Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Arzaçy' sistema garşy çykyş edýär


Täjigistanyň ýaşaýjysy Şamsi Zarif
Täjigistanyň ýaşaýjysy Şamsi Zarif
Şamsi Zarif hat ýazmagy gowy görýär. Ýöne bu hatlaryň özlerine gelip gowuşmagyny gowy görýän adamlar welin köp däl.

75 ýaşly Zarif ömrüniň 30 ýylyny, öz etrabyndaky býurokratlardan başlap, sowet döwründe tä Kremliň göni özüne çenli hat ýazmak bilen geçirip, öýke-kinesini, nägile zatlaryny bildiripdi.

Garaýyşlar

Bu adat öňki ors dili mugallymyna türme tussaglygyny, ruhy taýdan näsag diýen diagnozy getiripdir. Döwlet işgärleriniň ýanynda hem ol bir abraýly ada eýe däl.

Ýöne Wose etrabynyň ýaşaýjysy Barot Safarow ýerli ilatyň Zarifi giňden goldaýandygyny belläp, bu meselede onuň etrabyň oba bazarlaryny ýapmak kararyna gelen býurokratlara öz pikirlerini üýtgetdirendigini mysal getirýär.

Safarow: "Ol adaty adamlary goramak üçin hemişe sesini gataldyp bilen adam. Mysal üçin, ýaňy bazarlary ýapanlarynda adamlary goldan şol boldy. Ol kimiň ejir çekjekdigine derrew düşündi. Zarif hemişe mähir-muhabbet we erkinlik ugrunda göreşip gelen adam" diýdi.

Tajigistanyň abraýly Kulýab döwlet institutynyň filologiýa bölümini tamamlan Zarif gadymy goňşuçylyk däbini taşlamandyr. Onuň şikaýatlarynyň käbiri has ýokary perdeden gopýar.

Merkezi komitete "duýduryş"

1983-nji ýylda Zarif Moskwa kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetine hat ýazyp, olaryň alyp barýan syýasatyny tankytlady. Ol: "Ýagdaý şeýle dowam etse, Sowet soýuzy 10 ýylyň içinde öler" diýip, duýduryş berdi.

Bu bellik "kommunistik jemgyýete ynamy ýokdugy, kommunizmiň ýoluny bökdeýänligi" üçin Zarifiň tutulmagyna getirdi.

Tajigistan ýaly bir sowa ýurtda ýaşaýan biriniň kommunistik liderleri tankytlamagynyň köp adamlara samsyklyk bolup görünmegi mümkin.

Zarifiň başlangyç mekdepden bäri tanşy Said Rahmon öz dostuny "näsag" diýip suratlandyrýar: "Aslynda onuň bir keseli bar. Adamlar dürli-dürli bolýar. Käbirleri aty gowy görýär, käbirleri guş uruşdyrylanda jedele girişmegi gowy görýär, käbirleri hem içgini söýýär".

Rahmon sözüni dowam edip: "Onsoň adalaty gowy görýän adamlar hem bar. Şamsi Zarif hakykaty gözleýär. Ol tutuş ömrüni adalat ugrundaky göreşe beren adam. Adamlaryň hukugy nirede dikeldilmeli bolsa, ol şol ýerde bolar" diýdi.

Täjik prezidentine hat

2002-nji ýylda Zarif ünsüni Täjigistanyň maşgala ýagdaýyny planlaşdyrmak baradaky täze kanunyna gönükdirdi. Bu kanunda ilat sanyny çäklendirmek üçin täjikler az çagalylyga çagyrylýardy. Zarif prezident Emomali Rahmona hat ýazyp, onuň syýasatyny "terror" we "parahatçylykly ýollar bilen amala aşyrylýan genosid" diýip tankytlady.

Häkimiýetler muny gowy görmedi. Zarif iki ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Boşadylanda hem eline "akyly ýerinde däl" diýen kliniki dokument berildi.

Ýöne bu zatlar bilen ol hat ýazmagy bes etmedi. Öz aýdyşyna görä, Zarif diňe öten ýylyň özünde 200-den agdyk arza ýazypdyr. Tarapdarlary ony "arzaçy, beýannama awtorlarynyň" iň ulularynyň soňkularynyň biri diýip atlandyrýarlar.

Ýöne ýerli žurnalist Orzu Hamidowyň aýtmagyna görä, Zarifiň hat ýazmak däbiniň yzyny eýerjekler köp däl: "Arza we tankydy hatlar ýazýan adamlar ozallar hem bolýardy. Ýöne indi bu işi edýänler köplenç köne nesil. Ýaşlaryň arasynda beýle adamlar ýok diýerlik".

Hamidow soňra hem: "Nägilelik bildirmek üçin aýratyn batyrlyk gerek. Biziňki ýaly jemgyýetlerde kemçilikleri diňe gahrymanlar aýdyp bilýär" diýip, sözüniň üstüne goşýar.
XS
SM
MD
LG