Soňky on günüň dowamynda, Täjigistanyň Hatlon welaýatynda, Russiýadan getirilen iki jesedi jaýlamaly boldy. Dogan-garyndaşlarynyň we ýakynlarynyň aýtmagyna görä, "olar Russiýada türme möhletini geçirýärkä, garaşylmadyk ýagdaýda, Ukrainada peýda boldular hem uruşda öldüler".
22 ýaşly Boboaziz Tuýdiýewiň jesedi 12-nji dekabrda, Russiýadan Täjigistana getirildi we öz dogduk mekany Ýawa etrabynda jaýlandy. 28 ýaşly Manuçehr Şodow bolsa Kuşoniýon etrabynda jaýlandy.
Dogan-garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, Boboaziz Tuýdiýew 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda, Orsýetde neşe serişdelerini gizlin saklamakda aýyplanyp, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir.
Manuçehr Şodowyň kakasy Hokimşo Şodow 21-nji dekabrda, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde, oglunyň näme üçin tussag edilendigini jikme-jiklik aýtmady, ýöne: “Ony urşa äkidendiklerini bizden ýaşyrdylar. Häzir men hiç zat aýdyp bilemok, meniň oglumyň öldürilendigine şikaýatym hem ýok” diýdi. Dostlarynyň aýtmagyna görä, Manuçehr Sankt-Peterburgda türme möhletini geçýän eken.
Iki ýyl ozalky maglumatlara görä, şol döwürde, Orsýetiň wagtlaýyn tussaghanalarynda we türmelerinde, 10 müňe golaý Täjigistanyň raýatlary saklanýan eken. Käbir maglumatlara görä, Täjigistanyň iki raýatynyň biri Belgorod harby türgenleşik meýdanynda bolan hüjümde şübhe bildirilýär, goşun gullugyna çagyrylmazyndan öň, tussaglyk möhletini Brýansk oblastynyň bir koloniýasynda geçirýän eken.
"Ony urşa mejbury ýagdaýda iberipdirler”
Täjigistanyň häkimiýetleri Orsýetdäki täjik raýatlarynyň türmelerden urşa iberilýändigi baradaky maglumatlary tassyklamaýar ýa-da inkär hem etmeýär. Mundan ozal Täjigistanyň Ýekaterinburgdaky konsullygy tutuş Ural sebitinde tussag edilen täjikler bilen hemişe aragatnaşyk saklaýandyklaryny aýtsalar-da, olar bu kategoriýadaky şahslaryň goşuna iberilendigi barada, "hiç hili şikaýat" almandyklaryny we bu barada "anyk maglumatyň" ýokdugyny aýdýarlar.
Uruşda ýogalan Boboaziziň kakasy Tohir Tuýdiýewiň aýtmagyna görä, şu ýylyň 23-nji sentýabrynda, ogly oňa telefon arkaly "bizi urşa iberýärler" diýipdir. “Men olar ibermeli däl diýdim, ýöne Boboaziz başga çäresiniň ýokdugyny aýtdy. Ony zor bilen urşa iberendiklerini duýdum” diýip, 20-nji dekabrda gürrüň berdi.
Ýegeniniň jesedini getirmäge giden, Boboaziziň daýysy Kamolhuja Goýibow: "Bu işde rus häkimiýetleri hiç bir kömek etmediler" diýdi. Ol "hiç haçan eline ýarag almadyk" tejribesiz ýaş ýigidiň urşa iberilmegine geň galýar.
“Ol ýeňsesinden atylypdyr, kellesiniň ýarysy diýen ýaly ýitipdir. Urşa gatnaşandyklary üçin, maliýe kömegini bermegi wada eden rus häkimiýetleri bize bir şaýy hem bermedi. Hatda «ýük-200-i» getirmek üçin hem puly biz migrantlaryň kömegi bilen ýygnadyk" diýip gürrüň berýär.
Golaýda Russiýanyň Federal türme gullugynyň statistikasyna salgylanýan "Mediazona" neşiri 2022-nji ýylyň sentýabr we oktýabr aýlarynda, Orsýetde erkekleriň jeza möhletini geçýän koloniýalarynda, tussaglaryň sanynyň 23 müň çemesi azalandygyny habar berdi.
Žurnalistleriň maglumatlaryna görä, soňky ýyllarda tussaglaryň sany hiç haçan şeýle çalt azalmandy – hatda amnistiýa döwründe-de. “Mediazona” häzirki wagtda tussaglaryň azalmagyny “Wagner HHT-niň” tussaglary ýygnamagy sebäpli bolandygyny aýdýar.
2022-nji ýylyň awgust aýynda, Ukrainada barýan urşa gatnaşýan “Wagner” harby topary öz düzümine rus türmelerinden tussaglary çekip başlandygy belli boldy. Alty aý gulluk möhleti geçilenden soň, tussaglara pul tölegleri we günä geçilmek teklip edilýär.
"Şert goýýarlar..."
Ukrainadaky adalatsyz uruşda, Russiýa agyr ýitgiler çekenden we garaşylmadyk ýagdaýda uzaga çekenden soň, ýurda goşmaça güýçleri çekmek gerek boldy. Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynda bolan fotosuratlaryň we wideolaryň şaýatlyk etmegine görä, Orsýet Merkezi Aziýanyň, şol sanda Täjigistanyň ýaşaýjylaryny hem Ukrainadaky urşa çekmek kampaniýasy giňden alyp barýar.
Içeri işler ministrligine degişli bolan Moskwanyň günortasyndaky "Saharowo" migrasiýa merkezi jemgyýetçilik transportlarynda, rus goşunynda gulluk etmäge çagyrýan täjik, özbek hem gyrgyz dillerindäki reklamalary ýaýratdy. Şol bildirişlerde zähmet migrantlaryna Russiýanyň raýatlygyny almaga ýeňillikleriň boljakdygy wada berildi.
Mundan ozal Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Orsýetdäki diplomatik missiýalary öz watandaşlaryna daşary ýurt döwletleriniň territoriýasyndaky uruşlara gatnaşmagyň jenaýat hasaplanýandygyny ýatlatdylar.
Metro stansiýasyndan alnan listowkalary öz abunaçylary bilen paýlaşan Sota ulgamy 19-njy dekabrda Telegramda, Moskwada migrantlaryň Ukraina bilen urşa gatnaşmak üçin, şertnama baglaşmaga çagyrylýandygy barada habar berildi.
Bir zähmet migranty şeýle diýdi: "Eger siziň eliňizde kadaly dokumentler bolsa, onda olar ündew edip başlaýar, eger size rugsat beriji dokumentde nähilidir näsazlyk bolsa, onda haýbat atyp başlaýarlar. Olar şert goýýarlar: ýa sen harby gulluga gidip, soňra raýatlyk hukugyny alýaň ýa-da seni Russiýadan sürgün ederis. Jenaýat eden ýa-da dowam edýän kanunçylygy nähilidir bozan migrantlara bolsa, türme tussaglygyna derek, Ukrainadaky urşa gitmegi teklip edýärler”. Biziň bu gürrüňdeşimiz Orsýetde, şonuň üçinem özüne kynçylyk bolmaz ýaly, adynyň görkezilmegini islemedi.
Russiýa 24-nji fewralda irden, Ukraina hiç bir sebäpsiz hüjüm etdi. BBC we “Mediazona” žurnalistleriniň bilelikde geçiren barlagyna görä, 9-njy dekabra çenli on müň rus esgeri ölüpdir, olardan 430 esger Orsýetde mobilizasiýanyň yglan edilmeginden soň ýogalanlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum