Täjigistanda harby gulluga çagyrmagyň ýazky möwsümi 1-nji aprelden başlandy, ýöne eýýäm Täjigistanyň ähli sebitlerinden, ýaşlary Ýaragly Güýçleriň hataryna çekmegiň dürli usullarynyň ulanylýandygy barada habarlar gowuşýar.
Mysal üçin, Wahş etrabyndaky mähellede şeýle usul ulanyldy. Jemagatyň wekilleri "+" ýa-da "-" ýazylýan kagyzlary düýrläp goýýar-da, bije çekdirýärler. Ol gaty ýönekeý: bijäňden goşmak "+" çyksa, goşuna gidýärsiň, eger minus "-" syksa, bu çagyrylyşda aýagyňa soldat ädigini geýmän bilýärsiň.
Harby ýaşdaky ýaş ýigitleriň ene-atalarynyň hökmany gatnaşmagy bilen geçirilýän şeýle bije çekmek Täjigistanyň beýleki sebitlerinde-de alnyp barylýar. Eger-de kimiň ogly Orsýetde işleýän bolsa, bijesi "+" çykaranlar, her niçik-de bolsa, ony öýlerine gaýtaryp, goşuna ugratmaly diýilýär.
Täjigistanda bije çekilişini görkezýän wideo.
Sogdi, Hatlon welaýatlarynda, şeýle hem Reşt jülgesinde ýaşlaryň ene-atasyna basyş edilýändigi habar berilýär.
Syýasy aktiwist Ramazon Huseýniýonyň aýtmagyna görä, Isfarada şeýle tejribe ulanylýar: "Harby ýaşdaky ogly bolanlaryň elektrik toguny kesýärler. Remezan aýynda metjidi ýapýarlar. Tä olaryň ogullary Russiýadan gaýdyp
gelýänçä, döwlet edaralarynda ýaşaýjylara gerekli şahadatnamalary we dokumentleri bermeýärler. Eger gulluk şertleri kadaly hem ýerlikli bolsa, ýaşlar gulluga gitmäge taýýar” diýip, aktiwist aýdýar.
Bar bolan maglumatlara görä, Isfara şäherindäki Hezreti Şoh metjidi ýapylypdyr, Penjikentde bolsa bir ýaş oglanyñ kakasy saklanypdyr. Şeýdip, oňa ogluny Russiýadan yzyna gaýtarmaga mejbur edýärler.
Şol wagtyň özünde, häkimiýetler meýletinçileriň sanynyň artandygyny habar berýärler.
Rugsat günleri öýüne gelen esger Muborakşo Alimurod başda goşun gullugyna gitmekden gorkandygyny aýdýar.
«Menem ilki başda gulluk etmek islemedim, ol ýerde “dedowşina” – ulularyň höküm-zorlugy bardyr diýip pikir etdim, ýöne häzir goşunda bularyň hiç biri ýok eken. Indi gulluk etmegiň şertleri gowy, men hiç bir zada nägilelik bildirip biljek däl» diýip, ol aýdýar.
Her nähili bolsa-da, adam hukuklary boýunça aktiwistler ogullaryny harby gulluga çagyrtmak üçin, ene-atalara basyş etmekligini ýa-da bije çekdirmegiň netijeli usullar däldigini göz öňünde tutýarlar.
Harby gulluga çagyrylýanlaryň we harby gullukçylaryň hukuklaryny goraýan "Graždanlaryň azatlyk ofisi" jemgyýetçilik guramasyna ýolbaşçylyk edýän Dilrabo Samadowa şeýle diýýär: «Ýaşlar harby gulluk etmek bilen öz şahsy bähbitlerini görmeýärler, şonuň üçinem harby gullukdan boýun gaçyrýarlar. Elbetde, gulluk etmek hökmany, ýöne oňa ýaşlaryň höwesli bolmagyny gazanmaly. Wideoda bije çekilýän usullary görkezmek bikanun hasaplanýar, ol goşuna bolan ynamy gowşadýar."
Ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň pikirine görä, gulluk borjuny geçmek üçin ýeterlik şertleriň bolmazlygy, soldatlara ýowuz daraşmak hem-de kanuna laýyk gelmeýän gatnaşyklar käbir halatlarda ölüme baryp ýetýär. Harby gullukçylara ýetýän şeýle zyýan ýaşlaryň Täjigistanyň goşunynda gulluk etmäge höwesiň peselmeginiň esasy sebäpleriniň hatarynda durýar. Täjigistan hökümetiniň BMG-niň adam hukuklary boýunça komitetine iberen hasabatynda, 2019-njy ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda 100-den gowrak esgeriň goşunda esasan ustawa – düzgüne laýyk gelmeýän gatnaşyklar sebäpli ölendigi aýdylýar.
Şeýle-de, harby bölümlerde ustawa laýyk gelmeýän gatnaşyklary we “dedowşinany” – ulularyň höküm-zorlugyny köki-damary bilen ýok etmek boýunça edilýän tagallalara garamazdan, bu hadysanyň harby bölümlerde ofiserler tarapyndan henizem gizlen edilýändigini täjik hökümeti boýun alýar. Üç ýylyň dowamynda täjik ofiserleriniň we komandirleriniň 639 sanysy harby bölümlerde edilen jenaýatlary gizlemek boýunça jenaýat jogapkärçiligine çekildi ýa-da jogapkärçiligi çekmek düzgünine mejbur edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum