Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan çäklendirmeleri güýçlendirýär


19-njy awgustda geçirilen maslahatda ýurtda çap edilýän neşir önümleriniň hilini gowulandyrmagyň zerurlygy nygtaldy we çäklerdirmeler barada-da gürrüň edildi.


Medeniýet ugrunyň we köpçülikleýin habar serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilen bu maslahatda prezident G.Berdimuhamedow daşary ýurtlardan Türkmenistana pes hilli neşir we wideo önümleriniň getirilýändigini, şoňa görä-de beýle önümleriň getirilmeginiň öňüni almalydygyny aýtdy we bu ugurda degişli ýolbaşçylara görkezmeler berdi.

Daşary ýurtlardan Türkmenistana barýan neşir we wideo önümleriniň öňüni almak barada ýurduň Gümrük gullugynyň ýolbaşçysyna tabşyryk berende, prezident G.Berdimuhamedow häzirki wagt ýurtda çap edilýän neşir önümleriniň möçberiniň içerki zerurlyk üçin ýeterlikdigini hem belledi.

Türkmenistanyň Gümrük gullugyna berlen bu görkezmäniň hatda ýurduň syýasy we informasion üzňeligine öňden öwrenişen ilatyny-da geň galdyranlygyny ýerli ýaşaýjylar gürrüň berdiler.

Ýene anyklyk ýok

Elbetde, türkmen ýolbaşçysynyň resmi görkezmesiniň pornografiýa we dini ekstremizme bagly halkara derejesinde gadagan edilen neşir we wideo materiallaryna degişli bolmagy ahmal. Ýöne, synçylaryň pikiriçe, beýle bolanda, gadagan edilen önümleriň görnüşleriniň anyklaşdyrylmagy we takyk sanawy zerur.

Türkmenistanyň prezidentiniň 19-njy awgustda medeniýet ugrunyň we köpçülikleýin habar serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça geçiren bu maslahatynda gadagançylygyň wideo we neşir önümleriniň haýsy görnüşine degişlidigi takyklaşdyrylmady. Onda “Daşary ýurtlardan hil we mazmun taýdan pes derejeli önümleriň gelmeginiň öňüni almak” diýen buýruk bilen çäklenildi.

Ilaty informasion gabawa sezewar etmek syýasatyny ýöredýän Türkmenistana neşir we wideo önümleriniň eltilmegine köplenç öňem resmi taýdan rugsat berilmeýärdi. Serhetçiler we gümrükçiler tarapyndan aýratynam ilkinji nobatda gazet-žurnallar saklanylýar.

Ýerli synçylar beýleki ýurtlarda açyk satylýan gazet-žurnallaryň-da türkmen serhedinden geçýänleriň elinden alynýandygyny aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, halkara derejesinde gadagan edilen neşirleriň we wideo materiallaryň Türkmenistana aralaşmak mümkinçiligi ozalam örän ujypsyz we şonuň üçinem bu ugurda ýörite gadagançylyk girizmäge zerurlyk hem ýok.

Tarapdarlar we garşylar

Garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanyň ilaty üçin daşary ýurtlardan gelýän informasiýanyň elýeterliligini we şeýle maglumatlary ýurda getirmek mümkinçiligini nola deňedi.

Ýöne beýleki tarapdan ol “Yaş oglanlar bilen gürrüňdeş bolamda, olar daşary ýurtlardan getirilýän wideolaryň arasynda pornografik kinolaryň, ýagny, türkmeniň däp-dessurlaryna laýyk gelmeýän kinolaryň bardygyny aýtdylar. Getirilýän dini edebiýatlaryň arasaynda-da hristiançylyga degişli «Iogowanyň sayatlary» we beýleki toparlara degişli kitaplar bar. Özi-de şol kitaplar nireden getirilýänem bolsa, şol ýerlerde-de bu kitaplaryň kanuny ýol bilen çykmadykdygyny aýdýarlar. Ine, şu babatda türkmeniň däp-dessurlaryna, ahlagyna gabat gelmeýän informasiýa akymyny beklemek gerek” diyip belledi.

Adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatulliniň bellemegine görä, öňden ýöredilýän düzgüne laýyklykda türkmen serhedinde syýasata, dine we pornografiýa degişli informasiýa önümleri ýurda barýanlaryň elinden alynýardy. Emma serhetden geçýänleriň elinden alynýan önümler resmi hasaba alynmansoň, adatça, konfiskasiýa edilýän ol önümler serhetçileriň öz eline geçýärdi.

Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, Gümrük gullugyna berlen soňky buýruk ozalky bar bolan gadagançylygy hasam güýçlendirer.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda daşary ýurtdan getirilýän neşir önümleriniň möçberi öňküsine garanda artdy. 2008-nji ýylda Türkmenistan Orsýetiň “Rospeçat” we “Informnauka” agentlikleri bilen daşary ýurt gazet-žurnallaryny satyn almak barada ylalaşyk baglaşdy. Emma Türkmenistan tarapyndan satyn alynýan ylmy-tehniki neşirlere ýurduň diňe döwlet we pudak edaralary ýazylmaga hakly.

Häkimiýetleri näme gorkuzýar?

Türkmenistanyň Gümrük gullugyna neşir we wideo önümleriniň öňüni almak barada berlen görkezmäniň maksadyny käbir synçylar türkmen häkimiýetleriniň ýurduň daşarky dünýäden üzňeligini güýçlendirmek we informasiýanyň akymyny çäklendirmek islegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Memorial” guramasynyň Merkezi Aziýa programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarýow türkmen ýolbaşçylarynyň täze gadagançylygyny ýurda dürli ýollardan barýan daşary ýurt gazet-žurnallarynda Türkmenistan barada tankydy maglumatlaryň gitdigiçe köpelýanligi bilen baglanyşdyrdy.

Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, türkmen hökümetiniň 19-njy awgustda geçiren maslahatynda yglan eden bu planlary pikir we söz azatlygyna gysyşyň dowam etdiriljegini we döwletiň informasiýa gözegçiligini güýçlendirjegini aýan edýär.

Adam hukuklaryny goraýjynyň pikirine görä, häkimiýet başynda galmak isleýän türkmen ýolbaşçylary öz ideologiýasyna ters gelýän pikirleriň we duýgularyň ýurtda güýçlenmeginiň öňüni almaga çalyşýarlar, sebäbi ýurtdaky ýagdaýyň resmi propagandanyň görkezişinden tapawutlanýanlygyna düşünýän raýatlar öwrülişikleriň zerurlygyna göz ýetirip, geljekde häkimiýet başyndaky režime göni howp döredip bilerler.

Şol bir wagtda-da, bilermenleriň bellemegine görä, Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligine aralaşmak we demokratik ösüş barada yglan edýän planlarynyň başa barmagy üçin ilatyň informasiýa elýeterliliginiň üpjün edilmegi ilkinji zerurlyk bolup durýar.
XS
SM
MD
LG