Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Wawwaly” Parahat-7


"Parahat-7" mikroraýonynyň köçeleri
"Parahat-7" mikroraýonynyň köçeleri

Geçen hepdäniň penşenbe güni 4-nji dekabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze dokuz gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy baradaky karara gol çekdi.

Bu karara laýyklykda, agzalýan mikroraýonda 1 müň 520 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň 60-syny, 4 sany orta mekdebi, 8 çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak meýilleşdirilýär. Prezident Berdimuhamedow özüniň gürrüňi edilýän karara gol çeken hökümet mejlisinde bu ýerde “Bina edilýän desgalaryň hil derejesini we olaryň öz möhletinde ulanylmaga berilmegini, tutuşlygyna bu ýerde ýaýbaňlandyrylan işleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny” tekrarlady.

Emma prezidentiň nygtap tabşyran “gözegçilik” talabyna garamazdan, bu ýerde öň, ýagny iki ýyl mundan ozal gurlup, ulanyşa berlen ýaşaýyş jaýlarynyň ýagdaýy o diýen öwerlikli däl. Bu jaýlaryň käbirleri çöküp, tamlarynda jaýryklar emele gelipdir. Kwartiralaryň tamlarynyň suwagy hem pakgaryp gaçyp başlapdyr.

Jaýlarda oturdylan penjirelerden bolsa ýagyş ýaganda öýüň içine suw akýar. Ýaşaýjylaryň käbirleri mundan goranmak üçin aýnanyň ýokarsyndan “kozyrýok” ýa-da telär goýýarlar. Emma ýerli häkimiýetler olary aýyrdýarlar.

Ýaşaýyş jaýlarynyň käbirleriniň ýerzeminlerinde kanalizasiýa ulgamyndaky bökdençlikler sebäpli, suw ýygnanypdyr. Ýerzeminler porsap, çyg çekýär.

Kwartiralardaky goýlan wannalaryň we elýuwulýanlaryň-da hiliniň o diýen gowy däldigini bu ýeriň ýaşaýjylary gürrüň berýärler. Bu enjamlaryň ulanylyp başlanyna köp wagt geçmese-de, olar eýýäm poslapdyr.

Bu mikroraýondaky ýaşaýyş jaýlarynyň arasyndan çekilen köçeleriň hem opurylan ýerleri bar. Trotuarlaryň gyralary döwlenleri hem az däl. Bu mikroraýonyň daş-töwereklerinde ençeme baglar ekilipdir. Emma olara ideg bolmansoň, olaryň gurap, saralyp ýatany hem az däl.

Mikroraýonyň arassaçylygy bilen bagly meseleler hem göze ilýär. Jaýlaryň golaýlarynda köne zyňlan awtoulaglary görmek bolýar. Ýük awtoulgalryň tekerleri hem dargap ýatyr.

Çagalar üçin niýetlenip gurlan meýdançalaryň haly hem gowy däl. Olaryň içine zir-zibil atylyp, hiňňillikleriň käbirleri-de döwlüpdir.

Ýatlap geçsek, bu mikroraýonyň gurluşygynyň birinji tapgyry 2012-nji ýylda tamamlanypdy. Şonda bu ýerde 22 sany dokuz gatly ýaşaýyş jaýlary gurlupdy.

Parahat-7 mikroraýondaky gurluşyklary Türkmenistanyň gurluşyk ministrliginiň “Aşgabatgurluşyk” we “Arkaçgurluşyk” önümçilik birleşikleri amala aşyrýarlar.

Parahat-7 mikroraýonynyň gurluşygyna 2011-nji ýylyň awgust aýynda badalga berlipdi. Häzir bu mikroraýonda 20-den hem gowrak dokuz gatly ýaşaýyş jaýlary guruldy.

Resmi metbugatda berilýän maglumatlara görä, 2017-nji ýyla çenli Parahat-7/1,2,3 ýaşaýyş jaý toplumlarynda jemi 3 müň 600 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulmaly.

XS
SM
MD
LG