TDH gullugy Türkmenistanyň prezidentiniň BAE saparynyň döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň täze tapgyry bolup, munuň ýurtlaryň özara gyzyklanmasynyň alamatydygyny belledi.
Dubaýda iki döwletiň baştutanlarynyň arasynda geçiriljek gepleşikleriň netijesinde gol goýulmagyna garaşylýan dokumentler toplumynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine täze itergi berjegi hem aýdylýar.
BAE prezidenti Halif Ben Zaýed Al-Nahaýany hem 2008-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabada resmi sapar bilen gelipdi.
Gatnaşyklaryň aktiwligi we aýratynlygy
Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ozalky ilçisi Nurmuhammet Hanamow iki ýurduň aragatnaşyklarynyň güýçlenmegini bu ugurda BAE-niň aktiwligi bilen baglanyşdyrýar: “Birleşen Arap Emirlikleriniň özleri örän aktiw Türkmenistan bilen gatnaşyklary sazlamak meselesinde Türkmenistanyň ünsüni çekjek bolýarlar. Özlerem musulman döwletleriniň, esasan hem Sowet Soýuzy dargansoň dörän Merkezi Aziýa döwletleriniň ünsüni çekýärler hem şol döwletler bilen aragatnaşyklaryny sazlajak bolýarlar. Ýewropanyň we Orsýetiň täsirini aýyrmak we öz täsirini güýçlendirmek maksady bilen”.
Merkezi Aziýa boýunça bilermen Artýom Ulunýan Türkmenistanyň prezidentiniň BAE häzirki saparynyň aýratynlyklaryny şeýle kesgitledi: “Sapar iki meselä bagly bolup biler, birinjiden, ol inwestisiýalary gözlemeklige gönükdirilýär. Ikinjiden, syýasy meselä bagly. Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleri bilen gatnaşyklaryny Günbatar döwletleri bilen aradaky gatnaşyklarynda ulanyp biler. Türkmenistan, adatdakysy ýaly, aýratynam krizis şertlerinde halkara sahnasyndaky pozisiýalaryny güýçlendirmek isleýär”.
Ýurtlary özara näme baglanyşdyrýar?
Artýom Ulunýan Türkmenistany BAE bilen baglanyşdyrýan ýene bir meseläniň türkmen elitasynyň pullary bilen baglydygyny belledi we Türkmenistanyň ozalky prezidentiniň hem onuň ýakyn töweregindäkileriň maliýe serişdeleriniň uly mukdarynyň hut BAE-de ýerleşýänligi barada çaklamalaryň bardygyny aýtdy.
Ömrüniň soňky ýyllarynda Saparmyrat Nyýazowyň pullarynyň uly bölegini BAE-niň banklaryna geçirelenligi barada çaklamalaryň bardygy, S.Nyýazow döwründe prezidentiň howpsuzlyk gullugynyň başlygy Akmyrat Rejepowyň hem onuň ogly Milli howpsuzlyk ministrliginiň polkownigi we Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasynda geňeşçi wezipesini eýelän Nurmyrat Rejepowyň 2007-nji ýylda tussag edilmeginiň hem şol pullar bilen baglydygy barada maglumatlar, hususan-da, “Lenta.ru”, “Zerkalo Nedeli” internet saýtlarynda we ýene beýleki ençeme halkara habar beriş serişdelerinde peýda bolupdy. Emma Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde bu tema gozgalmandy.
Artýom Ulunýan Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň Nyýazow döwründen bäri BAE-niň bank sistemasyna gyzyklanma bildirip gelýänligini belledi: “Bu Türkmenistanyň ýolbaşçy gatlaklarynyň saýlap alan ýerine öwrüldi. Sebäbi Günbatar döwletleriniň, şol sanda Ýewropanyň açyk-aýdyň bank sistemalary bilen deňeşdirilende Arap ýurtlarynyň we Malaýziýanyň maliýe sistemalarynyň öz aýratynlyklary bar. Bu ýerde, elbetde, jenaýatçylyk barada gürrüň gitmeýär, şol aýratynlyklar Türkmenistanyň iň ýokary gatlaklaryna degişli informasiýany gizlin saklamak bilen bagly”.
Bizness aragatnaşygy
BAE saparynyň dowamynda Türkmenistanyň prezidentiniň ýurduň biznes wekilleri bilen duşuşyk geçirmegine hem garaşylýar. Geçen hepdede Abu Dabide Türkmenistanyň inwestision forumy we türkmen önümleriniň sergisi geçirildi.
Nurmuhammet Hanamow biznes meselesinde BAE Türkmenistan üçin görelde bolup biler diýip, hasap edýär: “Meniň pikirimçe, esasy öz halkyňa peýda bermek. Başga döwletlerden bir şirket gelip, BAE-de işlejek bolsa, ýa şirket açjak bolsa, ol hökman arap şirketleri ýa arap biznesmenleri bilen şärik bolmaly. Kanun boýunça şolar ýaly şertler bar”.
Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurt şirketlerinde türkmen raýatlaryny esasan gara işçi güýji hökmünde ulanmak tejribeleri dowam etdirilýärkä, dünýä ýurtlarynda öz graždanlaryň zähmet hakyny goramak boýunça bar bolan tejribeleri öwrenmegiň aktuallygy hasam artýar.
Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda iki ýurduň arasynda söwda dolanyşygynyň güýçlenýänligi aýdylýar. Resmi maglumatlara görä, 2009-njy ýylda ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 676 million dollardan aşypdyr. Diýmek, bu tassyklama görä, Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda BAE bäşinji orny eýeleýär.