Azatlyk radiosy: Siz ýaňy ýakynda Owganystanda ‘diňlemek saparyny’ tamamladyňyz. Siziň Owganystanda gören esasy zatlaryňyz näme?
General Mak Kristal: Bu ýerde ýeterlik howpsuzlyk güýçleri ýok. Men Talyp güýçleriniň gozgalaňynyň ilat arasynda goldanylýan zat däldigin gördüm. Bu, adamlaryň ýardam bermäge çalyşýan zady däl. Ýene-de bir gören zadym, hökümetiň goşunlarynyň we polisiýa güýçleriniň ýeterlik däl ýerlerinde, häkimiýet gurluşyny doly ornaşdyryp bilmedik ýerlerimizde, Talyp güýçleri belli bir derejede ornaşypdyrlar. Käbir ýerlerde olar has berk orun eýeläpdirler. Şeýlelik-de meniň gören zadym, bu ilat arasynda goldanylýan gozgalaň däl-de, köp halatda güýç ulanyp zorluk bilen saklanylmaga çalyşylan bir ýagdaý.
Azatlyk radiosy: Siz şu wezipäni eýeläniňiz bäri, ilat arasyndaky ýitgileri azaltmagyň zerurdygyny nygtadyňyz. Biz nähili üýtgeşikliklere garaşmaly?
General Mak Kristal: Bu göreş owgan halky bilen däl-de owgan halky üçin göreşdir. Biz Owgan halkyny goramak üçin göreşýäris. Şol sebäpden biziň hereketlerimiziň özeni şu bolmaly. Siziň hem bilşiňiz ýaly, Talyp güýçleri galkan hökmünde binalary we adamlaryň köp ýygnanan ýerlerini ulanýarlar we şol adamlaryň arkasy bilen biziň adam ýitgilerine sebäp bolarymyza garaşýarlar. Biz öň şeýle ýagdaýlara duçar bolupdyk. Şonuň üçin biz ötünç soraýarys we şeýle ýagdaýlaryň geljekde gaýtalanmazlygynyň üstünde işleýäris. Emma biz şeýle ýagdaýlaryň gaýtalanmajakdygyna kepil geçip bilmeýäris, sebäbi şeýle ýagdaýlaryň gaýtalanmagy mümkin. Biz şu wagt howa hüjümi yaly harby operasiýalary amala aşyrmazdan öň, ýagdaýy anyk bilmek üçin aýratyn düzgünleri ýola goýmaga çalyşýarys. Şeýle hem, öz sözlerim bilen aýtsam “güýçlerimiziň arasynda medeni düşünişmegi” ýola goýmagyň üstünde işleýäris. Sebäbi iň esasy zat owgan halkyna zyýan bermek däl-de olaryň goldawyny gazanmak.
Azatlyk radiosy: Owganystanýn günorta we gündogar regionlarynda, adamlar günbataryň esgerleriniň, medeni we dini gymmatlyklaryna sarpa goýman olaryň öýlerini barlaýandyklary barada şikaýat edýärler. Bu bolsa öz gezeginde adamlaryň halkara esegler bilen arasyny ýaramazlaşdyrýar. Size muňa nähili jogap berip bilersiňiz?
General Mak Kristal: Meniň pikrimçe bu örän wajyp mesele, sebäbi söweş hem çylşyrymly hem-de kyn ýagdaý. Şeýle hem bu medeni tapawutlyklaryň bolan ýerelerinde has hem kynlaşýar. Halkara esgerleriň aglaba bölegi Dari ýa-da Puştun dillerini bilenoklar. Şeýle hem olar owgan halynyň medeniýetini we olaryň birek-birek bilen özlerini nähili alyp barýandyklaryny bilmeýärler. Şol sebäpden biz öz esgerlerimize, özleri üçin adaty bolup biljek zatlaryň şu ýerde gelşiksiz bolup bilejkdigini göz öňünde tutmalydyklaryny öwredýäris. Adam ýitgilerindäki ýagdaý ýaly, biziň hereketlerimiziň arasynda owgan halkynyň göwnüne degip biljek zatlar, olaryň bize goldawyny gazandyrman, bize zyýan bolup dolanyp gelýär. Şol sebäpden biz öz işleýişimizi täzelemeli bolýarys.
Azatlyk radiosy: Owganystanda saýlaw çärerleri dowam edýän mahaly, ISAF-iň esgerleri nahili goldaw berýärler?
General Mak Kristal: Biziň hemmämiz howpsuzlygyň orän wajypdygyny bilýäris. Sebabi bu saýlawlar azat hem adatlay bolmaly. Her bir owgan raýaty ses berişlige özüniň erk islegi boýunça azat we howpsyz ýagdaýda gatnaşyp bilmeli. Ýurtda muny amala aşyrmagyň kyn boljak ýerleri bar. Owganystandaky bu saýlawlaryň howpsuzlygy esasan hem owgan polisiýa güýçleri we harby güýçler tarapyndan üpjün ediler. Emma ISAF-iň esasy goldawy, owgan güýçleriniň bir ýerden başga bir ýere hereket etmeklerine, aragatnaşygy saklamaklaryna, şeýle hem operasiýalarda gerek bolan beýleki goldawlar boýunça kömek bermek bolar.
Azatlyk radiosy: Käbir saýlawa gatnaşjak dalaşgärler, ýurtdaky halkara harby güýçleriň belli bir dalaşgärleriň tarapyny tutjakdyklary baradaky aladalaryny bildirýärler. Şeýle aladalara siz nähili jogap berip bilersiňiz?
General Mak Kristal: Men adamlarda şeýle aladalaryň bolup biljekdigine düşünýärin we şeýle ýagdaýyň hiç hili hakykata gabat gelmeýandigini aýdyp bilerin. Meniň pikirimçe adamlar hakykaty bilmeýärler ýa-da olar beýleki adamalary ýalnyş pikir etmegine sebäp bolmaga çalyşýarlar. Koalisiýa güýçleri bu ýerde Owganystanyň hökümetine saýlawlar çärelerini geçirmäge kömek etmek üçin, şeýle hem owgan halkyna öz geljegini saýlamakda mümkinçilik doretmek üçin tagalla edýär. Şeylelikde biz olaryň öz geljeklerini saýlamaklarynada hiç hili orun eýelemek islemeýäris. Biz olara saýlamak mümkinçiligini bermekde orun almak isleýäris.
Azatlyk radiosy: Tankytçylar, geçen sekiz ýylyň dowamynda halkara jemgyýetçiligiň harby çözgütlere ähmiýet berendigini belleýärler. Siz şeýle ýagdaýa nähili garaýarsyňyz? Şu ýagdaýlary harby usullar bilen çözüp bolarmy?
General Mak Kristal: Ýok. Munuň özünde harby çäreler bar emma hakyky çözgüt adamalary gorap biljek häkimiýeti gurmakda. Häkimiýet adamlara ýaşap, işläp, kanunyň goragynda bolup we öz bizneslerini ýola goýup bilmekleri üçin ýagdaý döretmeli. Ýakyn geljekde bolsa, şeýle ýagdaýyň döremeginde howpsuzlygy üpjün etmek üçin harby güýçler gerek bolar.