Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan içerki gazgeçirijini özbaşdak gurar


Türkmenistanyň prezidenti ýurduň tebigy gaza baý gündogar bölegini beýleki regionlar bilen birleşdirip biljek gazgeçirijiniň gurluşygy baradaky permana gol çekdi. Turbanyň gazgeçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kubometre deň.

“Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisiniň, şol sanda Döwletabat-Derýalyk gazgeçiriji magistralynyň “Şatlyk” gaz kompressor stansiýasyndan “Belek-1” stansiýasyna çenli ýerüsti goşmaça kommunikasiýalary bilen birlikde proýekti we gurluşygy “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernlerine tabşyryldy.

Türkmenistanyň prezidentiniň gol çeken permanyna görä, gazgeçirijiniň gurluşygy “Türkmengaz” döwlet konserniniň hasabyna amala aşyrylar.

Halkara metbugaty “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisiniň gurluşygyna başda Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň gatnaşmagynyň göz öňünde tutulanlygyna üns berilýär.

Orsýetiň “RBK daily” neşiri Türkmenistanyň öz içerki gazgeçirijisini özi gurmak kararyna gelmegini Aşgabat bilen Moskwanyň gaz söwdasynda özara oňşukly netijä gelip bilmändiklerinde görýär. Maglumatda 2007-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň, Orsýetiň hem Gazagystanyň arasynda hazarýaka gazgeçirijisini gurmak boýunça ylalaşyk baglaşylandygy aýdylýar. Ony gaz bilen üpjün etmek üçinem “Gazpromyň” gatnaşmagynda Türkmenistanyň öz içinde “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisini gurmagyň planlaşdyrylanlygy bellenilýär.

2009-njy ýylyň aprelinde “Orta Aziýa-Merkez” gazgeçirijisinde partlama bolup, Türkmenistandan Orsýete tarap gaz söwdasy kesilensoň, Türkmenistan “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmak üçin halkara kompaniýalar we maýa goýujylar üçin tender-bäsdeşligini yglan edipdi.

Nämüçin gatnaşdyrylmaýar?

Merkezi Aziýa we Kawkaz institutynyň “Ýüpek ýoly” programmasynyň müdiri Swante Kornelliň pikirine görä, Türkmenistanyň öz territoriýasyndaky içerki gazgeçirijisini gurmaga halkara kompaniýalaryny gatnaşdyrmaly däl diýen karara gelmeginiň öz sebäpleri bolmaly. Meselem, ol türkmen hökümetiniň gurluşygy öz gözegçiliginde saklamak we daşary ýurtlardan ýetäýjek täsirleri çäklendirmek niýeti bilen bagly bolup biler.

Postsowet giňişliginde syýasy-jemgyýetçilik prosesleri öwrenýän “Informasion-Analiz” merkeziniň bilermeni Aleksandr Karawaýew Türkmenistanyň Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisini özbaşdak gurmak niýetiniň başdan bolanlygyny çak edýär. Bu gazgeçirijisini gurmak üçin ýurduň doly mümkinçiliginiň bardygyny belleýän Karawaýewiň pikirine görä, tender-bäsdeşligini halkara derejesinde yglan etmek bilen, Aşgabadyň özüne ünsi çekmek we gyzyklandyrmak, şeýle-de hyzmatdaşlyga bildirilýän gyzyklanmalaryň derejesini we edilýän teklipleriň hilini öwrenmek maksadyny eýeren bolmagy ahmaldyr.

“Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisiniň gurluşygynyň bahasy barada resmi maglumatlarda aýdylmaýan hem bolsa, proýektiň bahasy 1,5 milliard dollardan ybarat diýen sanlar halkara habar serişdelerinde öňe sürülýär.

Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagynda işleşmäge halkara kompaniýalar, şol sanda Günbatar kompaniýalary tarapyndan gyzyklanma bildirilýän hem bolsa, baglaşan şertnamalaryň çak edilişinden azdygyny käbir synçylar Türkmenistanda daşary ýurt biznesi üçin amatly şertleriň kemçilik edýänliginde görýärler.

Dünýä ýurtlarynyň syýasy, ykdysady we sosial ýagdaýyny öwrenip, olara biznes we maýa goýumlar üçin bar bolan mümkinçiliklere töwekgelçilikler nukdaýnazaryndan baha berýän Maplecroft kompaniýasynyň 172 ýurda syn edip, 2010-njy ýyl boýunça ýaýradan hasabatynda Türkmenistan dünýä derejesinde biznes we maýa goýumlary boýunça iň erbet ýagdaýdaky bäş ýurduň hatarynda agzaldy. Bu ýurtlarda kanunlary ýerine ýetirmek, hususy emläge hormat goýmak, kanuny goraýjy sistemanyň goragyndan peýdalanmak ýaly ugurlaryň kemçiliklidigi we güýçli korrupsiýa bilen bagly ýagdaýyň agyrdygy aýdylýar.

Özbaşdak gurluşygyň bähbidi

“Günbatar-Gündogar” gazgeçirijisini özbaşdak gurmak Türkmenistan üçin bähbitli diýen pikriler orta atylýar. “Gündögar-Günbatar” gazgeçirijisi Türkmenistanyň tebigy gaza baý gündogar böleklerini ýurduň depginli ösýän merkezi we hazarýaka regionlary bilen birleşdirer.

Resmi maglumatlara görä, ol şeýle-de ýurduň ähli zawod-fabriklerini we dürli obýektlerini gaz bilen üpjün etmäge-de mümkinçilik berer. Gurluşyk işleri 2010-njy ýylyň iýun aýynda başlanyp, 2015-nji ýylyň iýun aýynda ulanylmaga işe giriziler.

Aleksandr Karawaýew “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisi içerki gaz üpjünçiliginden ozal tebigy gazyň daşary ýurtlara eksport etmek maksadyna gönükdirilýär diýip, pikir edýär.

Bilermeniň bellemegine görä, Günbatara tarap “Transhazar” we Orsýete tarap “Hazarýaka” halkara gazgeçirijilerine baglanyp biljek “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen Türkmenistan haýsy tarapa ýykgyn eder diýen köpleri gyzyklandyrýan sorag açyklygyna galyp, onuň çözgüdi halkara gaz bazarlaryndaky ýagdaýa bagly bolar.

Bilermenler “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisini özbaşdak gursa, munuň Türkmenistanyň öz gaz syýasatyna daşardan gelýän täsirleri çäklendirmek mümkinçiliklerini artdyrjakdygyny belleýärler.
XS
SM
MD
LG