Orsýetiň oppozision lideri, korrupsiýa garşy gaýduwsyz göreş alyp barýan Alekseý Nawalnynyň ýaranlarynyň biri, Orsýetiň haýyşy boýunça, Kiprde tutuldy. Syýasy bosgun diýip ykrar edilendigine garamazdan, Moskwa Nikita Kulaçenkowyň ekstradisiýa edilmegini talap edýär.
Nawalnynyň Orsýetdäki parahorluk baradaky barlaglaryna gatnaşan Kulaçenkow, adwokaty Nikoletta Çaralambidounyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 24-nji ýanwarda Nikosiýanyň halkara aeroportynda tutulypdyr.
Bu göçüm ors häkimiýetleriniň Nawalnyý bilen onuň "Anti-korrupsiýa fondy" atly guramasyna basyş etmäge gönükdirilen täze synanyşygy bolsa gerek. Anti-korrupsiýa fondy goranmak ministri Sergeý Şoýgu, baş prokuror Ýuri Çaýka we Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow ýaly hökümetiň ýokary derejeli resmileri barada öňe sürülýän korrupsiýa işleri boýunça dyngysyz barlag alyp bardy.
Kremliň tankytçylary
Orsýetde gözlenýän Kulaçenkow oppozisiýanyň aktiwisti Georgiý Alburow bilen birlikde Moskwanyň 170 kilometr çemesi demirgazyk-gündogarynda ýerleşýan Wladimir şäherinde sungat eserini ogurlanlykda aýyplanýar.
Ýöne Kremliň tankytçylarynyň bellemegine görä, bu aýdylýanlar 2011-nji we 2012-nji ýyllarda köçelerde geçen protestlerde esasy rol oýnan Nawalna basyş etmek üçin alnyp barylýan giň gerimli kampaniýanyň bir bölegi.
Wladimiriň bir sudy Alburowy öten ýyl günäli tapyp, ony 240 sagat jemgyýetçilik gullugyna höküm etdi. Kulaçenkow bolsa ýurtdan gaçdy. Şu wagta çenli onuň nirededigini bilýän adamlar köp däldi. Ýöne üstümizdäki hepdede onuň goldawçylary Kulaçenkowyň Kiprde tutulandygyny bildirdiler.
Ýewropa kanuny
Kulaçenkowa ýakyn bir çeşme Azatlyk Radiosyna bir hatyň kopiýasyny gowşurdy. Dekabr aýynda Litwanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan berlen bu hatda "syýasy düşünje bilen baglanyşykly sebäpleriň esasynda jenap Nikita Kulaçenkowa" bosgun statusynyň berlendigi tassyklanýar.
Kulaçenkowyň adwokaty Çaralambidou Kiprin Adalat ministrligi Orsýetiň ekstradisiýa haýyşy bilen ylalaşyp-ylalaşmaýandygy babatynda 12-nji fewrala çenli belli bir karara gelmeli, şondon soňra ýerli sudlaryň biri formal proseduralary ýola goýar diýýär.
Çaralambidou Kulaçenkowyň boşadylmagy barada özüne adalat ministrligi tarapyndan kepilnama gowşandygyny aýdýar. Sebäbi ýewropa kanuny boýunça syýasy bosguny gaçyp çykan başky ýurduna gaýdyp bermek gadagan. Kipr bilen Litwa hem Ýewropa Bileleşiginiň agzasy.
"Bu kanun boýunça Kipr häkimiýetleri ony eýýäm boşatmaly. Bu bir anyk zat. Bizi aladalandyrýan zat munuň gijikdirilmegi, munuň sebäbine biz düşünemzok" diýip, Çaralambidou aýdýar.
Anti-korrupsiýa barlagçylary
Kipr hökümeti Moskwa bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy. Kipr bu adadaky gowşak salgyt kanunlaryndan, söwda düzgünlerinden peýdalanan orslar üçin daşarda maýa goýulýan amatly ýere öwrüldi.
2013-nji ýylda ýurduň bank ulgamynyň çökmegi bilen bu ýerde orsýet işewürleri üçin maýa goýma mümkinçiligi aradan aýryldy. Ýöne ondan bärde gatnaşyklar gowulanyp, Kipr ors gämilerine öz portlaryndan peýdalanmaga ýol berdi.
Nawalnynyň anti-korrupsiýa barlagçylary resmileriň öz baýlyklaryny nirede gizleýändikleri hakda subutnama tapmak maksady bilen orslaryň öz baýlyklaryny gizlemek üçin ileri tutýan ýerleri bolan Kiprde, Gresiýada, Ispaniýada, Fransiýada we Londonda hasaba alynýan baýlyklary dowamly elekden geçirýärler.
Nawalnynyň ýakyn ýarany Leonid Wolkow Azatlyk Radiosyna Kulaçenkowyň Kipre sapar etmeginiň korrupsiýa barlaglary bilen baglanyşyklydygyna özüniň ynanmaýandygyny aýtdy.
Ol özüniň Kulaçenkow barada beýanat bererlik "ýagdaýda däldigini", ýöne onuň bilşine görä, Kulaçenkowyň ol ýere "hususy sebäpler" bilen gidendigini aýdýar.