Täze ýyl baýramynyň ýakynlamagy bilen Aşgabadyň bazarlary hem dürli-dümen ir-iýmişlerden doldy. Hökümetiň nyrhlary kontrolda saklamak synanyşyklary öz gezeginde dürli netijeleri döretdi.
Paýtagt Aşgabadyň et satýan dükanlarynyň öňi soňky birnäçe günlükde toý märekesini ýatladýar. Alan – alanyňky, galanyň – galdygy, garaz, et dükanlarynyň öňi adamdan gykyn alýar.
Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda paýtagt Aşgabatda daşary ýurtly estrada aýdymçylarynyň konsertleri geçiriler. Bu dabara talyplaryň mejbury gatnaşdyrylýandygy aýdylýar.
Türkmenistan Bitaraplyk güni baýramyny belleýär. Şol bir wagtda hem Bitaraplyk baýramynyň soňky döwürde bellenilşinde öňki ýyllardan düýpli tapawut bar.
Prezidentiň nygtap tabşyran “gözegçilik” talabyna garamazdan, Parahat-7 mikroraýonynda öň, ýagny iki ýyl mundan ozal gurlup, ulanyşa berlen ýaşaýyş jaýlarynyň ýagdaýy o diýen öwerlikli däl.
Paýtagt Aşgabadyň bazarlarynda birnäçe aýdan soň ýene-de elin et peýda boldy. Her bir etçiniň söwda nokadynda azyndan 10-15 adam nobata durup, elin et satyn alýarlar.
Paýtagt Aşgabat täze ýyl baýramyna taýýarlanyp başlady. Şenbe güni häkimiýetler paýtagtyň käbir ýerlerinde eýýäm täze ýyl arçalaryny gurup ugradylar.
Geçen aýyň başynda prezident G. Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylardan, gyş paslynyň golaýlamagy bilen, ýyladyş ulgamynyň kadaly işlemegini üpjün etmegi talap etdi. Emma...
Ýurduň döwlete degişli internet prowaýderi “Türkmentelekom” wi-fi internet hyzmatyny hödürläp başlady. Emma bu wi-fi hyzmatyna öz kompýuteriňi gös-göni birikdirip bolmaýar.
Ýurt boýunça her gün diýen ýaly haýsy-da bolsa bir senä ýa-da waka bagyşlanyp, köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Emma çärä çekilýänleriň käbirlerinde bu kynçylyklardan “gutulmaga” mümkinçilik bar.
1-nji dekabrdan Türkmenistanda elektrik energiýasynyň bahasy 100%-den hem köp ýokary galdy. Mundan öň 100 kwt/sagat üçin 1 manat 20 teňňe tölenen bolsa, indi 2 manat 50 teňňe tölener.
Aşgabadyň Arçabil şaýolunyň ugrunda arhitektura gurluşy boýunça biri-birinden tapawutly, setire düzülen onlarça hökümet binasynyň girelge gapylary ýönekeý adamlar üçin petikli, gulp astynda saklanýar.
Aşgabadyň bazarlarynda mundan iki hepde ozal hem “dollar gerekmi?” diýen soraglar bilen öňüňden çykýan “dollarçy” daýzalar indi juda seýrek, olara hatda duş gelmek mümkinem däl.
Türkmenistanda gulluk ýaşyndaky ýokary bilimli raýatlar, şu güýzki harby çagyrylyşdan başlap, iki ýyl gulluk ederler. Bu baradaky maglumaty paýtagtyň harby wekilliginde tassykladylar.
Şu ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, Türkmenistanda ilata mugt berilýän limitden artyk sarp edilen elektrik togunyň bahasy 100%-den gowrak ýokary galar. Bu barada degişli bilidirişler asylypdyr.
Häzirki wagtda paýtagtda gurulýan Olimpiýa şäherçesiniň gurluyşygy bilen bir wagtda onuň töweregini abatlaşdyrmak we abadanlaşdyrmak işleri hem alnyp barylýar. Emma...
Paýtagtyň medisina harytlaryny satýan dükanlarynda eýýäm iki hepde mundan öň stomatologiýa enajamlarynyň we medikamentleriniň köp gürnüşleriniň gutarandygy aýdylýar.
13-nji noýabrda Türkmen telewideniýesiniň “Watan” programmasyndan görkezilen reportaždan soň, paýtagtyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda nobata durýan adamlaryň sany azaldy.
Aşgabadyň orta mekdeplerinde wideokameralar goýlup başlandy. Häzir, esasan, paýtagtyň merkezi raýonlarynda ýerleşen orta mekdeplerde wideokameralaryň goýulýandygy aýdylýar.
Aşgabatdaky walýuta alyş-çalyş nokatlarynda dollar paýtagtda propiskasy bolanlara satylýar. Bu düzgüniň 11-nji noýabrdan güýje girýändigi baradaky asylan bildirişlerde habar berilýär.
Ýene-de ýükle