Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejad ornuny berkidýär


Prezident M.Ahmedinejad ozalky daşary işler ministri M.Mottaki bilen gürleşýär. 19-njy maý, 2010.
Prezident M.Ahmedinejad ozalky daşary işler ministri M.Mottaki bilen gürleşýär. 19-njy maý, 2010.

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad düýn daşary işler ministri Manuçehr Mottakini wezipesinden boşatmak bilen, öz ornuny pugrtalandyrdy.


Prezident Ahmedinejad bu wezipä wagtlaýynça ýurduň Atom energiýasy gullugynyň başlygy Ali Akbar Salehini belledi. Salehi ozal Eýranyň jedelli ýadro programmasyna ýolbaşçylyk eden adam.

Mottaki bilen Ahmedinejadyň gatnaşygynyň o diýen ysnyşykly däldigi ençeme ýyl bäri bilinse-de, ol wezipeden boşadylar öýdülmeýärdi. Bu barada IRNA döwlet habar gullugy tarapyndan neşir edilen beýannamada prezidentiň daşary işler ministrini näme üçin işden boşadandygy aýdylmaýar.

“Daşary işler ministrligine baştutanlyk eden döwrüňizde eden hyzmatlaryňyza we bitiren işleriňize ýokary baha berip, minnetdarlyk bildirýärin. Zähmetiňiz Allanyň alkyşyna mynasyp bolup, galan ömrüňizde halka we yslam milletine hyzmat etmekde size üstünlikler arzuw edýärin” diýlip, beýannamada bellenilýär.

Ýöne bu sözler Ahmedinejad bilen Mottakiniň arasyndaky oňuşmazlyklaryň üstüni ýapnak üçin aýdylan sözlerdir diýlip çaklanylýar. Synçylar Ahmedinejad bilen Mottakiniň arasyndaky oňuşmazlygyň soňky wagtlarda güýjändigine ynanýarlar.

Güman edilýän sebäpler

Eýranda önüp-ösen, häzir Ysraýylda ýaşaýan, Orta Gündogaryň ykdysady we syýasy meseleleri boýunça ekspert Meir Jawedanfar Mottakiniň esasan iki mesele boýunça Ahmedinejad bilen oňuşmandygyny öňe sürýär.

“Olaryň gatnaşygy köp wagtdan bäri dartgynlydy. Soňky wagtlarda iki mesele bu dartgynlylyga has-da goşant goşdy. Birinjisi, Ahmedinejadyň daşary işler boýunça öz emissarlaryny bellemegi boldy. Mottakiniň müňa garşy çykmagy netijesinde, bu işe Eýranyň ýokary dini lideri Aýatolla Ali Hameneýi hem goşulyşmaly boldy. Hameneýi prezidente ‘bir işiň gapdalyndan başgy bir iş etme’ diýen ýaly maslahat berdi. Netijede Ahmedinejad emissarlaryň durumyny üýtgedip, olary özüne maslahatçy hökmünde aldy. Beýleki mesele bolsa, Nigeriýa bukanun ýarag iberilmegi boldy. Mottaki Eýranyň ‘Rewolusiýa gwardiýasynyň’ bu mesele boýunça soraglara jogap bermegini isleýärdi. Emma olar bu meselede hyzmatdaşlyk etmediler. Mottakini bu-da gaharlandyrdy” diýip, Meir Jawedanfar ýagdaýa baha berýär.

Ahmedinejad daşary syýasata täsir edip, ony radikal ugra iteklemäge ozalam synanyşman durmandy. 2007-nji ýylda ol Milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary we ýadro gepleşiklerine wekilçilik edýän Ali Larijanini bu wezipeden boşadyp, öz ýakyn ýarany Saed Jalilini onuň ornuna belledi. Şonda Larijani bilen oňat gatnşyk saklaýan Mottaki hem wezipeden boşadylar diýlip çaklanypdy. Emma ony şonda Aýatolla Ali Hameneýi gorana meňzeýär.

Orta Gündogaryň ykdysady we syýasy meseleleri boýunça ekspert Meir Jawedanfar Mottakiniň wezipeden boşadylmagynyň Hameniýiniň razyçylygy bilen bolandygyna ynanýar.

“Bu hut şeýle boldy, sebäbi onuň bolmagyna Hameneýi rugsat berdi. Adatça, daşary işler minstrini, goranmak ministrini we aňtaw minstrini ýurduň ýokary dini lideriniň özi belleýär. Parlament bilen prezident hem onuň bilen ylalaşýarlar. Häzirki waka ozaly bilen bu işe Hameneýiniň razylyk berendigini görkezýär”.

“Munuň birnäçe sebäbi bolup biler. Birinjiden, bu ikisiniň arasyndaky dawanyň we onuň getirmegi mümkin netijeleriniň Hameneýini alada goýan bolmagy ähtimal. Ýene bir delil-de, ýokary dini ýolbaşçynyň Ahmedinejadyň öňdäki synagly günlere öz wepaly adamlary bilen taýýarlykly barmagyny isleýänligidir. Sanksiýalar güýjap, Günbatar bilen dartgynlylyk artanda, prezident bilen daşary işler ministriniň özara oňuşmazlygy hem Eýran üçin gowy däl” diýip, Jawedanfar öz pikirini mälim edýär.
XS
SM
MD
LG