Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri boýunça kömekçi sekretary Filip Gordon Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda Günorta Osetiýanyň üstünde bolan gysga urşuň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda rus-gürji dartgynlylygy we Moskwa bilen Waşingtonyň gatnaşyklary barada pikirini aýtdy. Azatlyk radiosynyň gürji gullugynyň žurnalisti Salome Asatianiniň Gordon bilen geçiren söhbetdeşliginiň gysgaça mazmuny.
Azatlyk radiosy: Siz Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda ýene-de bir gowga turmak mümkinçiligine nähili garaýarsyňyz? Ekspertleriň köpüsi, şol sanda orsýetli ekspertler, Mokwanyň geçen ýylky wakalara “gutarylmadyk uruş” hökmünde seredýändigini, onsoň onuň, öz sözleri bilen aýtsak, “işi tamamlamak” isleginiň mümkindigini aýdýarlar. Siz muňa real stenariýa hökmünde garaýarmysyňyz?
Filip Gordon: Biz mümkin bolan howpdan bihabarlykda hiç bir zat babatda özümizden hoş bolmak islemeýäris. Bu örän çynlakaý ýagdaý. O taýda bir topar harby güýç bar, iki tarapda-da dartgynlylyk duýgulary ýeterlik. Bizde urşuň gaýtadan başlanjagyna ynanmaga hiç bir esas ýok.
Onsoňam biz beýle zadyň bolmagynyň öňüni almak üçin elimizde baryny edýäris. Ýöne biz bu ýerdäki ýagdaýyň çynlakaýlygyna hem kembaha garamaýarys. Şu sebäpden biz taraplaryň ikisi bilen hem ýakyn gatnaşyk saklaýarys we olary asudalygy saklamaga höweslendirmäge çalyşýarys.
Azatlyk radiosy: Analitikleriň köpüsi Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň arasyndaky düzediş, gaýtadan başlaýyş syýasaty barada pikirini aýdyp, munuň Orsýet bilen Birleşen Ştatlara gaty kyn düşjegini, sebäbi olaryň düýpden tapawutly daşary syýasat konsepsiýalarynyň bardygyny öňe sürýärler. Siz Orsýetiň halkara gatnaşyklaryna häzirki garaýşy barada nähili pikirde?
Filip Gordon: Meniň pikirimçe, şol kommentariçiler mamla. Bu kyn bolar. Eger Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň gatnaşyklaryny sazlamak aňsat bolan bolsa, bu bir wagt edilerdi. Bu ýerde bähbitlerde we dünýägaraýyşda käbir tapawutlar bar. Biz muny açyk aýdyp gelýäris. Ýöne muňa garamazdan, biziň örän berk umumy bähbitlerimiz hem bar. Onsoň biz şol bähbitlere üns berip, bu ugurlarda anyk pragmatiki işleri etsek, bu, belki-de, äheňleriň üýtgemegine, şübhäniň aradan aýrylmagyna we biziň has köp umumylyga eýe bolmagymyza getirer diýip, pikir edýäris. Sebäbi, dogrusyny aýtsak, biz hakykatda öz edýän işlerimizden has köp iş etmeli.
Mysal üçin, olaryň ikisiniň hem bähbidi ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak, yslam ekstremizmini jylawlamak we has açyk hem durnukly Orta Gündogar bolsa, Orsýet we Birleşen Ştatlar Orta Gündogarda näme üçin bäsleşmeli? Biziň dünýäniň köp böleginde aýrybaşgalyga garanda has kän umumylyklarymyz bar. Ýöne geçmişdäki onýyllyklaryň täsiri netijesinde ikarada bir topar ynamsyzlyk bar. Biz şol ynamsylygy aradan aýyrmaga synanýarys.
Azatlyk radiosy: Orsýet Gürjüstana harby kömek berilmezligi baradaky duýduryşlaryny gaýtalaýar. Dek şu gün (6-njy awgustda) Orsýetiň daşary işler ministrliginiň wekili ýurtlar Gürjüstany hüjüm we beýleki dürli görnüşli ýaraglar hem harby enjamlar bilen üpjün etmekden saklanmaly diýdi. Bu ýagdaý Birleşen Ştatlaryň Gürjüstana etmekçi bolýan kömeklerine nähilidir bir täsir ýetirermi?
Filip Gordon: Biz Gürjüstanyň özüni goramaga hukugynyň bardygyny aýdýarys we bu ýerde Gürjüstana garşy ýarag embargosy bolmaly däl. Ýöne biz Gürjüstan bilen edýän howpsuzlyk hyzmatdaşlygymyzyň tälim, okuw esasyndadygyny, ýaragly güýçleri professional taýdan kämilleşdirmegi we Owganystan missiýasy üçin taýynlamagy nazara alýandygymyzy hem aýdýarys.
Bu biziň umumy bähbidimizdäki iş. Biz harby çözgüt görmeýäris. Biz konfliktden sowulmak isleýäris. Biz häzir Gürjüstana ýarag satmaýarys. Bu meselede Orsýetiň duýduryşy barada aýdylanda bolsa, Gürjüstanyň özüni goramalydygy ýa däldigi, neneňsi goramalydygy baradaky meseläni Orsýet çözmeli däl. Emma şol bir wagtda biz sebitde hiç hili harby dartgynlaşmany görmek islemeýäris.