Türmeden boşadylmagynyň yzy bilen eden sözlän sözünde Julian Assanj: “Men özüme bildirilýän aýyplamalaryň boş aýyplamalardygyny subutnamalar bilen görkezip, öz işimi dowam etdirmegi, öz günäsizligimi goramagy dowam etdirmegi umyt edýärin” diýip nygtady.
Bir hepdeden gowrak türmede saklanan 39 ýaşly awstraliýaly Assanj owgan urşundan başlap, ors ýolbaşçylaryna çenli bolan dürli gizlin maglumatlary öz içine alýan ýüz müňlerçe gizlin dokumentleri ýaýratmak bilen, halkara derejesinde uly goh-galmagal döretdi.
Şwesiýanyň prokuraturasy Julian Assanjy bu ýurtda iki aýalyň garşysyna jynsy zorlukda aýyplap, onuň Şweýsiýa tabşyrylmagyny talap edýär. Onuň tarapdarlary bu aýyplamalaryň syýasy sebäbiniň bardygyny aýdýarlar.
Şwesiýanyň appellýasiýasy ret edilensoň, Julian Assanjyň adwokatlarynyň biri Mark Stefens žuranlistlere şeýle diýdi: “Bu bir ýerliksiz apellýasiýa diýip hasaplaýarys. Meniň pikirimçe, bu bir şowsuzlyk, şwesiýalylar tarapyndan Julian Assanja garşy alnyp baylýan duşmançylygyň bir bölegidiniň subutnamasy”.
Assanj boşadyldy, emma…
“WikiLeaks”-iň düýbüni tutujy Julian Assanj türmeden boşadylansoň eden çykyşynda özüniň boşadylmagy üçin gerekli puly jemlän tarapdarlaryna we hukuk goraýjy aktiwistlere minnetdarlyk bildirdi.
Assanj: “Ilki bilen maňa ynam edýän, men ýokkam meniň egindeşlerimi goldan dünýädäki ähli adamlara, şeýle hem batyrgaý we üstünlikli göreş alyp baran adwokatlaryma minnetdarlyk bildirýärin” diýdi. Ol: “Gelinýän netijeler hemişe adalatly bolmasa-da, adalat entek ölenok” diýip, Britaniýanyň sud häkimiýetlerine-de minnetdarlygyny mälim etdi.
Julian Assanj boşadylsa-da, islän ýerine gidip-gelip bilmez. Ol günorta Britaniýada bolmaly we her gün agşam polis edarasyna baryp, özüni bellige aldyrmaly. Başga ýurtlara gitmezi ýaly, polis onuň pasportyny-da elinden aldy.
Amerikan, britan we beýleki ýurtlaryň resmileri “WikiLeaks”-i howpsuzlyk güýçlerini, hökümet işgärlerini we milli howpsuzlygy howply ýagdaýa salanlykda aýyplaýarlar. Birleşen Ştatlaryň sud häkmiýetleri onuň garşysyna sud işini gozgamak barada derňew geçirýärler. Şwed prokurorlary hem Julian Assanjyň türmeden boşadylmagynyň özleriniň alyp barýan derňewlerine we onuň Şwesiýa tabşyrylmagy ugrundaky tagallalaryna täsir etmejekdigini aýdýarlar.