Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ 52 adamy “Global Magnitsky akty” boýunça sanksiýa sanawyna girizdi


Gulnara Karimowa
Gulnara Karimowa

Birleşen Ştatlar dünýäde adam hukuklaryny kemsidýänlere we beýleki korrumpirlenen resmilere garşy çykaran kanunynyň esasynda Özbegistan, Orsýet, Ukraina we beýleki käbir ýurtlaryň hökümetleri bilen bagly 52 adama garşy syýahat we maliýe çäklendirmelerini girizdi.

21-nji dekabrda çap edilen sanawda Özbegistanyň öňki prezidenti Islam Karimowyň uly gyzy, Orsýetiň baş prokurory Ýuriý Çaikanyň ogly, ukrainaly polisiýa komandiri, Mýanmaryň general armiýasy we beýlekiler bar.

Döwlet departamentinden ýaýradylan beýanatda:

“ Biz mysal bolmaly. Bu günki girizilen sanksiýalar Birleşen Ştatlary adam hukuklaryny agyr bozýanlara we korrupsiýa batan adamlaryň etmişleri üçin, olary berk jogapkärçilige çekmegi dowam eder” diýildi.

Agzalýan sanksiýalar hususan-da orsýetlilere gönükdirilip, 2016-njy ýylda kabul edilen Global Magnitsky aktynyň esasynda girizilen ilkinji çäklendirmelerdir. Bu akt rus hökümetiniň syrlaryny paş eden Sergeý Magnitskiniň adyny göterdýär. Ol salgyt işlerini galplaşdyrmakda aýyplanyp saklanansoň, 2009-njy ýylda türmede aradan çykdy.

Bu karar ABŞ-nyň Hazyna departamentiniň ondan öňki Magnitsky Akty ady bilen kabul edilen kanunyň esasynda bäş orsýetlä, şol sanda Russiýanyň Çeçenistan regionynyň liderine sanksiýa girizmeginiň ertesi gününe gabat geldi.

Moskwa ABŞ-yň bu hereketini “manysyz” atlandyrdy

Orsýet yglan edilen iki sanksiýany-da ýazgardy. Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa bu karara jogap gaýtaryljakdygyna wada berdi:

“Bu zatlaryň hemmesi örän manysyz we hiç hili hakykata esaslanmaýar”diýip, Zaharowa belledi.

Özbegistanyň ozalky prezidentiniň gyzy Gülnara Kerimowanyň ady hem sanawa goşulypdyr. Hazyna departamenti ony “bizneslerini ösdürmek maksady bilen bazary monopoliýalaşdyrmak, para bermek we gorkuzyp emläkleri talamak üçin döwlet aktýorlaryndan peýdalanmak bilen meşgullanan güýçli guramaçylykly jenaýat toparyny” dolandyrmakda aýyplaýar.

Köp ýyllyklaryň dowamynda Kerimowa kakasynyň mirasdüşeri gözi bilen seredilerdi. Ýöne haçan-da ýewropaly prokurorlar iri halkara aragatnaşyk kompaniýalaryny öz içine alýan üsti açylmadyk gerimi giň parahorlugyň üstüni açanda, ýagdaýlar üýtgedi.

Ol soňky birnäçe ýylyň dowamynda jemgyýetçilikde görünmedi, aýdylmagyna görä, ol öý tussaglygynda saklanýardy. Geçen ýyl ol kakasyny soňky ýola ugratmak çäresine-de gatnaşmady.

Habar berilmegine görä, Özbegistanyň Baş prokuraturasy oňa garşy “1.3 milliard dollarlyk mülke eýe bolan bir jenaýat toparyň işlerine ýardam we hemaýat bermekde” iş gozgap aýyplama bildirýär.

Agzalýan parahor ulgam zerarly Birleşen Ştatly we ýewropaly aragatnaşyk kompaniýalary milliardlarça dollar jerime töledi.

Nyşana alnan iň tanymal orsýetlileriň hatarynda Orsýetiň baş prokurorynyň ogly Artýom Çaika bar. Ol uzak wagtdan bäri kakasynyň wezipe ygtyýarlyklarynyň penasyndan hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýardy.

Hazyna departamenti: “Çaika kakasynyň wezipesinden we mümkinçiliklerinden peýdalanyp, öz adamlaryna döwlet emläkler ugrundaky tenderleri adalatsyz eçilmekde we biznes garşydaşlaryna basyş etmekde aýyplanýar”.

Haçan-da, birinji Magnitsky Akty ilkinji gezek 2012-nji ýylda kabul edilende, Moskwa muňa gazaplanypdy. Şondan birnäçe aý soň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin amerikaly hossarlaryň orsýetli çaga edinmek mümkinçiliklerine gadagançylyk girizýän kanuna gol çekipdi.

Gizlin lobbiçilik

2016-njy ýylda Magnitsky Aktynyň global wersiýasynyň üstünde işlenýärkä, Magnitskiniň ölümine we onuň üstüniň açylyşyna kembaha garalmagyny gazanmak ugrunda Waşingtonda gizlin lobbiçilik kampaniýalaryna badalga berilýär.

Ynha, şol oňaýsyz tagallalary Çaýka bilen galtaşykly biznesmen Denis Katsyw maliýeleşdirýärdi. Muňa Trampyň prezidentlik kampaniýalary güýjäp ugran wagtlary, has takygy 2016-njy ýylyň iýun aýynda prezident Donalt Trampyň ogly bilen duşuşyk geçiren Nataliýa Weselnitskaýanyň hem dahyly bar ekeni.

Weselnitskaýa şol bir wagtyň özünde Katsywe garşy Birleşen Ştatlarda gozgalan derňew işinde oňa aklawçylyk edýär. Katsywyň kompaniýalarynyň birine Manhattande gozgalmaýan emläk satyn almak üçin galp salgyt serişdelerini ýuwmakda aýyplama bildirilýär. Bu galpygyň üstüni hem Magnitskiý açypdy.

Şeýle-de, Global Magnitski sanawynda Ukrainanyň “Berkut” atly polisiýa bölüminiň komandiri Sergeý Kusýuk bar. Ukrainanyň Baş prokuraturasy Kusýugy 2014-nji ýylda Kiýewň Maýdan skwerinde aktiwistleri öldürmäge gatnaşmakda aýyplany üçin, onuň ady global sanawa goşulypdyr. Agzalýan protest çäreleriniň netijesinde prezidenti Ýanukowiç Orsýete gaçyp çykypdy.

Kusýuk hem Ukrainadan gaçyp çykdy we häzirki wagtda Moskwada gizlenýär. Hazyna departamenti onuň 2017-nji ýylyň iýun aýynda Orsýetiň “omon” gullugynyň hatarynda protestçileri dargadyp duran wagty anyklanandygyny aýdýar.

Hazyna departamenti sanawa Pakistandan Muhtar Hamid Şahy hem girizdi. Pakistan polisiýasy ony adam ogurlamakda, adamlaryň esassyz azatlygyny elinden almakda we bikanun organ söwdasyny etmekde aýyplaýar. Şeýle-de, birmaly harby Maung Maung Soe ýurtdaky rohingýa musulman azlyklaryna garşy ýowuz daramakda günäkärlenip sanawa girizildi.

XS
SM
MD
LG