Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlara görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki we S.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetindäki harby kafedralar ýapyldy.
Aşgabatda Russiýanyň “Mosfilm” kinostudiýasynyň 90 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Mosfilm-90” atly günleri tamamlandy. Emma tomaşa etmäge gelen paýtagtlylar o diýen köp bolmady.
Paýtagt Aşgabatda 6-njy oktýabrdan başlap girizilen täze düzgüne görä, otly biletleri 5 gün öňünden Aşgabadyň etegindäki Halkara awtobus terminalynda satylyp ugrady.
Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryň talyplarynyň okuw döwri özlerini alyp baryşlaryna, egin-eşiginden tä ulanýan mobil telefonyna çenli hem berk gözegçilik edilýär.
1-nji noýabrdan demirýol ýolagçy gatnawynyň ýol kireýiniň nyrhy ýokary galdyryldy. Mundan başga-da şu aýdan şäherara gatnaýan awtobuslaryň hem ýol kireýi ýokary galdyryldy.
Paýtagtda dollar gytçylygy dowam edýär. Şol bir wagtda paýtagtyň dollar “gara bazarynda” dollaryň bahasy hem – soňky bäş ýylyň içinde ilkinji gezek – resmi kursdan göz-görtele ýokary galdy.
Paýtagt Aşgabadyň gyrak-çetinde ýerleşýän Çoganly daçalarynyň ýollary ep-esli wagtlap ýapylyp, köprüleri beklenensoň, ýakynda obanyň gabawy ýatyryldy we, göräýmäge, Çoganly gaýtadan kadaly durmuşa dolandy.
“Döwlet guşy” atly sahna oýunda prezident G.Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhammedowyň uruş ýyllaryna gabat gelen çagalyk döwri barada gürrüň berilýär.
Häzirki wagtda paýtagtyň “Altyn asyr” söwda merkezi ýa-da il içinde “Bäş aýak” diýip atlandyrylýan bina dolulygyna sökülýär. Bu bina özüniň özboluşly arhitekturasy bilen tapawutlanýardy.
Türkmenistan garaşsyzlygynyň 23-nji ýyllygyny uly şowhun bilen belleýär. Bu baýramçylyk mynasybetli düýn paýtagtyň “Aşgabat” stadionynda teatrlaşdyrylan aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçdi.
Türkmenistanyň resmi habar serişdelerinde "ebola" wirusynyň howplulygy barada we ondan goranmagyň usullary barada halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.
Paýtagtyň Parahat 1-2-3-4-nji mikroraýonlarynda 100-den hem köp kommersiýa dükanlary ýapyldy. Bu kommersiýa dükanlarynyň ýapylmagynyň takyk sebäpleri düşnüksiz bolmagyna galýar.
Eýýäm birnäçe gün bäri paýtagtyň döwlete degişli banklarynda we kommersiýa banklarynyň daşary ýurt walýutasyny satýan alyş-çalyş punktlarynda adaty bolmadyk nobatlar emele geldi.
Gökdepeden özüniň aşgabatly müsderilerine elin sygyr süýdüni paýlap gidýän Bagül daýza eýýäm alty aý bäri öňküsinden birnäçe sagat gijigip, sagat 9-10-lara paýtagta gelýär.
Paýtagtyň domouprawleniýe, ýagny ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginde jaýlary hususylaşdyrmak üçin zerur bolan dokumentleriň sanawy görkezilen gollanmalar asylypdyr.
Iki aý mundan ozal AşTU-nyň adaty telefon liniýa arkaly telekanallara tomaşa etmäge mümkinçilik berýän iptw hyzmatynyň telekanallarynyň sanynyň artandygy buşlanypdy.
Paýtagtyň S.Türkmenbaşy we Magtymguly prospektleriniň kesişýän çatrygyndaky awtobus duralgasynda awtobuslaryň bu duralga näçe wagtdan geljekdigini görkezýän döwrebap tablo asyldy.
Türkmenistanda musulman dünýäsinde giňden bellenilýän Gurban baýramçylygynyň üç güni dynç günleri diýlip yglan edilýär. Emma çäreler adamlara resmi rugsatdan doly peýdalanmaga mümkinçilik bermeýär.
Soňky günler, Garaşsyzlyga gabatlanyp, birnäçe täze binalaryň açylyş dabaralary bolup geçdi. Şol bir wagtda olara gönümel gatnaşmaýan beýleki adamlara-da bu dabaralaryň täsiri ýetirýär.
Adat bolşy ýaly, sentýabr aýynyň soňunda, has takygy 27-nji oktýabrda bellenilýän Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüp başlanýar.
Ýene-de ýükle