Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilatyň günübirin ulanýan ösümlik ýagy, ýumurtga we towuk budy ýaly azyk harytlarynyň gytçylygy dowam edýär. Aşgabadyň döwlete degişli käbir dükanlarynda adam başyna satylýan towuk budunyň möçberi çäklendirildi.
Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän paýtagtdaky habarçylarynyň biri şeýle ýagdaýa Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly bilen Görogly köçesiniň çatrygynda ýerleşýän 10-njy döwlet dükanynda synlasa bolýandygyny aýdýar.
“Bu dükanda indi adam başyna diňe 2 sany towuk budy satylýar. Öň her adam günde 3 sany towuk buduny satyn alyp bilýärdi. Häzir 2 sany towuk budunyň bahasy ortaça 10-12 manada barabar bolýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 18-nji oktýabrda gürrüň berdi.
Habarçy ilata satylýan bu towuk budunyň daşary ýurtlardan getirilendigini we olaryň her 1 kilogramyndan ortaça 150-200 gramynyň buzdygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Onuň sözlerine görä, dükan satyjylary adam başyna satylýan towuk budunyň möçberiniň çäklendirilmeginiň anyk sebäpleri barada maglumatyň ýokdugyny, özleriniň ‘ýokardan berlen tabşyrygy berjaý edýändiklerini’ aýdýarlar.
Habarçy Türkmenistanda towuk budunyň eli ýuka maşgalalar üçin iň elýeterli et önümleriniň biri hasaplanýandygyny aýdyp, döwlet dükanlarynyň bu azyk önümini hem çäklendirmeginiň “türkmen ykdysadyýetiniň barha ýaramazlaşýandygyny alamatlandyrýandygyny” hem belledi.
Şeýle-de, habarçy soňky hepdelerde daşary ýurtlardan import edilýän günebakar ýagynyň hem dükan tekjelerinden ýitirim bolandygyny aýdyp, şeýle diýdi: “Bu günebakar ýagynyň biri 9-13 manat aralygynda bahalanýardy”.
Bu aralykda, Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň öňünde nobatlaryň azalmaýandygyny we olarda ýumurtga hem-de ösümlik ýagynyň ýetmezçiliginiň öňküsi ýaly saklanyp galýandygyny “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri hem habar berýär.
“Soňky dört gün bäri ‘Bereketli’ dükanynda ýumurtga satylmaýar. Muňa garamazdan, adamlar daňdan sagat 4-den nobata durup başlaýarlar. Ýumurtga satuwa çykarylan mahaly, dükanlar irden sagat 6-da açylýardy” diýip, neşir öz paýtagtdaky habarçysyna salgylanyp, 17-nji oktýabrda çap eden habarynda aýdýar.
Neşiriň maglumatynda görä, şäheriň 30-njy etrapçasynda ýerleşýän “Garagum” dükanynda bolsa, ýumurtga, ösümlik ýagy ýaly gyt harytlar kesgitli bir wagtda satuwa çykarylmaýar. Bu harytlar 17:00-dan 22:00-a çenli aralykda dürli wagtda satuwa çykarylýar. Munuň üçin adamlar öýlän sagat 15:00-dan nobata durup başlaýarlar.
“Bu dükanda adam başyna 10 sany ýumurtga satylýar. Dükan tekjelerinde ösümlik ýagy ýok. Ýöne goh-galmagal edip başlasaň, onda dükan satyjysynyň 1 litrlik günebakar ýagyny çykaryp bermegi mümkin. Munuň bahasy 9 manada barabar. Mundan öň biz günebakar ýagyny gymmat görüp, ony satyn almaýardyk. Ýöne häzir ‘Ahal’ pagta ýagy satuwda ýok” diýip, neşir aşgabatly bir ýaşaýjynyň sözlerini sitirledi.
Neşir ýumurtganyň nyrhlary barada hem maglumat berip, döwlet dükanlarynda onuň 1 sanysynyň 0,45 manada satylýandygyny aýtdy.
“Hususy eýeçilikdäki dükanlarda ‘Guş toplumy’ birleşiginde öndürilen ýumurtganyň 1 sanysynyň bahasy 1 manada barabar. Bazarlarda hususy hojalyklar tarapyndan öndürilen öý ýumurtgasynyň 1 sanysyny 1,50 manatdan satýarlar” diýip, neşir belleýär.
Soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilatyň günübirin ulanýan azyk harytlarynyň gytçylygy dowam edýär. Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri bu gytçylygy açyk agzamaýarlar hem-de bu ýagdaýyň sebäplerini düşündirmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.