Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aştiýaniniň ykbaly ýene garaňky


“Press” telewideniýesinde Aştiýaniniň we onuň oglunyň görkezilen suratlaryndan biri. 4-nji dekabr, 2010.
“Press” telewideniýesinde Aştiýaniniň we onuň oglunyň görkezilen suratlaryndan biri. 4-nji dekabr, 2010.

Eýranyň döwlet telewideniýesi zyna edenlikde günälenilip, daşlanyp öldürilmeli edilen aýalyň türmeden boşadylandygy baradaky habary şu gün berk inkär etdi.


“Press” telekanalynyň bu inkär ediji habary Sakineh Mohammadi Aştiýaniniň türmeden boşadylmagy ugrunda tagalla edenlere we onuň boşadylandygy baradaky habara şatlanan adamlara agyr zarba bolup degdi.

Bu wakanyň öňýany Eýranyň “Press” telewideniýesinde Aştiýaniniň Osku şäherindäki öýünde öz ogly Sajjad Gaderzadeh bilen birlikde görkezilmegi onuň türmeden boşadylandygy barada myş-myşlaryň ýaýramagyna sebäp bolupdy.

Ýöne “Press” telekanalynyň internet sahypasynda aýdylyşyna görä, Sakineh Mohammadi Aştiýani türmeden boşadylmandyr. Oňa diňe adamsyny nähili öldürendigi barada taýýarlanýan bir dokumental filme gatnaşmagy üçin öýüne gitmegine rugsat edilipdir.

Şol maglumatda aýdylmagyna görä, bu programma şu gije telewideniýede görkeziler.

Ýene ýiti reaksiýalary döretdi

Daşlap öldürmelere garşy is alyp barýan Germaniýadaky Halkara komitetiň wekilleri bu soňky habara ýiti reaksiýa bildirdiler.

Bu Halkara komitetiň adam hukuklary boýunça aktiwisti Mariam Namazi “Aktiwistler Aştiýaniniň öz ogly bilen bu telewizion programma gantaşanlygy sebäpli, ol türmeden boşadylypdyr diýip pikir etdiler” diýdi.

Mariam Namazi Eýranyň “Press” telewideniýesini adamlary aldawa salmak üçin şeýle suratlary bilgeşleýin efire goýberenlikde aýplady.

“Biz bu barada ‘Press’ telewideniýesiniň işini kesgitli ýazgarýarys. Olar özlerini media serişdesi diýip atlandyrýarlar. Şol bir wagtyň özünde-de, olar režimiň aňtaw gullugynyň organy ýaly iş alyp barýarlar. Olar Aştiýani bilen onuň ogluny Aştiýaniniň adamsyny öldürenligini boýun almaga mejbur edýärler. Olar bu işi bilgeşleýin edýärler. Munuň esasy sebäpleriniň biri bolsa - Aştiýaniniň daşlanyp öldüriljekdigi bilen bagly dörän gahar-gazap. Olar şeýdip, bir bahana tapyp, muny ölüm jezasyna öwürmek isleýärler, ony adamsyny öldürenlikde günäli tapjak bolýarlar” diýip, Mariam Namazi öz garaýşyny mälim etdi.

Dawa döredýän höküm

Eýranyň sudy Sakineh Mohammadi Aştiýanini zyna edenlikde we öz ärini öldürenlikde günäläp, onuň daşlanyp öldürilmelidigi barada höküm çykarypdy. Ýöne günbatar ýurtlarda muňa garşy goh turansoň, bu höküm ýerine ýetirilmän, yza süýşürilipdi.

Ýewropa Bileleşigi bu aýal barada çykarylan hökümi “wagşyçylykly” diýip atlandyrdy. Watikan bolsa, rehim-şepagat sorap, eýrän häkimiýetlerine ýüz tutdy. Braziliýa hem Aştiýaniýä baş pena bermegi teklip etdi.

Muňa garamazdan, adamsyny öldürenlikde günäli tapylansoň, onuň dardan asylyp öldürilmegi mümkin diýen garaýyşlar hem bar.

Prezident Mahmud Ahmedinejad ýakynda, sentýabr aýynda amerikan telewideniýesine beren bir interwýusynda beýleki eýran resmileriniň tersine, Aştiýaniniň daşlanyp öldürilmäge höküm edilendigini inkär edipdi.

Eýranyň döwlet habar serişdelerinde hem zyna işi agzalman, ol adamsyny öldürenlikde aýplanylýar.
XS
SM
MD
LG