Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ekologik başlangyçlary öňe sürýär


Daşky gurşawy goramak meselesi Türkmenistanyň prezidentiniň 20-nji sentýbarda Nýu Ýorkda eden çykyşynyň bir bölegi boldy.

BMG-niň Baş assambleýasynyň 65-nji sessiýasyndaky çykyşynda G.Berdimuhamedow regional derejede ekologiýa problemalaryny çözmegiň Müňýyllygyň makstlaryna ýetmek boýunça işiň esasy bölegi bolup durýanlygyny belledi. Ol Aral deňzini halas etmek we Hazar deňziniň seýrek tebigy baýlyklaryny goramak meselesini göz öňünde tutýanlygyny aýtdy.

Türkmen prezidentiniň çykyşynda mälim edilişine görä, Türkmenistan BMG-niň edaralary bilen hyzmatdaşlyk arkaly Aral deňzini halas etmek boýunça halkara kanun dokumentini işläp düzmäge ukyply ýörite halkara ekspertler toparyny döretmek teklibini öňe sürýär. Şeýle-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň Merkezi Aziýa we Hazar regionynda ýerleşmegine mümkinçilik döretmek teklibini edýär.

Türkmenistanyň BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça edarasynyň Merkezi Aziýada we Hazar regionynda aktiw iş alyp barmagyna garaşýanlygy we bu edaranyň regionyň döwletleriniň birinde regional bölümini açmagy teklip edýänligi mälim edildi. G.Berdimuhamedowyň sözlerine görä, Türkmenistan munuň üçin zerur infrastrukturany üpjün etmäge taýýar.

Suw problemasy nämeden ybarat?

Prezident G.Berdimuhamedowyň bellemegine görä, suw resurslaryndan peýdalanmak ekologiýa degişli esasy problemadyr we Türkmenistan bu meseläniň çözgüdiniň gözlegine ykrar edilen halkara kanunlarynyň esasynda we regionyň beýleki döwletleriniň bähbitleriniň nukdaýnazardan çemeleşýär.

Emma Tükmenistanyň sözde ekologiýa ugrunda halkara derejesinde käbir inisiatiwalary öňe sürýänligine garamazdan, synçylar onuň özüniň ýurduň we regionyň ekologiýasyna howp döredýän birnäçe hereketleri dowam etdirýänligini belleýärler. Hut şol suw problemasy-da Türkmenistanyň öňünde duran agyr meseleleriň biri bolup galýar.

2009-njy ýylyň iýul aýynda “Altyn asyr” köli işe girizilip, onuň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanly synçy Döwletmyrat Ýazgulyýew şor suwlary Garagum çölüne jemlemek boýunça proýektiň öňden bäri dörän we üstünde işlenen peýdaly başlangyçdygyny belledi. Emma ol henize çenli türkmen kölüniň ylymdan geçmedikdigini we ýapyklygyna galýanlygynyny öňe sürüp, bu kölüň ekologiýa ýaramaz täsir ýetirmek howpunyň bardygyny aýtdy.

“Eýýäm Garagum çölüniň duzlaşyp başlanlygy, eger-de şor suwlar häzirki gidişine geçirilip dursa, geljek 30-40 ýylda Garagum çölüniň şorluga batgalyga öwrüljekdigini suw ugrundan käbir spesialistleri tassyklaýarlar. Çölde biologiki ýagdaýlar hem üýtgeýär. Garagum çölündäki towşanlaryň gyrlyp gutarmagynyň mümkindigini aýdýarlar” diýip, D.Ýazgulyýew öz howsalasyny mälim edýär.

Türkmenistanyň oba hojalygy boýunça öňki geňeşçisi Wladimir Ýerofeýewiň pikirine görä, ýer önümçiliginde ulanylan suwlary ýygnamak boýunça döredilen emeli kölüň Türkmenistanyň we regionyň ekologiýasyna ýetirip biljek täsiri şu günki gün anyk däl. Bilermen bu kölüň geljeginiň garaşsyz spesialistler tarapyndan we halkara derejesinde öwrenilmeginiň zerurdygyny belledi.

W.Ýerofeýew Türkmenistanda suw bilen bagly problemalaryň arasynda suwy tygşytly ulanmak bilen bagly kemçilikleriň we Amyderýanyň suwunyň azalmagynyň dowam edýänligini hem aýdýar.

Regional we halkara hyzmatdaşlyk

Wladimir Ýerofeýewiň sözlerine görä, Amyderýanyň suwunyň azalmagy bütin dünýäde howanyň belli bir derejede maýlamagyna bagly. Şol bir wagtda-da Amyderýanyň suwunyň azalmagynyň tutuş Merkezi Aziýa regionynyň suw we azyk üpjünçiligine howp döredýänligini, ilkinji nobatda-da Türkmenistan bilen Özbegistanyň gorky astyndadygyny bilermen belledi.

“Şu günki gün problema bilen baglylykda regionyň döwletlerinde aladalanma duýulýan hem bolsa takyk çäreler görülmeýär. Problema boýunça döwletara we ekspertler derjesinde ýeterlik maslahat edilmeýär, problemanyň öňüni almak boýunça çäreler işlenip düzülmeýär” diýip, Ýerofeýew aýdýar.

Suw resurslarynyň çäkliligine ünsi çekip, Wladimir Ýerofeýew suwuň üstünde regionyň döwletleriniň arasynda geljekde konfliktleriň döremek howpunyň öňüni almak boýunça şu günki gün çäre görmegiň ähmiýetiniň uludygyny nygtady.

Daşky gurşawy goramak ugrunda halkara we regional hyzmatdaşlygyň ähmiýetini alym, Moskwanyň Döwlet Uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň ylmy işgäri Nikolaý Dronin hem belleýär. Dronin Merkezi Aziýa regionynda ekologiýa we suwa degişli şu günki gün bar bolan problemalaryň döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň kemçilik edýänligine baglydygyny belledi.

Suw resurslary regional döwletleri özara baglanyşdyrýan we ählisi üçin deň derejede ähmiýetli umumy mesele. Emma, Droniniň tassyklamagyna görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň suw we ekologiýa problemalaryna bütewi we regionyň hökümetleriniň ählisine degişli mesele hökmünde çemeleşmezligi geň galdyrýar.

Droniniň pikiriçe, regional hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin BMG ýaly abraýly halkara strukturalar birleşdiriji wezipäni ýerine ýetirip, suw resurslary boýunça-da hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny kepillendirip bilerdi.
XS
SM
MD
LG