Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň uran desgasy goňşularyny galagoplyga saldy


Demirgazyk Koreýanyň ozal gizlin saklanan uran baýlaşdyryjy desgasyny dünýä indi näme üçin görkezýänligi belli däl.
Demirgazyk Koreýanyň ozal gizlin saklanan uran baýlaşdyryjy desgasyny dünýä indi näme üçin görkezýänligi belli däl.
Amerikan alymy Sigfraýd Hekeriň “Demirgazyk Koreýa gizlin uran baýlaşdyryjy desga gurupdyr” diýen habary bu ýurduň goňşularyny galagoplyga saldy. Ýaponiýa bu işi “bütinleý kabul ederliksiz” diýip atlandyrsa, Günorta Koreýa özüniň gaty aladalanýandygyny bildirdi.

Goňşularyň aladasy ýöne ýere däl. Sebäbi bu ýagdaý Phenýanyň atom bombasyny öňdürmek başarnygyny güýçlendirip bilýär. Tanymal amerikan alymy Heker 20-nji noýabrda täze gurlan Ýongbýon ýadro toplumlaryna aýlanyp görmek üçin özüniň Demirgazyk Koreýa çagyrylandygyny bildirdi.

Amerikan alymy Sigfraýd Heker
ABŞ-nyň Los Alamos ýadro laboratoriýasynyň öňki direktory Sigfraýd Heker gören zatlarynyň gaty täsindigini aýdýar. Demirgazyk Koreýada diňe bir sanlyja, kiçijik sentrifuga kaskadlary bardyr diýip garaşan alym, öz aýtmagyna görä, müňden agdyk arassa, döwrebap sentrifugalar bilen ýüzbe-ýüz bolup, aňk-taňk bolupdyr.

Amerikan alymy Sigfraýd Hekeriň ýanyndaky resmiler şol ýerdäki sentrifugalaryň sanynyň iki müňdügini, 2008-nji ýylda gurluşygyna başlanan bu desganyň hem eýýäm ulanmaga berlendigini aýdypdyrlar. Ýöne Heker bu aýdylanlary tassyklap bilenok.

Demirgazyk Koreýanyň resmileriniň Hekere aýtmagyna görä, bu desga ýeňil suw ýadro reaktoryny ýangyç bilen üpjün etmek üçin gurlupdyr. Reaktor parahatçylykly maksatlar üçin elektrik öndürýär.

Amerikanyň Birleşen ştab başlyklarynyň ýolbaşçysy Admiral Maýk Mallen bu habara reaksiýa görkezip, Demirgazyk Koreýany “gaty howply” ýurt diýip atlandyrdy. Onuň aýtmagyna görä, bu täze uran baýlaşdyryjy desgany aňsatlyk bilen özgerdip, atom bombasyna gerekli ýokary derejede baýlaşdyrylan uran öndürip bolýar.

Birleşen Ştatlar tarapyndan görkezilen reaksiýalaryň galanlary esasan oýlanyşykly. Prezident Barak Obamanyň Demirgazyk Koreýa baradaky ýörite wekili Stefen Boswort düýn Seulda žurnalistlere: “Bu bir lapyňy keç edýän habar, muňa şübhe ýok. Galyberse-de, bu Demirgazyk Koreýa tarapyndan edilen prowokasion göçümleriň ýene biri. Ýöne bu bir krizis däl, muny-da aýtmak gerek. Bu bizi geň galdyranok” diýdi.

Obamanyň Demirgazyk Koreýa baradaky ýörite wekili Boswort Demirgazyk Koreýanyň goşa ulanyşly ýadro tehnologiýasyny dowam etdirmegi Birleşen Ştatlaryň ony ýadrosyzlanmaga yrmak baradaky syýasatynyň şowsuzlyga uçrandygyny görkezýär diýen pikiri-de ret etdi.

“Meniň pikirimçe, ähmiýetli zat biziň bu barada regionyň möhüm döwletleri bilen utgaşykly iş alyp barmagymyz. Biziň etmäge synanyşýanymyz hem şol. Ýöne men Demirgazyk Koreýa baradaky syýasatymyzyň bir şowsuzdygyny asla kabul edemok. Bu bir gaty kyn problema. Biz indi 20 ýyla golýa bäri bu ugurda göreşip gelýäris”.

Demirgazyk Koreýanyň ozal gizlin saklanan uran baýlaşdyryjy desgasyny dünýä indi näme üçin görkezýänligi belli däl. Synçylaryň pikiriçe, onuň muny bady gaçan alty taraplaýyn gepleşikleri dowam etdirmäge beýlekileri mejbur etmek üçin tapan bolmagy ähtimal.
XS
SM
MD
LG