2009-njy ýylyň aprel aýynda moldawanlar paýtagt Kişinýowda köçelere dökülip, parlament saýlawlarynyň netijelerine protest bildirdiler. Bu ýagdaý häkimiýeti Kommunstik partiýanyň gysajyndan çykardy welin, ýöne ýurt çykgynsyz ýagdaýa düşüp, hem Orsýetiň tarapyny çalýan Kommunitik partiýa hem-de Günbatara ýykgyn edýän dört partiýadan ybarat “Ýewropa Integrasiýasy Alýansy” doňup galdy.
Onsoň, iki gezek synanyşyp, bir prezident saýlap bilmedik parlament ýatyrylyp, 2009-njy ýylyň iýul aýynda ýene bir saýlaw geçirildi. Bu saýlawyň hem Alýansyň güýjüni az-kem artdyrmakdan başga beren aýgytly netijesi bolmady. Şol sebäpden, ine, 28-nji noýabr, ýekşenbe güni moldawanlar ýene-de ses berişlige gidýär.
Paýtagt Kişinýowda bir saýlawçy syýasatçylaryň arasyndaky dawa-jenjelden özüniň halys irendigini aýdýar: “Iň möhüm zat Moldawada syýasy krizisiň çözülmegi. Bu ýagdaý ne bize - ýönekeý raýatlara, ne-de syýasatçylara gowy. Näme isleýändigimiz, saýlawdan soň Moldawanyň haýsy ugra gönükjekdigi bilinse gowy”.
Yşyk görnenok
Ýöne bu umyt hasyl bolmajaga meňzeýär. Geçirilen soňky pikir soralyşyklar alty sany partiýanyň parlamentden orun aljakdygyny we häzirki ýagdaýda haýsydyr bir düýpli üýtgeşikligiň bolmajakdygyny görkezýär.
Birleşen Ştatlar bilen Ýewropa Bileleşigi “Ýewropa Integrasiýasy Alýansyny” ileri tutýarlar. Kişinýowly syýasy analitik Aneli Ute Gabanynyň garaýşyça, bu goldawyň möhüm rol oýnamagy mümkin.
“Meniň pikirimçe, bu saýlaw gaty ähmiýetli. Muny daşardan, Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlardan gelýän yşaratlar-da görkezýär. Bular gaty aýdyň yşaratlar. Esasy zat - Moldawanyň saýlajak ýoly. Muny daşardan görmek bolýar” diýip, Gabany aýdýar.
Kimler barar?
Möhüm zatlaryň biri - ses berişlige näçe adamyň gatnaşjakdygy. Orsýete ýykgyn edýän köne nesliň saýlawa gitjekdigi şübhesiz. Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistik region Transdniester hem, garaşsyzlyk yglan edendigine garamazdan, saýlawa goşulýar. Ýöne bu ýerde-de adamlar häzirki ýagdaýdan ýadana meňzeýär.
“Biziň telewideniýe kanalymyz ýok. Şol sebäpden Moldawada nämeleriň bolup geçýändigini bilemzok. Bu ýerde telewideniýeden we radiodan Moldawa barada berilýän zatlar bu ýerdäki ýolbaşçylara peýdaly. Nämeleriň bolup geçýändigini bize görkezenoklar. Mysal üçin, men bir moldawan raýaty, şol sebäpden Moldawa barada köpräk maglumat almak isleýärin” diýip, Tiraspolda ýaşaýan bir saýlawçy aýdýar.
Ýaşlar we Alýansyň tarapdarlary ses berişlige ýeterlik sanda gatnaşarmy - ol belli däl. Mysal üçin, sentýabr aýynda Alýans göni prezidentlik saýlawyny Baş kanuna girizmek baradaky referendumy ýola goýdy. Ýöne Alýans “hawa” diýip, näçe gygyrsa-da, muny goldanlaryň sany 33 prosente ýetmän, bu iş başa barmady.