Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky, hususan-da, Mary welaýatyndaky döwlet dükanlarynda azyk ýetmezçiligi barada beren yzygiderli habarlaryndan soň, Maryda un, ýumurtga we “Ahal” ýagy nobatsyz satylyp başlandy.
“Mary şäherindäki döwlet dükanlarynda uny, ýumurtgany we ‘Ahal’ ýagyny nobatsyz berip durlar. Ýumurtganyň 1 sanysy 1 manatdan, ‘Ahal’ ýagy 14 manatdan we unuň 1 kilogramy 1 manatdan satylýar. Un adam başyna aýda bir gezek berilýän paýok görnüşinde satylýar. Bu harytlar şu hepdäniň başyndan satylyp başlandy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 23-nji oktýabrda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bu harytlaryň dükan tekjelerinde gaýtadan peýda bolmagy “Aşgabatdan gelen barlagçylar, has takygy ýokary derejeli döwlet resmileri tarapyndan welaýatda güýçli barlaglaryň geçirilýändigi baradaky gürrüňler bilen baglanyşykly”.
“Bu barlagçylaryň anyk kimlerdigi belli däl. Ýöne dükan satyjylary we käbir býujet işgärleri welaýatda güýçli depginde barlag geçirilýändigini aýdýarlar” diýip, habarçy bu azyk harytlarynyň satylmagynyň wagtlaýyn çäredigi ýa däldigi barada takyk maglumatyň ýokdugyny hem belledi.
22-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Marydaky beýleki bir habarçysy geçen hepdäniň aýagyndan bäri Mary şäherinde köpçülikleýin ýowar geçirilip, edara-kärhanalaryň otaglarynyň we bag-bakjalarynyň arassalanýandygyny we abatlanýandygyny hem-de köçeleriň süpürilip, guran otlaryň çapylýandygyny habar berdi.
Şeýle-de, habarçy döwlet dükanlarynyň söwda tekjelerinde gyt haryda öwrülen arassalanmadyk pagta ýagynyň duýdansyz, çäksiz möçberde gaýtadan satylyp başlanandygyny hem aýtdy.
Şonda habarçy Mary şäherinde geçirilýän bu arassaçylyk we abatlaýyş işleriniň, şeýle-de pagta ýagynyň gaýtadan satuwa çykarylmagynyň, ýurduň täze içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewiň welaýata barandygy we onuň edara-kärhanalarda barlaglary geçirjekdigi baradaky gürrüňler bilen baglanyşyklydygyny belledi.
Azatlyk Radiosyna bu maglumaty Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Bu barada Türkmenistanyň döwlet mediasynda hem maglumat göze ilmeýär.
Ýöne Marynyň döwlet dükanlarynda gyt harytlaryň gaýtadan satylyp başlanmagy, Azatlyk Radiosy Türkmenistanda, hususan-da Mary welaýatynda un, çörek, ýumurtga we ösümlik ýagy ýaly azyk önümleriniň tapdyrmaýandygy barada yzygiderli beren habarlarynyň yzýanyna gabat geldi.
23-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri Türkmenabat şäheriniň döwlet dükanlarynda-da gyt harytlaryň käbir görnüşiniň gaýtadan peýda bolandygyny, ýöne onuň çäkli möçberde satylýandygyny aýtdy.
“Döwlet dükanlarynda häzir diňe un satylyp başlandy. Ýöne ondan her adam diňe 5 kilogram satyn alyp bilýär. Döwlet dükanlarynyň öňünde un satyn almak üçin adamlaryň nobata durandygyny görse bolýar. Bizde ýumurtga ýa-da ösümlik ýagy heniz hem satylmaýar” diýip, habarçy aýtdy.
Habarçy käbir azyk harytlarynyň bahasynyň gymmatlandygyny hem aýdyp, ‘Ideal’ atly günebakar ýagynyň 5 litriniň öň 50-55 manatdan satylandygyny, häzir 60-65 manatdan bahalanýandygyny hem belledi.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri bolsa, 22-nji oktýabrda şäheriň döwlet dükanlarynyň birinde diňe arassalanmadyk pagta ýagynyň satylandygyny, ýöne ony bu gün almaga baran ýaşaýjylara “pagta ýagynyň satylmajakdygy” barada aýdylandygyny habar berdi.
Paýtagtdaky başga bir habarçymyzyň tassyklamagyna görä, 22-nji oktýabrda şäheriň käbir döwlet dükanlarynda adam başyna üç sany towuk budy satyldy.
“Towuk budunyň 1 kilogramy 10 manat 80 teňňeden bahalanýardy. Üç towuk budy terezä goýlanda, onuň bahasy 17 manada barabar bolýar. Ýöne dükan satyjysy onuň 18 manat bolandygyny aýdýar. ‘Terezide 17 manat görkezýär’ diýeniňde, dükan satyjysy onuň buzsyzdygyny aýdyp, ‘ýükçilere töleg tölemeli’ diýýär we 1 manat artyk pul alýarlar. Towuk budy hakykatdanda buzsyzdy. Öňler 1 kilogramdan ortaça 150 gram buz çykýardy. Indi şol buz bolmasa-da, onuň üçin hem töleg alyp galýarlar” diýip, habarçy aýtdy.
Türkmenistanyň döwlete degişli dükanlarynda un, çörek, towuk ýumurtgasy, towuk budy, şeker, ösümlik ýagy ýaly azyk harytlary, hususy eýeçilikdäki söwda nokatlary we bazarlar bilen deňeşdireniňde, ortaça iki-alty esse arzan bahadan satylýar.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we ýerli synçylaryň ençemesi adamlaryň alýan aýlyk-günlüginiň bazardaky azyk harytlaryndan satyn almaga köplenç ýetmeýändigini aýdyp, olaryň döwlet dükanlaryndaky önümleri satyn almaga ýykgyn edýändigini belleýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.