Häzirki wagtda paýtagtda gurulýan Olimpiýa şäherçesiniň gurluyşygy bilen bir wagtda onuň töweregini abatlaşdyrmak we abadanlaşdyrmak işleri hem alnyp barylýar. Hususan-da, şu ýylyň başyndan bu şäherçäniň gündogaryndan geçýän Türkmenbaşy prospektiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynyň daş keşbini abatlaýyş işleri geçirilp, jaýlaryň diwarlary mermere çalymdaş görünýän ýukajyk gurluşyk materialy bilen örtülýär.
Ýaşaýyş jaýlarynyň daş ýüzi oňarylsa-da, içki durky şol öňküligine galýar, iň bärkisi häzire-bu güne çenli olaryň içi ellenmän, onlarça ýyl bäri dowam edip gelýän öňki gözgyny ýagdaýy saklanyp galýar.
Bu ýaşaýyş jaýlarynyň liftleri ol jaýlar gurlaly bäri çalşylmandyr. 20 ýyldan hem köp wagt geçen bu liftleriň häli-şindi döwlüp durmagy adaty ýagdaý. Bu liftleriň her gün "Aşgabatlift" kärhanasynyň işgärleri tarapyndan arassalanýandygyna garamazdan, olaryň içi, içki diwarlarynyň ýüzi hapa.
Liftleriň diwarlarynda paýyş sözlere, peşew yzlaryna, içinde zir-zibillere gözüň düşýär. Liftleriň köpüsi doly güýjünde işlänok, adamlar liftli diňe belli-belli gatlara baryp bilýärler. Netijede ýaşaýjylar lift bilen “has ýakyn” gata çykyp, soňra gerekli etažyna ýöräp aşýarlar.
Daşyny “mermerlemek” işi tamamlanan 17-nji ýaşaýyş jaýynyň girelgesiniň içi hem o diýen öwerlikli däl. Onuň girelgesiniň soňky gezek haçan remont edilendigi bu jaýyň ýaşaýjylarynyň hatda ýadyna-da düşenok. Girelgeleriň köpüsinde ýagtylyk çyralary işlemeýär, içi garaňky, diwarlaryndan howply elektrik kabelleri çykyşyp dur, basgançaklaryň käbir ýerleri bolsa eýýäm owranyp, döwlüipdir.
Bu ýaşaýyş jaýynyň üçegi we ýerzemini hem hapa. Jaýyň girelgesine gireniňde, eýýäm ýerzeminden ýakymsyz ys gelýär. Ýerzeminiň içi çyg we zir-zibil oklanýan ýere öwrülipdir. Jaýyň üçegine hem zir-zibil oklanypdyr.
Şol bir wagtda hem häzirki daşy “mermerlenýän” ýaşaýyş jaýlarynyň daş keşbi oňarylansoň, olaryň içiniň hem remont ediljekdigi, ýaňky agzalan kemçilikleriň düzediljekdigi näbelli.
Gepiň gerdişine görä aýtsak, häzirki wagtda Türkmenbaşy prospektiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynyň diňe köçä golaý duranlary “mermerlenip”, raýonyň beýleki jaýlarynyň daşky keşbi oňarylmaýar.
Paýtagtyň Türkmenbaşy propsektiniň ugrundaky binalary abadanlaşdyrmak we abatlaşdyrmak işi şu ýyl başlandy. Ýerli häkimiýetleriň käbir wekilleriniň aýtmaklaryna görä, bu iş indiki ýylyň ahyryna çenli dowam eder.
Bu ýaşaýyş jaýlaryny “mermerlemek” işini hususy gurluşyk kompaniýalary alyp barýar we bu iş döwlet tarapyndan maliýleşdirilýär. Emma bu maksat üçin döwlet gaznasyndan näçe pul goýberilendigi baradaky maglumatlar aýan edilmeýär.
Resmi metbugatda berilýän maglumatlara görä, paýtagtda gurulýan Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygyna 5 milliard dollara golaý serişde gönükdirilipdir.