Täjigistanyň hökümeti «söýgi hyzmatyndan» peýdalanýan erkeklere çäre görmek teklibinden ýüz öwürdi.
“Yslam döwleti” toparyndaky täjik söweşijisi Abu Dowud özüni dowzahdan gutarmak üçin, gyssagly ýagdaýda 6 müň dollar ibermeklerini garyndaşlaryndan talap edipdir.
Azatlyk Radiosyna gowşurylan dokumentleriň görkezmegine görä, Täjigistanda ýokary okuw jaýlarynyň studentlerine, resmilere we lektorlara onlaýn troll hökmünde oppozision şahsyýetlere we hökümeti tankytlaýan beýleki adamlara garşylyk görkezmek üçin basyş edilýär.
Gul söwdasy, çagalaryň öldürilmegi, zenanlaryň mertebesiniň depgilenmegi we YD-nyň onlarça söweşijisiniň ölmegi – ynha, şeýle temalar soňky döwürlerde Täjigistanyň döwlet metbugatynyň üns merkezinde.
Başatgyç meselesi Täjigistanyň dürli derejedäki resmi ýolbaşçylary üçin täzelik däl. Zenanlaryň ulanýan dini başatgyçlary öň iş ýerlerinde kabul edilmän, pasport suratynda hemem mekdeplerde gadagan edilipdi.
Täjigistanda häkimiýetlere garşy çykjak adam az. Emma ýerli ýaşaýjylaryň biri uzak ýyllaryň dowamynda regional resmilerden tä prezident Emomali Rahmona, hat-da Kremle çenli hem özüniň nägileliklerini bildirip gelýär.