timoşenko prokuraturadan çykansoň, özüne derňew işleriniň dowamynda Kiýewde bolmak barada buýruk berlendigini aýdyp, bildirilýän günäleri žurnalistlere okap berdi: “Timoşenko ekologiki gaz kwotasyndan gelen pullar bilen döwlet býujetiniň üstüni dolduryp, pensiýalary tölemek üçin ulandy. Ol bu işi öz şahsy bähbidi üçin, bilgeşleýin, birtaraplaýyn etdi”.

Timoşenko birldirilýän günäler özüniň premýer-ministrlik döwründe döwletiň pullaryndan bikanun peýdalandy diýilýän aýyplamalardan gözbaş alýar.

Kýoto protokoly boýunça kärhanalar hökümetden kredit satyn alyp alyp, muňa derek özleriniň ýaýradaýan zäherli gazy rugsatnama satyn alyp bilýärler. Hökümet hem mundan gelýän puly emissiýa garşy alnyp barylýan çärelere goýbermeli. Häzirki prezident Wiktor Ýanukowiçiň hökümeti Ýulia Timoşenkony bu pullardan pensiýalary maliýeleşdirmek üçin peýdalananlykda aýyplaýar.

Fewral aýynda geçen prezidentlik saýlawlarynda Ýanukowiçden ýeňlen Timoşenko özüne bildirilýän bu günäleriň syýasy sebäpleriniň bardygyny aýdýar. Ol düýn: “Men Wiktor Ýanukowiçe ýüzlenýärin. Ne men gorkýaryn, ne meni goramak üçin bu ýerde duran adamlar, ne-de millionlarça ukrainlar gorkýar. Gorkmaly sen. Şu gorky sebäpli sen adamlary urup-ýençýärsiň, kemsidýärsiň. Olary öldürýärsiň, türmä dykýarsyň. Ýöne bu zatlar bilen gutulmarsyň” diýdi.

Öňki premýer-ministr özüne bildirilýän günä barada hem: “Men halkyň pensiýa haklaryny töledim. Bu ukrain kanunynda jenaýat däl” diýdi.

Wideo: Timoşenkonyň tarapdarlary proteste çykdylar

Timoşenkonyň tarapdarlary proteste çykdylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:40 0:00


Ýeke Timoşenko däl

Öňki hökümetiň agzalarynyň arasynda bular ýaly aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolan ýeke Timoşenko däl. Bular ýaly günäler öňki daşky gurşawy goramak ministrine, içeri işler ministrine we ykdysadyýet ministrine-de bildirdilidi. Syýasy analizçi Ýuri Ýakymenkonyň pikiriçe, bu işler girizilen agyr ykdysady çärelerden halkyň ünsüni sowmak üçin edilýär.

“Hökümet pensiýa reformasy we zähmet kanuny barada halkyň halamýan kararlary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ol şol bir wagtyň özünde-de halkyň goldawyny ýitirip barýar. Närazylyk barha artýar. Şol sebäpden bu günki ýaramaz ýagdaýa günäkär diýip, halkyň ünsüni öňki syýasy topara we onuň ýolbaşçylaryna sowmak gerek” diýip, Ýakymenko belleýär.

Analizçi Myhaýlo Pohrebinskiniň garaýşyça, Timoşenko we onuň öňki orunbasarlary barada alnyp barylýan derňewlere halkyň syýasy esasly diýip garamazlygy mümkin däl. Ol: “Timoşenko tussag edilse, bu onuň halkyň goldawyny gazanyp, syýasy sahna ýeňişli dolanyp gelmegi üçin iň gowy pursat bolar” diýýär.

Timoşenko hem özüniň tussaglykdan gorkmýandygyny eýýäm bildirdi. Ol düýn öz internet sahypasynda: “2005-nji ýylda Ýanukowiç we onuň tarapdarlarynyň edişi ýaly, men ýurdy taşlap, çet ýurtlara gitmerin ýa keselhanada gizlenip ýatmaryn” diýip ýazdy.
XS
SM
MD
LG