Prezident Donald Trampyň ozalky milli howpsuzlyk geňeşçisi, prezident diwanynda bary-ýogy 24 gün işläninden soň işden çekilen Maýkl Flin Federal derňew býurosyna galp düşündiriş berip, federal jenaýat etdendigini boýun aldy.
1-nji dekabrda yglan edilen aýyplama ABŞ-nyň ýörite hukuk geňeşçisi Robert Mýulleriň Trampyň 2016-njy ýyldaky prezident kampaniýasy bilen Orsýetiň arasyndaky baglanyşyklary derňemäge gönükdirilen jenaýat barlaglarynda düýpli ilerleme bolup durýar.
ABŞ-nyň Waşingtondaky federal sudunyň 30-njy noýabrdaky kararynda aýdylmagyna görä, Flin Federal derňew býurosyna şol wagt Orsýetiň ABŞ-daky ilçisi bolup işlän Sergeý Kizlýak bilen ABŞ-nyň Orsýete garşy girizen sanksiýalary barada maslahat etmedim diýip, “bile-göre” ýalan sözledi.
Dokumentde bu maslahatyň 2016-njy ýylyň 8-nji noýabryndaky prezident saýlawlary bilen 2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Trampyň inagurasiýasynyň aralygyndaky geçiş döwünde bolandygy aýdylýar.
ABŞ-nyň dynç alşa çykan general-leýtenanty, prezident Barak Obamanyň adminstrasiýasynda ýokary aňtaw resmisi bolup gulluk eden Flin Waşingtondaky federal suda gelende, žurnalistleriň beren soraglaryna jogap bermedi.
Onuň aklawçylary Fliniň aýdan sözlerine salgylanyp, beýanat çap etdiler: "Men şu gün sudda boýun alan hereketlerimiň ýalňyş iş bolandygyny ykrar edýärin we Hudaýa ynanjym arkaly, işleri düzeltmek üstünde işleýärin. Günäkärdigimi boýun almagym we Ýörite geňeş edarasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge razy bolmagym meniň öz maşgalamyň hem-de ýurdumyň iň gowy bähbitlerine hyzmat etmek barada gelen kararymy şöhlelendirýär” diýip, beýanatda aýdylýar.
Flin Federal derňew býurosynyň öňünde ýalan sözländigi üçin bäş ýyl türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz dur, emma onuň türme möhleti derňewçiler bilen näderejede hyzmatdaşlyk edýändigine hem bagly bolar.
Trampyň aklawçysy Taý Kob (Ty Cobb) hem beýanat ýaýratdy we onda Fliniň günäkärlik beýanaty Fliniň özünden başga hiç kime dahylly däl diýilýär.
Flin sud öňüne çykarylandan soňky geçen sagatlarda ne Tramp, ne-de Ak tam hiç bir beýanat etmedi.
Obama adminstrasiýasynda baş etika hukukçysybolan Norm Eisen bildirilen aýyplamanyň degişlilikde ýeňildigini, munuň Fliniň derňewçiler bilen düýpli hyzmatdaşlyk wadasyny teklip edendigini görkezýän bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.
Flin kampaniaýada we Ak tamda şeýle uly wezipeleri eýelänsoň, belki-de, başgalara garşy iş açmakda ulanyp boljak maglumatlary hödürländir diýip, Norm Eisen sözüniň üstüni ýetirdi.
Eisen bularyň Trampyň giýewsi Jared Kuşneri, Tramyň ogly Donald kiçini, ýa-de şeýle derejeli başga birlerini, hatda Trampyň özüni hem içine alyp biljekdigini aýtdy.
Flin Trampyň milli howpsuzlyk geňeşçisi wezipesinden fewralda, wise-prezident Maýk Pense özüniň Kizlýak bilen aragatnaşygy barada azaşdyryjy maglumat berendigi belli bolandan soň işden çekildi.
Mýuller Adalat departamentiniň Trampyň saýlaw kampaniýasy we beýleki Tramp kömekçileriniň rus hökümet agentleri bilen gatnaşyklary baradaky derňewine ýolbaşçylyk edýär.
Mýuller bu wezipä Tramp birden 9-njy maýda FDB-nyň direktory Jeýms Komini işden aýranyndan soň bellenildi.