26-njy awgustda Oşyň Döwlet uniwersitetiniň rektory Muhtar Orozbekow Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy bilen söhbetdeşlikde: “Regional habar serişdeleriniň maglumatlaryna üns berseň, türkmen hökümedi Oşda okaýan studentleriň köpüsine bu ýere gelmäge rugsat bermejege meňzeýär” diýip, belledi.
Muhtar Orozbekowyň sözlerine görä, bahar aýlarynda Oşuň Döwlet uniwersitetinde Türkmenistandan 640 student okaýan eken.
Bu türkmenistanly studentler iýun aýynyň ortalarynda gyrgyzlar bilen özbekleriň arasynda bolan etniki çaknyşyklaryň dowamynda Oşdan äkidilipdi.
Ýöne Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyndan gowşan maglumata görä, Gyrgyzystanda okaýan türkmenistanly ýaşlar ol ýere gitmek üçin ilki ýurduň Migrasiýa gullugynyň resmileri bilen duşuşmaly. Şol duşuşykda olara Gyrgyzystana gitmegiň howply taraplary düşündirilýär. Ýöne student şondan soňam bu ýurda gitmek islese, onuň ene-atasy ýa özi Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň başlygynyň adyna haýyşnama ýazmaly.
Ýerli habarçy Gyrgyzystana okuwa gidýänleriň ýurtdan goýberilmegi bilen bagly meseläniň şeýle usulda çözülýändigini we şu esasda okuwyny dowam etdirmäge mümkinçilik alýanlaryň hem, okuw ýerlerini üýtgedýänleriň hem bardygyny habar berýär.
Studentleriň sany 50% kemeler
Orozbekowyň sözlerine görä, howpsuzlyk meselesi sebäpli özbegistanly studentlerden hem 872 adamyň okuwyna dolanmazlygy ähtimal. Oşuň döwlet uniwersitetiniň rektory täze okuw ýylynda okuwa başlajak studentleriň sanynyň 2009-njy ýyla garanda 50% kem boljagyny çak etdi.
Oşuň Döwlet uniwersitetiniň 15 fakultetinde jemi 25 müň student okaýar. Geçen semestrde bu uniwersitetdäki daşary ýurtly studentleriň sany 2 müň 250 adamdan ybarat bolupdy.
25-nji awgustda Gyrgyzystanyň häkimiýetleri Oşuň we Jelalabadyň ýokary okuw jaýlarynda okuw ýylynyň başlanjak möhletiniň 18-nji oktýabra çenli yza süýşürilmeginiň mümkindigini yglan edipdiler.
Oşuň Döwlet uniwersitetiniň rektory Muhtar Orozbekowyň sözlerine görä, okuw ýylynyň başlanjak möhletiniň yza süýşürilmegi studentleriň geçen semestrini tamamlamak zerurlygyna bagly. Muhtar Orozbekow studentleriň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dürli çäreleriň görülýänligini belledi.
Gyrgyzystanyň bilim ministri Kanat Sadykowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, okuw ýylynyň başlanjak möhletiniň yza süýşürilmeginiň ýene bir sebäbi 10-njy sentýabrda geçiriljek parlament saýlawlary kampaniýasynda studentleriň syýasy toparlar tarapyndan bu kampaniýalara çekilmek we ulanylmak ähtimallygynyň öňüni almak masakdy bilen bagly.