15-nji maýda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew resmi iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bardy. Waşingtondaky “Endrýus” aeroportynda Mirziýoýewi we onuň aýalyny Birleşen Ştatlaryň hökümet agzalary garşy aldy.
Ak tamyň ýokary derejeli resmilerinden Liza Kurtis (Lisa Curtis) ilkinji sapar öz ýurduna resmi sapary amala aşyrýan özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyny ösdürmek we ykdysady reformalary durmuşa geçirmäge dowam etmek boýunça çagyryş etjekdiklerini mälim etdi.
Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň düzüminde Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlaryndaky ýagdaýlara seredýän Liza Kurtis 14-nji maýda eden çykyşynda uzak möhletli awtokrat lider Yslam Kerimowyň ornuna prezidentlik wezipesine Şawkat Mirziýoýewiň saýlanmagy bilen Özbegistanyň “öňe gidişlikleri gazanýandygyny” aýtdy.
Ýöne Özbegistanda uzak wagtdan bäri dowam edýän adam hukuklarynyň kemsidilmegi, mejbury zähmet, din we metbugat azatlygy ýaly meseleler boýunça Birleşen Ştatly resmileriň Mirziýoýewe basyş etjekdigini ýaňzytdy.
Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Atlantik geňeşde eden çykyşynda Kurtis “Amala aşyrylýan sapar Mirziýoýewiň kabul eden reformalary babatda ony höweslendirip, özgerişleri ykrar etmek üçin mümkinçilikdir” diýdi.
16-njy maýda Mirziýoýew Ak tamda prezident Donald Tramp bilen ilkinji gezek duşuşar. 12-nji maýda Özbegistan dört ýyldan gowrak wagt bäri türme tussaglygynda saklanýan adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Fahriddin Tillaýewi azatlyga goýberdi. Bu çärä Mirziýoýewiň Waşingtona etjek resmi saparynyň öňýany Birleşen Ştatlaryň administrasiýasyna eden asylly hereketi hökmünde baha berildi. Hukuk goraýjy toparlar Tillaýewiň syýasy matlaply türme tussaglygyna höküm edilendigine ynanýar.
13 ýyllap premýer-ministr wezipesini eýelän Mirziýoýew 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Kermiowyň aradan çykmagy bilen, ýurduň prezidenti wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmäge bellendi. Ol 2016-njy ýylyň dekabr aýynda ýurduň prezidenti wezipesine saýlandy.
Mirziýoýew hökümet başyna geçip Merkezi Aziýanyň iň gür ilatly ýurduny üzňelikden saplamaga we özünden öňki hökmürowanyň repressiw syýasatyndan el üzmäge synanyşyp gelýär. Ol daşary ýurt maýadarlaryny ýurda çekmek üçin we Özbegistanyň gowuşgynsyz ykdysadyýetini aýaga galdyrmak üçin dürli reformalary amala aşyrýar.
Mirziýoýewiň Waşingtona etjek saparyna resmilerden we biznes liderlerinden düzülen köp adamly özbek wekiliýeti gatnaşýar. Kurtisiň bellemegine görä, Özbegistanyň wekilçilikli topary saparyň dowamynda ABŞ-ly kompaniýalar bilen bahasy 4 milliard dollara barabar şertnama gol goýmagy göz öňünde tutýar.
Soňky aýlarda özbek hökümeti Waşingtonda we Günbatar paýtagtlarynda marketing işlerini alyp baryp, hökümetleri we daşary ýurtly kompaniýalary öz ýurduna çekmäge synanyşýar.
Gürrüňi edilýän saparyň öňýany Amnesty International beýanat ýaýradyp Mirziýoýewiň adam hukuklary boýunça reformalaryny çuňlaşdyrmagy üçin Tramp oňa basyş etmeli diýdi. Ýöne Mirziýoýew käbir syýasy tussaglary azat etse-de, onuň administrasiýasy kanun goraýjy gulluklaryň wekillerini we beýleki hökümet resmilerini tussag edýär. Bu ýagdaý, käbir Merkezi Aziýa boýunça ekspertleriň Mirziýoýewiň reformalaryna ägälik bilen çemeleşmegine we onuň amala aşyrýan özgerişlerine “öz elini güýjetmek üçin” edilýän çäre hökmünde baha bermeklerine getirdi.
Bu aralykda, Human Rights Watch 28-nji martda çap eden hasabatynda Özbegistanda žurnalistleriň we hökümetiň tankytçylarynyň kanuny çäklendirmeler, syýasy matlaply aýyplamalar we awto-senzura sebäpli basyş astynda galýandygyny habar berdi.
Kurtisiň sözlerine görä, Mirziýoýewiň saparynyň dowamynda Ak tam adam hukuklary we ykdysady reformalary gozgamak bilen bir hatarda Hytaýyň we Orsýetiň Merkezi Aziýadaky hereketlerini hem ara alyp maslahatlaşar.
Şeýle-de ol Ak tamyň Mirziýoýewden Owganystanda parahatçylygyň gazanylmagy üçin Özbegistanyň has köp tagalla etmegini sorajakdygyny aýtdy we Özbegistan we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary “bu ýüki çekişmeli” diýdi.