Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda "söýgi hyzmatyndan" peýdalanýan erkeklere jeza berilmez


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Täjigistanyň hökümeti «söýgi hyzmatyndan» peýdalanýan erkeklere çäre görmek teklibinden ýüz öwürdi.

2017-nji ýylyň noýabrynda Täjigistanyň Baş prokuraturasy administratiw kanun bozmalaryň çäginde, azgyn aýallaryň hyzmatyndan peýdalanan erkeklere jeza bermek barada kanuna üýtgetme girizmek proýektini taýýarlapdy.

Ýurduň Baş prokuraturasynyň uprawleniýesiniň biriniň orunbasary Farruh Raufow eger erkek adam pul tölenýän jynsy hyzmatdan peýdalansa, oňa berilmeli jeza azgynçylygy edýän aýaldan has ýokary bolar diýipdi. Şonda Baş prokuraturanyň çinownigi bu çäräni şeýle düşündirdi: «Eger bu işi isleýän adam az bolsa, öz tenini satýan azgynlaram azlar, bilelikde bu jenaýat az bolar». Onuň sözüne görä tölegli söýgüden peýdalanýan erkeklere pul jerimesini salmak hem administratiw tussaglyk göz öňünde tutulýardy.

Iki ýyl çemesi wagt geçenden soň hökümetler azgynçylyk bilen meşgullanýanlara garşy çäräni has güýçlendirdiler. Täjik hökümeti yşkbazlyk bilen meşgullanýan erkeklere bolsa çäre görmek teklibinden ýüz öwürdi, sebäbini welin düşündirmediler.

Täjigistanyň parlamentiniň aşaky öýüniň deputaty Bahtowar Safarzoda 23-nji awgustnda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanynda, hökümet tarapyndan administratiw kanun bozma hakynda parlamente teklip edilen programmada azgynlaryň söýgi hyzmatyndan peýdalanýan erkeklere çäre görmek barada hiç bir zat göz öňünde tutulmandygyny aýtdy.

Şol wagtyň öňünde Respublikanyň Baş prokuraturasynyň adynyň aýdylmagyny islemedik bir gullukçysy azgynlaryň söýgi hyzmatyndan peýdalanýan erkeklere çäre görmek proýektiniň parlamente ýaňadan teklip edilmeginiň mümkindigini mälim etdi. “Biziň teklibimiziň kabul edilmezligi ol planyň düýpgöter ret edilendigini aňlatmaýar. Ol proýektiň täzeden öňe sürülmegi mümkin. Proýektiň çözülmegi deputatlara bagly” diýip, ol Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Onuň sözüne görä, öňki teklip edilen proýekt adam satylmagynyň öňüni almak baradaky Milli maksatnamanyň 27-nji maddasyny amala aşygmak üçin taýýarlanypdyr.

Administratiw kanun bozmalaryna, şol sanda jelepçilige garşy kanunlary güýçlendirmek barada Täjigistan Respublikasynyň Jenaýat kodeksine girizilen düzedişler awgust aýynyň başyndan güýje girip başlady. Düzediş girizilen täze kanuna laýyklykda jelepçilik bilen meşgullanýanlara 1100-den 1600 somoni jerime salnar. Eger bu iş bilen meşgullanan aýal ikinji gezek tutulsa, oňa 1650-den 2750 somoni aralygynda jerime salnar ýa-da 15 gije-gündiz administratiw tussaglyga çekiler. Mundan öň tenini satýanlara jerimäniň mukdary 550-den 1100 somoni aralygyndady.

Ýatlatsak, 2015-nji ýylyň güýzünde Täjigistanyň parlamenti jelepçilik bilen meşgullanýan aýallara hem olara aralykçy bolýanlara görülýän çäräni güýçlendirdi.

Täjigistanda jelepçilik jenaýat işi hasaplanmaýar, oňa garşy diňe jerime salmak hökmünde administratiw çäre görülýär. Eger aýal bir ýylyň dowamynda iki gezek hukuk goraýjylar tarapyndan saklansa, onda 15 gije-gündiz administratiw tussaglyga alnyp bilner.

Ýurduň IIM-niň maglumatyna görä, 2018-nji ýylda kanun goraýjylar “ýeňil häsiýetli” 6 müň çemesi aýaly hasaba alypdyr. Olaryň arasynda 32 sany kämillik ýaşyna ýetmedikler bar, 1,5 müň aýal-gyz bolsa 18-den 30 ýaş aralygynda. Galan aýallar 30 ýaşdan ýokarda.

Şol wagtyň özünde hukuk goraýjy guramalaryň işgärleriniň sözüne görä, kanunyň berkemegi bilen bu gadymy “kär” bilen meşgullanýanlaryň ýagdaýy agyrlaşypdyr.

Geçen ýylyň iýunynda BMG-niň teklibi bilen ýerli hukuk goraýjy guramalar tarapyndan taýýarlanan hasabatda aýdylyşyna görä, tenini satyp gün görýänlere garşy dürli ugurlardan gysyşlar artýar, bu köp halatda kanun goraýjylar tarapyndan amala aşyrylýar.

Geçen ýyl BMG-niň Aýallaryň işi baradaky komiteti aýallara garşy kemsidiji garaýyşlary aradan aýyrmak üçin, Täjigistana jelepçilige garşy maddanyň kanundan doly aýrylmagyny teklip edipdi.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG