Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we Günbatar energiýany maslahatlaşýar


Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen aragatnaşygyny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu barada şu günler Aşgabada sapar edýän Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Pýer Morel aýtdy. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri we ýurduň geosyýasy orny şeýle gyzyklanmalara sebäp bolýar.

2-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Pýer Moreliň arasynda geçirilen gepleşikler esasan söwda-ykdysady pudaga degişli hyzmatdaşlyga bagyşlandy.

Türkmen metbugatynda esasy meselelerden biriniň ýangyç-energiýa pudagyndaky aragatanaşyklara degişli bolanlygy aýdyldy. Resmi maglumatlarda muňa Türkmenistanyň energiýa göterijilerini halkara bazarlaryna çykarmak boýunça ugurlaryny artdyrmak strategiýasynyň itergi berýänligi bellenildi.

Özara hyzmatdaşlygyň ilkinji ädimleri

Pýer Morel
2008-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistan we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energiýa ugrunda birek-birege düşünişmek we hyzmatdaşlyk boýunça Memoranduma gol goýlupdy. Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine ýylda 10 milliard kubometr gaz satmaga taýýarlygyny mälim edipdi.

Bilermenler Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygynyň perspektiwalaryny “Nabukko” proýektiniň geljegine baglanyşdyrýarlar.

2009-nji ýylyň awgust aýynda Türkiýäniň paýtagtynda Merkezi Aziýadan Ýewropa Bileleşigine tarap Orsýetiň daşyndan geçýän “Nabukko” gaz geçirijisiniň gurluşygyna degişli proýekti durmuşa geçirmek barada Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleriniň dördüsi we Türkiýe tarapyndan ylalaşyga gol çekildi.

Ankaranyň Gazy Uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça professory Mehmet Seýfetdin Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça tagallalarynyň özara bähbitli bolup, taraplaryň öz energiýa howpsulzygyny üpjün etmek strategiýalaryna doly gabat gelýänligini belledi.

“Nabukko” proýektiniň esasy gatnaşyjylarynyň biri Germaniýanyň “RWE” kompaniýasynyň geçen ýylda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekmegine synçylar Aşgabat bilen Brýusseliň energiýa hyzmatdaşlygynda öňe tarap ädimi hökmünde garaýarlar. Häzirki wagtda “RWE” Hazar deňziniň Türkmenistana degişli böleginiň 23-nji blogunda barlag-anyklaýyş işlerini geçirýär.

Ýewropaly şirketler Türkmenistan bilen işleşmäge islegli

Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda habar berlişine görä, Aşgabatdaky soňky gepleşiklerde jenap Pýer Morel Ýewropanyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistanyň energiýa pudagyndaky proýektlerine gatnaşmaga, beýleki ugurlardan hem has giňden işleşmäge ägirt uly gyzyklanma bildirýänligini aýtdy.

Soňky ýyllaryň dowamynda Aşgabat energiýa we ykdysady ugurlardan köp sanly halkara konferensiýalaryny geçirdi. Daşary ýurtly biznes toparlary bilen duşuşyklar prezident G.Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara saparlarynyň gün tertibinde esasy orun tutýar.

Muňa garamazdan daşary ýurtly kompaniýalaryň, şol sanda Günbatar kärhanalarynyň Türkmenistana garaşylşyndan az gelýänligini synçylar belleýärler.

Adam hukuklary ýa-da ykdysady gatnaşyklar

Türkmenistanyň öňki diplomaty Nurmuhammet Hanamow Ýewropa şirketleriniň kanunlaryň işleýän döwletleri bilen iş salyşýanlygyny belläp, “Türkmenistanda bolsa kanunlar işlemeýär, ençeme kanunlar ýok, bolsa-da diňe kagyz ýüzünde, bar meseläni bir adam çözýär” diýdi.

Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, Türkmenistanyň daşarky ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde öňegidişligiň öz mümkinçiliklerinden has pes bolmagy demokratik özgerişlikler, esasanam ynsan hukuklaryna hormat goýulmagy, kanunlaryň ýöremegi üçin ýeterlik çäreleriň
Türkmenistan kanun reformasyny amala aşyrmak arkaly daşary ýurt kompaniýalaryna garantiýa berýänligini yglan edýär.
görülmeýänligi sebäp bolýar.

Günabatar döwletleri tarapyndan hem Türkmenistandan demokratik özgerişlikleri talap etmekde ýeterlik tagallalaryň edilmeýänligini, esasy ünsüň ykdysady-energiýa hyzmatdaşlygyna berilýänligini Nurmuhammet Hanamow belledi.

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistanyň dünýäde adam hukuklaryny iň gödek depeleýän ýurtlaryň hatarynda agzalmagynyň dowam etdirilmegine garamazdan, 2009-njy ýylyň 22-nji aprelinde Ýewropa Parlamenti Türkmenistan bilen wagtlaýyn söwda ylalaşygyny makullady.

Türkiýeli bilermen Mehmet Seýfettin Türkmenistanyň öz kanun sistemasyny reformirlemek we ony halkara kadalaryna laýyk getirmek boýunça görýän çärelerine ýurduň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek isleginiň alamaty hökmünde garaýar.

Mehmet Seýfettiniň pikirine görä, ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegi üçin kanuny şertleriň zerurlygyna göz ýetirip, Türkmenistan kanun reformasyny amala aşyrmak arkaly daşary ýurt kompaniýalaryna şeýle garantiýalary berýänligini yglan edýär.

ABŞ-nyň wekili hem Aşgabatda

Riçard Morningstar
2-4-nji mart aralygynda Aşgabada ABŞ-nyň Ýewraziýa energiýa syýasaty boýunça ýörite wekili Riçard Morningstaryň hem saparynyň boljagy ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat beýanatynda aýdyldy.

Şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda «American Progress» atly syýasy barlaglar merkezinde eden çykyşynda, Riçard Morningstar Ýewraziýa regiony bilen baglanyşykly Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň maksatlarynyň biriniň Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlaryna olaryň nebit we gaz eksportlary üçin täze ýollary tapmaklyga kömek etmekden ybaratdygyny aýdypdy.

Agzalýan nebit we gaz eksportlary üçin täze ýollaryň arasyna Ýewropa Bileleşigi tarapyndan öňe sürülýän we ABŞ tarapyndan goldanylýan “Nabukko” proýekti hem girýär. Geçirijilik kuwwaty ýylda 31 milliard kubmetr bolan “Nabukko” proýekti Hazar regionynyň tebigy gazyny Ýewropa Bileleşigine akdyrmagy göz öňüne tutýar.

Riçard Morningstar Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň Ýewraziýa energiýa meseleleri boýunça ýörite wekili hökmünde Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton tarapyndan bu wezipä 2009-njy ýylda bellenilipdi.

Riçard Morningstar özüniň bu wezipesinde Hillary Klintonyň Ýewraziýanyň energiýa önümçiligini ýokarlandyrmaklyga, onuň energiýa resurslaryny tranzit etmeklige we ýaýratmaklyga degişli syýasy meseleler boýunça maslahatçysy hem bolup durýar. Onuň bu wezipesiniň esasy maksady bolsa Birleşen Ştatlaryň Ýewropa, Orsýet, Ukraina, Türkiýe, Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça energiýa syýasatyna ýardam bermekden ybarat.
XS
SM
MD
LG