20-nji oktýabrda Daşoguzda tussag edilen ekolog we aktiwist Andreý Zatokanyň goldawyna Moskwada geçirlýän aksiýalar 29-njy oktýbarda ýene dowam etdirldi. Şu gün bolsa, Zatokanyň 5 ýyl azatlykdan mahrum edilendigi habar berildi.
Türkmenistanda A.Zatokanyň sudy geçýän wagty Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasynyň we Orsýetiň Daşary Işler ministrliginiň öňünde piketler geçirildi.
Andreý Zatokanyň Türkmenistanda sud edilýän wagty Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde jemlenen piketçiler “Türkmenistanda repressiýalar ýok bolsun!”, “Orsýete öz raýatyny gaýdyp beriň!”, “Zatokanyň işi – Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň ýasydyr!” diýen şygarlary öňe sürdüler.
Zatoka garşy edilýän aýyplamalar
Ekolog we graždan aktiwisti Andreý Zatoka bazarda nätanyş bir adama topulyp, ony urup-ýençmekde we şikes ýetirmekde aýyplanýar. Onuň tarapdarlary we kärdeşleri Zatoka garşy edilýän aýyplamalara şübhe bildirýärler we türkmen häkimiýetleriniň hereketlerini “zorluk” diýip atlandyrýarlar.
“Meniň şu ýere gelmegimiň sebäbi men Andreýi köpden bäri tanaýaryn. Oňa ynam etmezlik üçin mende hiç hili esas ýok. Şonuň üçin ýöňkelýän ähli günäleriň galpdygyna, olaryň prowokasiýadygyna men doly göz ýetirýärin. Şeýle adama, spesialiste we meýletinçä ýöňkelýän günäler hakykata gabat gelip bilmeýär. Ol köp ýyllaryny haýyrly işlere sarp etdi. Türkmenistanda çagalar üçin ilkinji ekologik kluby esaslandyrdy. Onuň bazarda adama topulyp, huligançylyk etmegine hiç hili sebäp ýok” diýip, “Ýabany tebigaty goramak boýunça bütindünýä fondundan” Tatýana Ýenitskaýa aýtdy.
Beýannama ilçihana tabşyrmaga synanyşyldy
Piketçiler Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniň adyna ýazylan ýörite beýannamany ilçihana tabşyrmaga synanyşdylar. Ilçihanada olara ýüzlenmeler elektron poçta arkaly iberilmeli diýen jogap berildi. Bu ýüzlenmede A.Zatokanyň 1982-nji ýyldan bäri Türkmenistanda tebigaty goramak boýunça eden we edýän işleri barada maglumat berilýär. Ilçi Halnazar Agahanowdan Andreý Zatokanyň azat edilmegi we onuň hak-hukuklarynyň goralmagy üçin çäre görmek haýyş edilýär.
Piketiň guramaçysy Olga Mirýafowa munuň öň ýany Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasyna, Orsýetiň Türkmenistdandaky ilçihanasyna we Daşary işler ministrligine edilen ýüzlenmeleriň-de häzirlikçe jogapsyz galýanlygyny “Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Olga Mirýafowa ýüzlenmeleriň, hususan-da, “Za prawa çeloweka” atly hereket, “Social-ekologik bileleşik” we “Ýabany tebigaty goramak boýunça fond” tarapyndan edilenligini gürrüň berdi.
Beýleki piketler
Moskwada türkmen ilçihanasynyň öňünde 27-nji oktýabrda hem piket geçirilipdi. Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde geçirilen piketlere ekologlar, graždan aktiwistleri we türkmen häkimiýetleriniň basyşlarynyň pidalaryna raýdaşlyk bildirýän adamlar gatnaşdylar.
Aksiýalara gatnaşan, käri boýunça filolog Aleksandr Malinowskiý şeýle diýdi:
“Men hiç bir guramadan däl, özüm geldim. Meni hem häzirki döwrürň möhüm ekologiýa problemalary alada goýýar hem-de azatlyga garşy repressiýalaryň dowam etmegi we syýasy tussaglaryň ykbaly gynandyrýar. Adamlara garşy galp jenaýat işleriň gozgalmagy Orsýete hem mahsus ýagdaý. Türkmenistanda hem ýagdaý, diýmek, öwerlik däl”.
29-njy oktýabrda Andreý Zatokanyň goldawyna “Globalizasiýa problemalary we sosial hereketler Institutynyň” inisiatiwasy bilen Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň öňünde hem piket geçirildi.
A.Zatoka bagyşlanan http://www.azatoka.org/ internet saýty hem işleýär. Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda we habar beriş serişdelerinde ekolog we graždan aktiwisti Andreý Zatokanyň işi barada informasiýa berilmedi.