Aşgabadyň Arçabil şaýolunyň ugrunda arhitektura gurluşy boýunça biri-birinden tapawutly, setire düzülen onlarça hökümet binasynyň umumy bir aýratynlygy bar, ol hem bu kaşaň binalaryň esasy girelge gapylarynynyň ýönekeý adamlar üçin petikli, gulp astynda saklanmagydyr.
Mysal üçin, Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşen Bilim, Daşary işler ministrlikleriniň gapylaryndan girip barýan adama duşmak mümkin däl. Paýtagtda gurlan ýokary okuw jaýlarynyň täze binalarynyň hem esasy girelgelerinden girip bolmaýar.
Hatda käbir medisina edaralarynyň hem baş girelgesinden girip bolmaýar. Mysal üçin, paýtagtda täze gurlan Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň, gaýra goýulmasyz Tiz kömek merkeziniň, hatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem baş girelgesinden girip bolmaýar.
Bu ýagdaý sowet döwründe gurlan döwlet edaralarynyň binalaryna hem degişli. Paýtagtyň merkezinde ýerleşen Içeri işler, Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň sowet döwründe gurlan binalarynyň baş girelgesinden girilmeýär. Bu hili binalara olarda işleýän işgärlerem, olara öz işleri bilen barýan adamlaram yzky girelgesinden girmeli bolýarlar.
Baş girelgeleriň ählisi bu binalara ýurduň prezidenti ýa-da daşary ýurtlardan gelen ýokary wezipeli adamlardan ybarat delegasiýalar sapar edenlerinde açylýar. Galan wagt bu gapylar açylmaýar. Bellemeli zat, bu ymaratlaryň baş girelgeleriniň gulp astynda saklanýandygy, edara girjek bolsaň, aýlanyp, arka gapydan girmelidigi barada hiç hili duýduryş ýazgy hem ýok.
Şeýle-de döwlet edaralarynyň köpüsiniň binalarynyň golaýynda, hatda ýörite şu maksatlar üçin niýetlenen awtoduralgalarda hem awtoulag goýmak gadagan edilýär. Ýogsa, bu ýerlerde awtoulag durmagynyň gadagandygy barada ýörite ýol belgileri hem ýok.
Mysal üçin, paýtagtdaky Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň golaýynda Magtymguly propspektinde awtoulag goýmak ýa-da awtoulagly durmak gadagan edilýär. Arçabil şaýoly barada aýdylanda bolsa, bu ýoluň ugrundaky edara jaýlarynyň gabadynda, hatda şol köçäniň gyrasynda hem awtoulag goýmak gadagan.
Sözümizi jemläp aýtsak, bu agzalan döwlet edaralarynyň binalaryndaky düzgünleriň näme sebäpden girizilendigi barada ilata hiç hili düşündiriş berlenok.