Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Azerbaýjana sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda Goşulyşmazlyk hereketiniň döwlet we hökümet baştutanlarynyň XVIII sammitine gatnaşmak üçin 25-nji oktýabrda Bakuwa bardy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär.

“Trend” habar gullugynyň Azerbaýjanyň prezidentiniň metbugat-gullugyna salgylanyp, 25-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedowy Haýdar Alyýew adyndaky aeroportda Azerbaýjanyň premýer-ministriniň orunbasary Şahin Mustafaýew, daşary işler ministriniň orunbasary Mahmud Mammad-Guliýew we beýleki resmiler garşy aldylar.

“Prezident Haýdar Alyýew adyndaky aeroportdan sammitiň geçiriljek Bakuwyň Kongres merkezine bardy. Bu ýerde ony Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew garşy aldy” diýlip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Türkmen lideri sammitde eden çykyşynda herekete gatnaşýan ýurtlaryň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek tagallalarynda jebisleşmegiň möhümdigini nygtady.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, her bir adamyň aýrylmaz hak-hukugy bolan oňat iýmitlenişi kepillendirmek üçin döwletleriň we regionlaryň azyk resurslaryna elýeterliligi göz öňünde tutulanda, herekete gatnaşýan döwletleriň jebis, aýgytlyly we tutanýerli pozisiýalaryna zerurlyk bar.

Döwlet baştutanynyň azyk howpsuzlygy barada Bakuwda eden bu çykyşy, ýurtda un, çörek, şeker, ösümlik ýagy we towuk ýumurtgasy ýaly ilatyň günübirin sarp edýän azyk harytlarynyň gytçylygynyň dowam edýän mahalyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň ýetmezçiligi we olaryň öňünde emele gelýän uzyn nobatlar barada indi iki ýyldan gowrak wagt bäri habar berip gelýär. Bu gytçylyk soňky bäş aýdan gowrak wagtyň dowamynda has-da güýçlendi.

Berdimuhamedow Bakuwda eden çykyşynda klimat problemalary, energiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigini hem belledi.

Şeýle-de, ol halkara terrorizmine garşy göreşiň global howpsuzlygyny üpjün etmegiň iň möhüm wezipesidigini hem nygtap, “Türkmenistan dünýä jemgyýetiniň bu howpa garşy göreşýän netijeli halkara mehanizmlerini döretmegini we BMG-niň global terrorçylyga garşy göreş strategiýasynyň doly durmuşa geçirilmegini goldaýar” diýdi.

“Sputnik” neşiri iki gün dowam etjek sammite 158 ýurduň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşjakdygyny habar berýär.

Oňa Türkmenistanyň döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowdan başga, Wenezuelanyň, Eýranyň, Kubanyň we Bangladeşiň prezidentleri gatnaşýar.

“Sammitiň çäginde dört sany möhüm resminama, şol sanda Baku Deklarasiýasyna gol goýulmagyna garaşylýar. Üç resminamanyň düzümine Daglyk-Garabag konfliktini sazlaşdyrmak baradaky madda goşuldy” diýip, “Sputnik” neşiri Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň sözlerini getirdi.

1961-nji ýylda Belgradda esaslandyrylan herekete harby bloklara gatnaşmagy ret edýän 120 ýurt agza bolup, oňa 17 döwlet we 10 sany halkara guramasy gözegçi statusynda gatnaşýar. Türkmenistan bu gurama 1995-nji ýylda agza boldy.

Bu herekete 2019-2022-nji ýyllar aralygynda Azerbaýjan başlyklyk edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG