Guramanyň 15 ýaşly çagalaryň arasynda geçiren we olaryň elektron maglumatlardan peýdalanmak ukybyny öwrenmeklige gönükdirilen hasabaty 65 ýurtda ýarym million okuwçynyň gatnaşmagynda geçirilen barlaglara esaslanyp taýýarlanylan.
Ýaşlaryň arasynda takyk ylymlar boýunça test synaglarynyň geçirilenligi hem habar berilýär. Finlýandiýa we Günorta Koreýadan başga iň gowy netije görkezen döwletleriň arasynda Hytaýyň Gong-Kong regiony, Singapur, Kanada, Täze Zelandiýa we Ýaponiýa agzalýar. Yza galýan ýurtlaryň arasynda postsowet ýurtlaryndan Azerbaýjan, Gazagystan we Gyrgyzystan bellenýär.
Dünýä ýüzünde demokratiýany we bazar ykdysadyýetini ösdürmek ugrunda hökümetler bilen hyzmatdaşlyk edýän Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD) hasabatynda Türkmenistana baha berilmeýär. Türkmenistan gurama agza döwletleriň sanawynda hem agzalmaýar.
Türkmenistanda-da möhüm mesele
Emma çagalaryň sowatlylyk meselesi Türkmenistan üçin hem möhüm meseleleriň biridir. Soňky ýyllarda ýaşlaryň arasynda ýokary bilimli bolmak ugrundaky tagallalar gitdigiçe güýçlenýär. Ene-atalar islendik mümkinçilikden peýdalanyp, çagalaryna bilim bermäge synanyşýarlar.
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 9 ýyllykdan 10 ýyllyga geçirilmegi ýurduň orta bilim möhletini ortaça halkara kadalaryna laýyk getirdi we türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlara gidip okamak mümkinçiliklerini artdyrdy. Emma ýurduň daşyna gidip okamak şu günki gün Türkmenistanda bilimli bolmak isleýänler üçin esasy mümkinçilik bolup galýar.
Şu ýyl Türkmenistanyň 17 ýokary okuw jaýyna alnan studentleriň jemi sany 3 müň 480 adamdan ybarat boldy. 2010-njy ýylda ýurduň orta mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň sany bolsa 100 müňden hem geçýär.
Üstesine, ýaşlaryň öz ýurdunda bilim almagyna korrupsiýanyň hem päsgelçilik berýänligini Türkmenistanyň ýaşaýjylary gürrüň berýärler. “Türkmenistanda 16-17 müň dollaryň bolmasa ýokary okuw jaýyna okuwa girip hem bolanok” diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly bir ýaşaýjy gürrüň berdi.
Käbir garaşsyz maglumatlarda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin paranyň möçberiniň 100 müň dollara çenli ýetýänligi habar berilýär. Emma bilim sistemasyndaky parahorlyk we korrupsiýa ýaly meseleler Türkmenistanyň habar serişdelerinde asla gozgalmaýar.
Näme päsgel berýär?
Moskwanyň Döwlet tehnologiýa uniwersitetiniň öňki mugallymy, Türkmenistanyň Rus jemgyýetiniň ýolbaşçysy Anatoliý Fominiň sözlerine görä, daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň ýüzbe-ýüz bolýan esasy kynçylyklarynyň biri orta bilim derejesiniň gowşaklygy bilen bagly.
Türkmenistanyň bilim sistemasynyň reformasyny başlangyç we orta mekdeplerde berilýän bilimiň derejesini gowulandyrmakdan başlamaly diýip, Fomin belleýär. Onuň pikiriçe, bilim sistemasynyň reformasynyň netijeliligi kadrlara hem bagly.
Ynsan hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin kadrlar krizisinden çykmak üçin ýurduň daşarky dünýä üçin açylmalydygyny aýdýar: “Hem türkmen studentleriniň daşary ýurt okuw jaýlarynda okamaklary, hem- de daşary ýurtlardan mugallymlaryň Türkmenistana barmaklary we öz tejribelerini paýlaşmaklary üçin mümkinçilik döretmeli. Bu özara baýlaşdyryjy proses bolmaly”.
Synçylaryň pikirine görä, Türkmenistanyň bilim sistemasynyň reformasy hemmetaraplaýyn bolmaly we ol başlangyç bilimden başlap, taýýar kadrlardan netijeli peýdalanmak meselelerini hem öz içine almaly.
Farid Tuhbatullin Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryny tamamlan spesialistleriň öňünde emeli päsgelçilikleriň hem döredilýänligine ünsi çekip, bu ýagdaýyň-da ýurduň ykdysady we sosial ösüşine zeper ýetirýänligini aýdýar.