Türkmenistanyň Aşgabat we Türkmenabat şäherleriniň ýaşaýjylary hojalyklara berilýän suwuň hiliniň ýaramazlygyndan şikaýat edýärler. Bu şikaýatlar Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň Bütindünýä suw geňeşiniň agzalygyna kabul edilmeginiň yzýanyna gabat geldi.
Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň käbir etraplarynda howanyň temperaturasy gündizlerine 0 we gijelerine minus gradusa çenli ýetýän şu günlerde, oba mekdepleriniň we çagalar baglarynyň ençemesinde ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär.
Türkmenistanda daşary döwletlere okamaga we işlemäge gitmek isleýän raýatlaryň Aşgabadyň halkara aeroportunda köpçülikleýin uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalar dowam edýär diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Mary şäheriniň “Galkynyş” bazarynda galtakçy bolup zähmet çekýän işgärler galtaklaryň kireý nyrhlarynyň duýdansyz tas 50% ýokarlandyrylmagyndan şikaýat edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Belarusda iki aýlyk bäbegini öldürmekde aýyplanyp, sud edilýän Türkmenistanyň raýaty 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Bu barada Belarusyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýärler.
Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabyna degişli Köşi massiwiniň ýaşaýjylary bu sebitde alnyp barylýan gurluşyk işler sebäpli özleriniň dürli, şol sanda ýollaryň gazylmagy, suwuň we elektrik energiýasynyň kesilmegi ýaly kynçylyklar bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýarlar.
Marynyň Sakarçäge etrap hassahanasynda barlag geçirilip, hususan-da, onuň hasaplaşyk bölümi derňelýär diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Mary welaýatynyň obalarynyň birindäki döwlet dükanynda 6 aýa golaý wagt soň ilkinji gezek arassalanmadyk pagta ýagy satyldy. Dükanyň öňünde onlarça adamdan ybarat uly nobat emele geldi.
Mary welaýatynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri könelişen awtoulaglary saklap, ulaglaryň tehniki taýdan guratlyk derejesi baradaky resminamalary barlamak çärelerini güýçlendirdiler.
Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda “Ahal” ýagyndan soňra, ýerli unuň we towuk ýumurtgasynyň satuwy hem gaýtadan çäklendirildi. Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň habarçysy munuň Aşgabatdan gelendigi aýdylýan barlagçylaryň yzyna gidendigi baradaky gürrüňler bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda Goşulyşmazlyk hereketiniň döwlet we hökümet baştutanlarynyň XVIII sammitine gatnaşmak üçin 25-nji oktýabrda Bakuwa bardy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Aşgabatdan Mary welaýatyna barandygy aýdylýan barlagçylaryň paýtagta dolanandygy baradaky gürrüňleriň fonunda, Mary şäheriniň döwlet dükanlarynda “Ahal” ýagynyň satuwy gaýtadan çäklendirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy habar berýär.
Bütindünýä banky türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça Türkmenistan bilen gepleşikleri geçirmäge taýýar diýip, Bütindünýä bankynyň nebit-gaz boýunça baş eksperti Aleksandr Huurdeman 22-nji oktýabrda Aşgabatda eden çykyşynda aýtdy. Bu barada “RIA Nowosti” neşiri habar berýär.
Şu günler Mary şäherinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri köçe-ýol hereketiniň düzgünini bozýan ulag sürüjilerine, pyýadalara we köpçülik ýerlerinde çilim çekýänlere garşy gözegçiliklerini güýçlendirdiler.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky, hususan-da, Mary welaýatyndaky döwlet dükanlarynda azyk ýetmezçiligi barada beren yzygiderli habarlaryndan soň, Maryda un, ýumurtga we “Ahal” ýagy nobatsyz satylyp başlandy.
Aşgabadyň we Marynyň döwlete degişli edara-kärhanalarynyň ençemesinde işgärleriň sentýabr aýy üçin zähmet haklary heniz hem berilmeýär. Lebabyň käbir edara-kärhanalarynyň işgärleri bolsa, özleriniň entek awgust aýy üçin aýlyklaryny hem alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Şu günler Türkmenistanyň Mary welaýatynyň köpçülikleýin ýowar geçirilip, edara-kärhanalaryň otaglary we bag-bakjalary arassalanýar hem-de köçeler süpürilýär, guran otlar çapylyp otlanýar we ýerler agdarylýar.
Mary welaýatynyň Mary şäherindäki orta mekdeplerde okuwçylaryň ene-atalary bilen ýygnak geçirilip, olardan öz çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmek talap edildi. Şeýle-de, bu ýygnaklaryň dowamynda ene-atalara okuwçy gyzlaryň ginekologiýa barlagyndan geçiriljekdigi hem duýduryldy.
Türkiýäniň Stambul şäherinde Türkmenistanyň bir raýatyna nämälim adam ýa-da adamlar tarapyndan hüjüm edildi. Bu wakadan bir gün öň, Türkiýäniň Sakarýa welaýatynda ten satmakda güman edilýän üç zenan, şol sanda türkmenistanly bir aýal tussag edildi.
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilatyň günübirin ulanýan ösümlik ýagy, ýumurtga we towuk budy ýaly azyk harytlarynyň gytçylygy dowam edýär. Aşgabadyň döwlete degişli käbir dükanlarynda adam başyna satylýan towuk budunyň möçberi çäklendirildi.
Ýene-de ýükle