Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Men Bahmutdan täjikleriň jesetlerini iberdim". Merkezi Aziýadan bolan zähmet migrantynyň gürrüňi


Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Bahmut şäheri Ukrainanyň goşuny öňe süýşende, rus güýçleri bilen iň gazaply söweşleriniň geçirilýän ýeri boldy. 2023-nji ýylyň 26-njy apreli.
Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Bahmut şäheri Ukrainanyň goşuny öňe süýşende, rus güýçleri bilen iň gazaply söweşleriniň geçirilýän ýeri boldy. 2023-nji ýylyň 26-njy apreli.

Täjigistanly ýaş adam geçen ýyl Gündogar Ukrainadaky Orsýetiň basyp alan sebitlerinde, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen 200 çemesi migrantyň arasynda, lemäge gidendigini aýdýar. Şonuň bilen birlikde, ol şol ýerde “Wagner” hakyna tutma söweşijileriniň (HTS) bir bölegi hökmünde, söweşlere gatnaşmaga mejbur boldular. Bahmutdaky gazaply söweşlerde köp adam ölüpdi, ol ölenleriň jesetlerini watanyna ibermek işine-de gatnaşypdyr.

Geçen ýylyň ahyrynda Merkezi Aziýadan bolan ýüzlerçe zähmet migranty "Wagner" toparynyň düzüminde, Ukraina garşy söweşmäge "mejbur edildi" diýip, ýaş täjik migranty aýtdy.

Kerim (howpsuzlyk sebäpli ady üýtgedildi) 14-nji awgustda, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde, özüniň Ukrainadan gaçmagy başarandygyny aýtdy. Häzir ol janyndan howatyr edip, daşary ýurtda ýaşaýar.

22 ýaşly Kerim geçen ýylyň noýabr aýynda, işçi güýji hökmünde, Ukrainanyň gündogaryna düşendigini aýdýar. Rus kompaniýasy ony Luhansk oblastynda garym gazmak işleri üçin hakyna tutupdyr. Kerim Sankt-Peterburgdaky aýakgap dükanynda işden çykansoň, gazanç etmäge örän mätäçlik çekipdir, 2022-nji ýylda Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberde hüjüme girmegi bilen baglanyşykly, onuň işleýän dükanyna halkara sanksiýasy girizilen eken.

«Men Internetde iş barada bildiriş gördüm, Luhanskda gyrym gazmak işleri üçin, günde 60 dollara golaý teklip edilýär. Men reklamada görkezilen salga telefon etdim, olar maňa Moskwa gelmeli diýdiler» diýip, Kerim gürrüň berýär.

Täjik migranty Kerim Gündogar Ukrainada goraghana gurulýan döwürde, 2022-nji ýylyň noýabry.
Täjik migranty Kerim Gündogar Ukrainada goraghana gurulýan döwürde, 2022-nji ýylyň noýabry.

"Gowy hak tölenýän" iş üçin, resmi iş rugsadynyň talap edilmezligi Kerimi has-da özüne çekýär, sebäbi onda möhleti geçen dokumentlerini täzelemäge puly bolmandyr.

«Moskwada rekrutorlar maňa Luhanskydaky işiň howpsuz ýerlerde boljakdygyna ynandyrdylar. Men muňa razylaşdym, sebäbi çykgynsyz ýagdaýa düşüpdim» diýip, ol aýdýar.

Kerimiň sözüne görä, ol 3-nji noýabrda Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan bolan 200 töweregi işçiniň arasynda, Luhansk sebitiniň Orsýetiň basyp alan bölegine eltilipdir. Olar gijäni Luhanskynyň merkezinden takmynan 50 kilometr uzaklykda ýerleşýän, birwagtlar Kalinowka obasynyň çagalar bakjasy bolan jaýda geçiripdirler.

Azatlyk Radiosynyň onuň aýdanlaryny özbaşdak barlamaga mümkinçiligi ýok.

Kerim özüniň we başga-da birnäçe adamyň gurlup tamamlanmadyk bukynyň agzynda düşürilen birnäçe suratlaryny görkezdi.

Suratlaryň birinde ol rus harby nyşany bolan, üstünde "Z" harpy çekilen tankyň öňünde dur. Ol bu suratlaryň noýabr aýynda, Zaporožýede işläp ýörkä düşürilendigini aýtdy.

Kerim Ukrainanyň Zaporožýe oblastynda harby maşynyň öňünde, 2022-nji ýylyň noýabry.
Kerim Ukrainanyň Zaporožýe oblastynda harby maşynyň öňünde, 2022-nji ýylyň noýabry.

«Olar garym gazmak işlerini ekskawator bilen gazýardylar. Biziň işimiz bolsa garymyň düýbüne tagta goýmakdy» diýip, ol aýdýar.

Kerimiň sözüne görä, garym gazmak işleri 20-nji noýabrda tamamlanypdyr. Onuň aýtmagyna görä, ertesi güni Merkezi Aziýadan gelen işçiler bilen birnäçe adam, şol sanda "Russiýanyň Goranmak ministrliginiň wekilleri we Çeçenistanyň baştutany Ramzan Kadyrowyň söweşijileriniň ýolbaşçysy", şeýle-de “Wagner” HTS-niň birnäçe söweşijileri duşuşypdyr.

"Wagneriň” wekilleri Ukrainadaky uruşda olara kömek etsek, her birimize we maşgala agzalarymyza rus graždanlygynyň beriljekdigini aýtdylar" diýip, Kerim tassyklaýar.

Ol ýene şulary sözüne goşdy: «Biziňkilerden hiç birimiz urşa gitmäge razylyk bermedik. Soňra bizi awtomatyň öňüne salyp, awtobuslara münmäge mejbur etdiler. Bizi nirä äkidýändiklerini soradyk, olar bolsa: "Gidýäs, söz tamam" diýdiler».

“Wagner” toparyna milliarder we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň köp wagtdan bäri dosty bolan Ýewgeniý Prigožin ýolbaşçylyk edýärdi, olar Ukrainadaky uruş döwründe köp zalymlyra, şol sanda 2022-nji ýylyň martynda Buça şäherinde parahat ilatyň gyrgynçylygy bilen baglanyşykly ýaramaz hereketlere gatnaşdylar.

Kerimiň gürrüňine görä, hakyna tutma söweşijiler Merkezi Aziýadan bolanlary Bahmuta getiripdir. Ukrainanyň gündogaryndaky bu şäher birnäçe aýlap dowam eden gandöküşikli söweşden soň “Wagner” tarapyndan ele geçirilipdi.

Kerimiň aýtmagyna görä, zähmet migrantlary ýarag ulanmak boýunça üç günlük tälim alypdyr. Dördünji gün olaryň her birine ýarag berlip, “müňlerçe zalym “Wagnerçiler" bilen bilelikde, söweşe girmek buýrulypdyr.

Onuň tassyklamagyna görä, soňky birnäçe aýyň dowamynda, Kerim Merkezi Aziýadan täze gelenlere “Wagnerçiler” üçin, terjimeçi bolup hyzmat edipdir.

«Men olara tanklara garşy goýlan minalar barada, dönükleri aýan etmegi, olary öldürmegi ýa-da tutmagy gürrüň berdim" diýip, ol Azatlyga aýdýar.

«ADALATLY KAZYÝET»

Kerim Bahmutda köp sanly “wagnerçileriň”, şol sanda Merkezi Aziýadan gelenleriň hem gyrlandygyny sözüne goşýar.

«Men jesetleri [Bahmutdan] Täjigistana bäş-alty gezek iberdim" diýip, ol aýdýar.

Bahmutda wepat bolan Merkezi Aziýanyň graždanlarynyň sany belli däl. 2023-nji ýylyň maýynda şäher doly ýykylandan soň, Prigožin Bahmutda 20 müň esgeriniň ýogalandygyny boýun aldy.

Kerime “Wagnerçi” komandiriniň ynamyndan peýdalanyp, fewral aýynda Ukrainadan gaçmak başardypdyr, onuň bilen dostlaşyp, söweşden öňinçä özüne birnäçe gün rugsat bermegini sorapdyr.

Aýlygyndan müň dollara golaý elinde bolansoň, Kerim häzirki gizlenýän ýurduna gaçypdyr.

Asly Duşanbeden bolan täjik 2019-njy ýylda iş gözleginde, Täjigistandan Russiýa gidipdir, indi bolsa watanyna dolanmaga gorkýandygyny aýdýar.

Kerimiň pikirine görä, täjik häkimiýetleri onuň “Wagner” HTS-niň hatarynda söweşendigini bilýän bolsa gerek, sebäbi ol jesetleri Duşanbä ibermeli bolanda, merhumyň maşgalalary bilen habarlaşanda, özüni tanyşdyrmaly bolupdyr.

Täjigistanyň häkimiýetleri öz graždanlaryna daşary ýurtlarda ýaragly çaknyşyklara gatnaşmazlyk barada, gaýta-gaýta duýduryp geldi.

Ýakynda Gyrgyzystanda iki adam saklandy, olaryň biri Ukrainada hakyna tutma esger hökmünde uruşlara gatnaşandygy üçin, türme tussaglygyna höküm edildi.

«Eger men Täjigistandan adalatly kazyýet kepilnamasyny alsam, öýe dolanardym – diýip, Kerim aýdýar. – Men nädip we näme üçin Ukraina düşendigimi, “Wagnerçiler” bilen söweşendigimi gürrüň bermek isleýärin».

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG