Bu Bitaraplyk diňi ýurduň bitaraplygynyň üç ýyllygy mynasybetli 1998-nji ýylda gurlupdy.
Türkmenistanyň birinji prezidentiniň heýkelini saklaýan Bitaraplyk diňini aýyrmak boýunça işler iýun aýynda başlandy. Halkara köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, 25-nji awgustda S.Nyýazowyň altyn çaýylan 12 metrlik heýkeli aýryldy.
Şu günki güne çenli Türkmenistanyň we Aşgabadyň esasy simwoly hökmünde tanalan Bitaraplyk diňiniň depesinden S. Nyýazowyň heýkeliniň aýrylmagyna türkiýeli bilermen, Ankaranyň Gazy uniwersitetiniň professory Mehmet Seýfetdin ýurduň S.Nyýazow döwrüni ýada salýan mirasdan saplanmagynyň başlangyjy hökmünde garaýar. Mehmet Seýfetdiniň pikirine görä, türkmen häkimiýetleri öz ädimleri bilen ýurduň demokratik ýoldan gadam basmaga isleginiň bardygyny görkezmek isleýärler.
Bitaraplyk diňiniň paýtagtyň merkezinden aýrylmagy şäheriň durkuny täzelemek boýunça planyň çäginde amala aşyrylýar.
Paýtagtyň «durkuny täzelemek»
Hökümetiň 2008-nji ýylyň maý aýynda yglan eden kararyna laýyklykda, Bitaraplyk diňi paýtagtyň Bitaraplyk prospektiniň günorta bölegine göçürilip, Köpetdagyň eteginde ýerleşdiriler. Resmi derejede bu çäre paýtagtyň arhitektura keşbini gowulandyrmak maksady bilen delillendirilýär.
Beýikligi 95 metr edip guruljak täze Bitaraplyk monumenti Bitaraplyk prospektiniň we onuň töwereginiň rekonstruksiýa proýektiniň düzümine girýär. Käbir maglumatlara görä, proýektiň umumy bahasy 217 million dollardan aşýar. Proýekti prezident G.Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy durmuşa geçirýär.
Türkmenistanyň birnji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň altyn çaýylan heýkeli goýlup, 1998-nji ýylyň 12-nji dekabrynda açylan Bitaraplyk diňini hem Türkiýäniň “Polimeks” Kompaniýasy gurupdy. Gurluşyga döwlet býujetinden 12 million dollardan gowrak pul sarp edilipdi.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Hudaýberdi Orazow Bitaraplyk diňini göçürmek we, umuman, paýtagtyň durkuny täzelemek boýunça çärelere agyr sosial-ykdysady kynçylyklar dowam edýän döwürde döwlet pulunyň boş sarp edilmegi hökmünde garaýar.
Ilatyň garaýşy
Türkmenistanly synçy Nurgeldi S.Nyýazowyň heýkeliniň aýrylanlygy barada şu günler ýurtda habar berilmänligini Azatlyk Radiosyna gürrüň berip, paýtagtyň merkeziniň durkuny täzelemek boýunça çärelere ummasyz puluň sarp edilişiniň il içinde makullanmaýanlygyny belledi.
Regional bilermen Mehmet Seýfetdin awtoritar syýasaty bilen özüni tanadan Nyýazowyň heýkelini aýyrmak bilen türkmen hökümetiniň öňki prezidentiň şahsyýet kultundan daşlaşmak maksadyny göz öňünde tutýan bolmagynyň ahmaldygyny çak edýär.
Saparmyrat Nyýazow ýogalansoň, ýurtda onuň suratlary we heýkelleri aýrylyp başlandy, olaryň köpüsiniň ýerini häzirki döwlet baştutanynyň suratlary eýeledi.
Syýasat özgerdimi?
Hudaýberdi Orazowyň pikirine görä, Türkmenistanyň häzirki hökümeti Nyýazowyň suratlarynydyr-heýkellerini ýok edip, onuň adyny agzamakdan saklanýan hem bolsa, Nyýazowyň döreden sistemasyndan el çekmekçi däl. Hudaýberdi Orazowyň bellemegine görä, Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda “Ruhnamanyň” güýçli rolunyň saklanyp galmagy-da muny tassyklaýar.
Şu günki güne çenli “Ruhnama” Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda öwredilýän esasy sapaklaryň biri bolup galýar. Türkmenistanly ýerli synçy Nurgeldi türkmen häkimiýetleriniň alyp barýan şular ýaly syýasatyndan nägilelikleriň il içinde güýçlenýänligini belledi. Hudaýberdi Orazowyň pikirine görä, Türkmenistanyň awtoritar režimiň mirasyndan saplanmagy üçin kanunlar we raýatlaryň hukuklary doly berjaý edilmeli.
“Hökümet halk tarapyndan saýlanan ýolbaşçylardan düzülmeli, adamlar hakykaty aýtmak we erkin gürlemek mümkinçiligine eýe bolmaly. Döwlet syýasaty halkyň durmuşyny gowulandyrmak maksadyna eýermeli. Hiç bir ýolbaşçy döwlet puluny özüçe sowmaga hakly boplmaly däl” diýip, H.Orazow belledi.